Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kömege gelen kombaýnlar döwük eken


Ahal welaýatynyň pagta meýdanlaryndaky hasyly ýygnamak üçin Daşoguz hem-de Balkan welaýatlaryndan kömek üçin getirilen kombaýnlar hatardan çykanlygy sebäpli, meýdana girip bilmediler.

Ýene birki günden Ahal welaýatynyň häkimi Türkmenistanyň prezidentine öz welaýatynyň döwletiň öňündäki pagta planyny dolandygy baradaky raporty bermeli. Bu ýurt baştutany tarapyndan häkimiň öňünde goýlan buýruk.

Häzirki güne çenli Mary welaýaty pagta planyny dolandygyny ýurduň prezidentine raport berdi. Ýakyn wagtlarda Ahalyň yzysüre Lebap welaýatynyň hem pagta planyny dolandygy baradaky raporty bermegine garaşylýar.

Ahal welaýatynyň etraplarynda şu ýyl pagta hasylynyň ýetişigi birmeňzeş bolmady. Welaýatyň günbatar sebitindäki Gökdepe, Ruhabat, Bäherden etraplarynda pagta gaty ýaramaz boldy. Bu etraplar pagtanyň hasyllylygynyň juda pesligi sebäpli, planlaryny dolup bilmediler. Olaryň indi doljaklary hem gümana. Oňa derek welaýatyň gündogar sebitindäki Akbugdaý, Kaka, Babadaýhan, Tejen, Altynasyr, Sarahs etraplarynda pagtanyň ýetişigi oňat boldy.

Häzirki wagtda bu sebitdäki etraplaryň Kakadan başgasy planlaryny doldular. Sarahs, Babadaýhan, Tejen etraplarynyň pagta meýdanlaryna aýlananyňda welin, heniz ýygylman ýatan, patrak ýaly açylyşyp ýatan pagta atyzlaryna duş gelmek bolýar.

Meýdanlarda hasyl kän hem bolsa...


Sarahs, Babadaýhan, Tejen etraplarynyň pagta meýdanlarynda hasyl entek gaty kän. Şonuň üçin welaýat häkimi kömek hökmünde Balkan hem-de Daşoguz welaýatlaryndan kombaýn getirtdi. Ýöne kömege gelen ýedi sany kombaýnyň bäşisiniň tehniki taýdan hatardan çykandygy mälim boldy.
Dokuz etrabyň içinde dört etrabyň pagta planyny dolmazlygy, beýleki etraplarda bolsa ýetişen hasylyň ýygnalman ýatmagy ýene üç günden Ahal welaýatynyň döwlet planyny dolmak hakdaky berjek raportynda çiglik döredýär.

ABŞ-nyň «Jon Dir», «Keýs» kombaýnlary tehniki taýdan gaty çylşyrymlylygy sebäpli, olar juda çalt döwülýärler. Kombaýnlaryň köplenç halatda emelsizlere ynanylmagy hem olaryň tiz hatardan çykmagyna sebäp bolýar. Häzir welaýatlardaky pagta ýygyjy kombaýnlaryň abatlaryndan hatardan çykanlary gaty kän. Emma welaýat häkimleri kombaýnlaryň näsazlygy barada maglumaty hökümet ýolbaşçylaryndan gizlin saklamaga çalyşýarlar.

Artdyryp ýazmaklyga gaýtadan başlandymy?

Pagta planyny Marydan soň ýene iki welaýatyň doljakdygy hakda şek-şübhe ýok. Goý, ol iş ýüzünde bolman, kagyz ýüzünde bolsa hem. Emma Daşoguz bilen Balkan welaýatynyň döwlet borçnamasyny nähili amal etjekdigi heniz mälim däl. Ýöne ýurduň ideologiýasynyň soňky günler pagta ýygymyny mahabatlandyryşyna seredeniňde, Türkmenistan boýunça hem pagta planynyň dolaýmagynyň mümkindigine ynanýarsyň.

Ýurduň ilkinji prezidenti S.Nyýazowyň döwründe ýalan ideologiýa Türkmenistanda her ýyl 3,5 million galla alynýandygyny aýdýardy. Ýöne häkimiýet başyna gelen Berdimuhamedow beýle ýalan ideologiýanyň gerek däldigini, gallanyň ýygnalyşynyň hakyky maglumatyny bermekligi talap etdi. Şonda 2007-nji ýylda ýygnalan galla hasyly 1 million tonna boldy diýlip köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde aýdyldy.

Pagta planyny dolmak meselesinde bolsa hatda Nyýazow döwründe hem seresabrak çemeleşilýärdi. 2001-nji ýyldan şu çaka deňiç ýekeje gezek hem ýurduň welaýatynyň biri-de pagta planyny dolandygy baradaky raportyny bermändi. Emma bu ýyl bolsa Mary welaýaty ýurtda ilkinji bolup planyny doldy. Bir hepdäniň dowamynda bolsa ýene iki welaýatyň—Ahal hem-de Lebap welaýatynyň raportyna garaşylýar.

Bu zatlar öňde iki soragy keserdip goýýar. On ýyldan soň, pagta ýetişdirmekde türkmen oba hojalykçylary täzeden üstünlik gazanyp başlandyrlarmyka ýa-da Nyýazow döwründäki ýalan ideologiýany, artdyryp ýazmaklygy ýene täzeden başlajak bolýarmykalar?

Güýçgeldi Orazgulyýew, oba hojalykçy alym. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG