Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hakyky gökdepeliler nirede ýaşaýar?


1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda türkmen halkynyň taryhynda iň pajygaly sahypalaryň birine öwrülen Gökdepe söweşi hakda, meger, şol wagtlar dünýä ýaýrandyr.

Teke türkmenleriniň galasy bolan Gökdepe galasynyň patyşa Russiýasynyň goşunlary tarapyndan rehimsizlik bilen basylyp alnyşy hakda sowet häkimiýetiniň ýaşan 70 ýylynyň içinde hiç zat ýazdyrylmady. Şonuň üçin XX asyrda ýaşan nesilleriň köpüsi Gökdepe galasynyň zabt edilişi hakdaky hakykat barada hiç habar bilmän gezdiler.

Taryhdan bir parça

Gökdepe galasynyň alnyşyny teke türkmenleriniň başyna salnan iň bir aýylganç betbagtçylyk diýip aýtsa bolar. Şol galanyň alnyşy hakda dürli kärdäki, dürli adamlaryň taryhda galdyran dürli ýazgylaryndan käbir setirleri ýatlap geçeliň.

«Galanyň zabt edilip alynmagynda esasy goşunbaşy bolan, general Skobelew gaçyp barýanlaryň yzyndan ýetilip öldürilenleriň sanynyň 16 müňdügini aýdypdyr. Guma tarap gaçyp barýarkalar gyrlan erkek adamlaryň, aýallaryň, çagalaryň, mallaryň ýolda serlip galan jesetleriniň bäri-aňyrsy ýokdy. Gökdepe galasynyň içinden hem 7 müňe golaý jeset tapyldy. Tas şonçarak jeset bolsa galanyň eteginde ýere çala duwlanypdyr ýa-da ýaplaryň içinde porsap galypdyr.

Galadan gaçyp barýanlaryň yzyndan kowgy pyýada goşun tarapyndan 10 wýorst, atly goşun bilen bolsa ýene 6 wýorst dowam etdirildi. Diňe garaňky düşenligi we gaçyp barýanlaryň doly dargadylanlygy sebäpli, rus goşunynyň general Skobelew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän jellatlary yzyna dolanmaga mejbur bolýarlar. Kowgy wagtynda dragunlar we kazaklar tarapyndan 8 müňe golaý aýal-erkek adam öldürildi. Tekeleriň özleriniň aýtmagyna görä, galanyň gabawynyň wagtynda çekilen ýitgileriň sany 20 müň bolupdyr. Galanyň içinde 15-e çenli maslyk üýşüp ýatan öýlerem bolupdyr.» (N.Hojageldiýewiň «Skobelew milli gahrymanmy ýa-da...?!» atly kitabyndan sitata).

Türkmeniň baş penasy - türkmeniň bek galasy

Aňyrsyna-bärisine göz ýetmän ýatan Garagum çöli dürli taryhy döwürlerde, dürli taryhy wakalar ýüze çykanda türkmenleriň gaçybatalgasy bolup gelipdir. Türkmenler duşmandan asgyn gelen halaty özlerini çöle atypdyrlar. Guýy gazynaýmasaň, hiç bir suwy-söli bolmadyk bu ümmülmez çölüň jümmüşine aralaşmaga gelmişek-bigäneler het edip bilmändirler.

Gökdepe galasy patyşa Russiýasynyň goşunlary tarapyndan syndyrylan çagda hem, ýokarda getiren faktlarymyzdan görnüşi ýaly, galadan çykyp gaçan türkmenler özlerini Garagum çölüne atypdyrlar. Olaryň häzirki ýaşaýan ýerlerinden çen tutsaň, olar çölüň 100-200 kilometrlik içine gidipdirler. (Eger Skobelew öz goşunlaryny gala getirmänkä tekeler Garagumuň jümmüşinde bukulyp, soňra partizançylyk ýoly bilen söweşen bolsalar, belki olar ýeňilmezek Skobelewiň goşunlarynyň külüni-de çykarardylar. Gynansak-da, şol wagt tekeleriň aňyna beýle pikir gelmändir. Belki, olar rus goşunlaryny ilkinji sapar ýeňişlerini ýatlandyrlar, ýa-da özleriniň garadangaýtmazlyklaryna, batyrlyklaryna bil baglandyrlar.)

Häzir olara «Gumlular» diýilýär. Ýerbent, Derweze diýen ýaly gum obalarynda ýaşap ýören gumlular özleriniň bütin ömrüni çarwaçylyk bilen geçirdiler. Olaryň esasy mallary dowar hem düýe maly. Haçan barsaň, gumlynyňkydan turşuja düýe çalyny içip bolýar. Zähmetsöýer adamlar. Gelin-gyzlary keşde çekmäge-de, haly dokamaga-da, keçe basmaga-da ökde.

Gumly gyzlar iň halanýan gyzlar bolýar. Sebäbi olar ähli kyn şertlerde ýaşap bilýän, zähmetsöýer zenanlar bolýar. Gumlular çem gelene gyzlaryny bermeýärler. Köplenç olaryň öz-özleri biri-biri bilen gyz alşyp-berişýärler. Sowet döwründe oba-şäher gyzlarynyň bahasy on-on iki müň rublka gumly gyzlaryň bahasy kyrk bäş müň rubldy. Eger gumlular göwni ýetäýen wagtynda, gumuň işine çydap bolar diýen niýet bilen şäherden ýa-da şähere ýakyn obalardan ogluny öýerjek bolsalar, kyrk bäş müň rubly şolara-da galyň hökmünde töleýärdiler. Gumlularyň bir sapar öýlenen ýigitlerine gaýdyp gumly gyz berilmeýär.

Gumlular mydama pul tapyp bilýän adamlar bolupdylar. Sebäbi sowet döwründe, hökümet «Ikiden-üçden artyk mal saklamaly däl» diýip, gadagançylyk girizen wagtlarynda hem gumlular isledigiçe, müňläp-müňläp mal saklap bilýärdiler. Tomsuna 50-60 gradus jöwzasy bolan yssy çölüň içine 100-200 kilometr ýol geçip, kim gumlynyň malyny sanamaga gitjekmiş?!

Ýagşy bar ýerinde ýamanam bar. Ýurduň bar ýerinde ýüze çykýan sosial kynçylyklar gum obalyrynda-da bolman duranok. Sowet döwründe, neşekeşlige garşy göreş yglan edilip, polisiýanyň neşekeşlige garşy iş alyp barýan bölümleri tarapyndan gum obalaryna wertolýotly reýd-barlag geçirilen halatda gumlularyň Garagumuň jümmüşinde guýy suwy bilen ýetişdiren neşe ekinleriniň köpüsiniň üstüni açyp, neşe ekinlerini orup hem otlap gaýdyşlary barada telewideniýede gepleşikler berlip, gazetlerde makalalar çap edilerdi.

Häzirki ýaşaýyşlary

Gökdepe galasynyň alnan ganly wakasyny on ýaşynda gören çaga-da bu waka hakda hiç wagt dil ýardyrmadyk sowet hökümetiniň häkimlik eden ellinji-altmyşynjy ýyllarynda eýýäm 50-60 ýaşly gojalar bolýar. Ganly wakany gören nesil bir çak dünýeden ötüp gitdi. Şeýle bolansoň, gumlularyň tas hemmesi diýen ýaly, aýratyn-da ýaş nesli özleriniň Gahryman Gökdepe galasynda basybalyjy rus goşunlaryny paýhynlan batyrlaryň hakyky nesilleridigini bilmeýärler. Olar özlerini köp adamlaryň «gumly» diýip kemsidýändiklerinden nalaýarlar.

«Gumly» diýmek, türkmeniň özara ulanýan dilinde «sowatsyz» diýen manyny berýär. Gumda, elbetde, mekdep bar. Gumdan tanymal adamlaram çykman duranok. Ýöne olar şäherliler ýaly ürç edip okap ýören adamlar däl. Malyň yzynda gezip ýören adamlar. Gepleşip otursaň, olar akylly hem örän sypaýy. Elbetde, gum obalarynda tebigy gaz, elektrik togy ýok. Telewizorsyz, radiosyz sen kime deňleşersiň?! Suw ýok, banýa ýok. «Bir kündük suw bilen mal ýatakda ýa-da depäň aňyrsynda suwa düşünýäs» diýip, bir gumly ýylgyryp gürrüň berýär. Bu gep çynmy ýa degişme, biz ony biljek däl, ýöne gumlylaryň ýaşaýşy häzirem gadymky ýaşaýşa gaty çalymdaş.

Aşgabat – Daşoguz maşyn ýolunyň açylmagy gumlularyň ýaşaýşyny kynaltdy. Ogry köpeldi. Köp nätanyş maşynlaryň öz obalarynyň deňinde düşläp, mal baryny ogurlap gidýändiklerinden gumlular nalaýarlar. Öz deňlerine adam öldürilip taşlanyp gidilýän ýagdaýlaryň-da ýüze çykýanlygyndan olar zeýrenýärler. Olaryň köpüsi indi Aşgabada tarap süýşmek isleýär. Aşgabadyň etegindäki çöllükde dörän Çoganly posýologyndan ýer alyp bilenler begenýärler. Gökdepe bolsa bu çaka çenli töwerekden süýşen adamlardan doldy.

Batyr gökdepelileriň nesillerine häzir Gökdepede ýer ýok. Gökdepede ýaşap ýörenleriň hersi ol ýere hojaýyn. Propiskasynyň ýoklugy sebäpli, gumlular öz atalarynyň, eneleriniň, uýalarynyň gyrmyzy ganlaryny döküp goran mekanyndan ýer alyp bilmeýärler. Sebäbi köp kişi gumlularyň bir wagt Gökdepeden giden adamlaryň nesilleridigini bilmese näme! Bilýänlerem, belki, bilmediksirän bolýandyr. Bir süri adamy etrabyňa getirip siňdirmek aňsat däl.
Olaryň köpüsi Aşgabadyň etegindäki Köşi, Ýalkym ýaly obalardan örän köp pul berip, mellek alyp, göçüp gelýärler.

Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG