Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Içi okuwçyly awtobus gark boldy


Gurban baýramynyň ilkinji güni bolan 28-nji noýabrda içinde mekdep okuwçylary bolan awtobus Garagum kanalyna gaçyp, gark bolupdyr.

Resmi häkimiýet tarapyndan tassyklanmadyk maglumatlara görä, Kaka etrabynyň çäginde Garagum kanalynyň üstünden geçýän köprüden aşak gaýdan awtobus şu ýylyň 28-nji noýabrynda suwa gaçyp, gark boldy.

Bu pajygaly waka ýyldyrym çaltlygynda ýurduň çar künjegine ýaýrady. Resmi häkimiýet tarapyndan tassyklanmadyk maglumatlara görä, Ahal welaýatynyň Altynasyr etrabynyň çäginden çykan «Gazel» kysymly awtobus Bäherden etrabynda 28-nji noýabrda Türkmenistanyň prezidentiniň gatnaşmagynda açyljak «Arçman» şypahanasyna tarap ugrapdyr.

Awtobusyň içinde mekdep okuwçylary hem-de olaryň mugallymy bar eken. Olar öz haklaryna ýörite awtobus tutup, ýerli häkimligiň görkezmesi bilen dabara gatnaşmaly ekenler.

Gije sagat bir töweregi Altyn asyr etrabyndan ýola düşen awtobus Kaka etrabynyň çäginde güýçli ýagyn sebäpli, köprüden gaçyp, heläkçilige uçrapdyr.

Awtobusyň içinde sürüjiden hem-de mugallymdan başga ona golaý mekdep okuwçylarynyň bardygy aýdylýar. Olaryň ählisi Bäherdende ýerleşýän «Arçman» şypahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga gidipdirler.

Bu pajygaly waka hakynda resmi häkimiýet dymýar.

Teswirleri gör (7)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG