Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda matam güni bellenilýär


1948-nji ýyldaky ýer yranmanyň pidalarynyň hormatyna gurlan ýadygärlik. Aşgabat, 2010.
1948-nji ýyldaky ýer yranmanyň pidalarynyň hormatyna gurlan ýadygärlik. Aşgabat, 2010.

Şu gün Türkmenistanda 62 ýyl mundan ozal Aşgabatda bolan ýer yranmanyň ýyl dönümine gabatlanylyp, matam güni bellenilip geçilýär.


Şu gün, 6-njy oktýabr Türkmenistanda matam güni. 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Aşgabat ýer titrmesiniň pidalarynyň hatyrasy tutuş ýurt boýunça tutulyp, merhumlaryň hatyrasyna sadakalar berilýär.

62 ýyl mundan öň bolan bu tebigy betbagtçylygyň pidalarynyň hatyrasy tutulýan bu gün ýurtda iş güni däl diýlip yglan edilen. Türkmenistanyň resmi habar çeşmeleri bu waka bilen baglanyşykly esasy çäräniň Gypjak obasynda geçiriljekdigini habar berýärler.

1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda gije 1 sagat 12 minutda bolan aýylganç ýer sarsgynynyň güýji 10 balla barabar bolup, ol Aşgabat şäherini we onuň eteklerindäki obalary ýer bilen ýegsan edipdi.

Geň sanlar...

Bu tebigy betgatçylykda ölenleriň resmi sany Sowet häkimiýeti ýyllarynda 100 müňden sähel gowrak diýlip berlip gelnipdi. Emma Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň taryhy faktlara girizen käbir üýtgetmeleriniň netijesinde bu san 176 müň diýlip görkezilip başlanypdy.

«Turkmenistan Ru» internet gazeti hem özüniň şu günki maglumatynda ýer yranmadaky bolan adam pidalarynyň sanyny 176 müň diýip görkezipdir.

Emma käbir ekspertler Aşgabat ýer yranmasynda ölen adamlaryň hakyky sanynyň hatda Sowet häkimiýeti ýyllarynda görkezilen sandan hem has az bolmalydygyny öňe sürýärler. Mysal üçin, asly türkmenistanly seýsmolog alym Batyr Garryýew özüniň «Wot prişlo zemlýatreseniýe» diýen kitabynda Aşgabat ýer yranmasynda ölen adamlaryň tutuş sanynyň 40 müň töweregi bolandygyny öňe sürýär.

«TurkmenistanRu» internet gazeti şu ýylyň başynda Turkmenistanyň häkimietleriniň 1948-nji ýyldaky ýer yranmanyň pidalarynyň hatyrasyna täze ýadygärlik gurmak barada karar kabul edendiklerini habar berýär.

Ýöne bu ýadygärligiň anyk nirede we nähili görnüşde guruljakdygy barada häzirlikçe anyk maglumat ýok.
XS
SM
MD
LG