Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan MI-17 kysymly wertolýotlary satyn aldy


TTäze satyn alnan MI-17-1V kysymly dikuçar.
TTäze satyn alnan MI-17-1V kysymly dikuçar.

Türkmenistan ýolagçylary gatnatmak we oba hojalygynda ulanmak maksady bilen iki sany MI-17-1V kysymly wertolýotlary satyn aldy.

Berdimuhamedow wertolýoty ýakyndan synlaýar.
3-nji maýda, säher bilen, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow satyn alnan bu wertolýoty synlamak üçin Köpetdagyň eteginde ýerleşýän dikuçar meýdançasyna bardy.

Ol ýerde Türkmenistanyň prezidentini «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň başlygy B.Kakalyýew garşylady we ýurduň baştutanyna satyn alnan bu iki wertolýotyň ulanyşa doly taýýardygyny habar berdi.

Wertolýot bilen ýakyndan tanşan Berdimuhamedow şeýle tehnikalar bilen «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň awiaparkynyň üstüniň mundan beýläk-de doldurylyp duruljakdygyny aýtdy.

Bu iki wertolýot Türkmenistanyň prezidentiniň gol çeken kararyna laýyklykda, Russiýa Federasiýasynyň «Казанский вертолетный завод» awiagurluşyk kärhanasyndan satyn alyndy.

MI-17-1V kysymly wertolýotlarynyň Türkmenistanyň geografiki şertlerine uýgundygy barada aýdylýar. Olar daglyk hem çöllük ýerlerde aňsatlyk bilen gonmaga ukyply hasaplanylýar.

Dünýäniň 80-den gowrak döwletlerinde ekspluatasiýa edilýän wertolýotuň bu kysymy birbada 14 ýolagçyny gatnatmaga niýetlenilendir. 6 müň metr belentlikde uçup bilýän bu wertolýotuň uçuş menzili 600 kilometrdir, tizligi bolsa sagatda 230 kilometrdir.

Türkmenistanyň prezidentiniň tabşyrygy boýunça bu wertolýotlar ýük daşamakda, oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyny synlamakda, geologiýa gözleg işlerinde, şeýle hem gyssagly medisina hyzmatlaryny amala aşyrmakda peýdalynylar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG