Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ ÝHHG-ni “janlandyrmak” isleýär


Amerikanyň Birleşen Ştatlary we onuň ýewropaly ýaranlary dekabr aýynda Astanada geçiriljek ÝHHG-niň sammitinde bu guramanyň işini “täzeden janlandyrmagy” göz öňünde tutýarlar diýip, ABŞ-nyň ÝHHG-däki ilçisi aýdýar.

Ian Kelli
“Biziň hyzmatdaşlarymyzyň, esasan hem ýewropaly hyzmatdaşlarymyzyň arasynda şeýle garaýyşlar bar: 11 ýyllap ÝHHG-niň sammiti geçirilmedi. Şol sebäpli bu guramanyň iş planlaryny işläp taýýarlamak üçin ýörite sammite zerurlyk bar” diýip, ilçi Ian Kelli Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Ilçi Kelli Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bu gurama boýunça esasy üç maksadyny hem aýan etdi. Olar – harby işler we iri ýaraglar boýunça aç-açanlygy ýokarlandyrmak; kollektiwleýin hereket hökmünde ÝHHG-niň mümkinçiliklerini täzeden dikeltmek; we 1975-nji ýylda kabul edilen demokratiýa we adam hukuklary boýunça Helsinki borçlaryny 21-nji asyryň talaplaryna görä sazlamak.

Kelliniň aýtmagyna görä, 2010-njy ýylda Gazagystanyň ÝHHG-niň ýolbaşçylygyny alyp barmagy bu gurama üçin taýýarlanjak täze planyň ähmiýetini artdyrýar. “Olar ÝHHG-e ýolbaşçylyk eden ilkinji postsowet ýurt. Bu örän taryhy ýolbaşçylyk” diýip, ABŞ-nyň ÝHHG-däki ilçisi Ian Kelli belleýär.

“ÝHHG-niň araçägindäki täze meseleleriň gözbaşy Günorta Aziýadan gaýdýar. Elbetde, goranyş üçin ilkinji nokat Merkezi Aziýa. 21-nji asyrdaky Merkezi Aziýa boýunça ÝHHG-niň ilkinji sammitini geçirmegimiz möhüm” diýip, ilçi Kelli nygtaýar.

ABŞ-nyň ÝHHG-däki ilçisi Ian Kelli ÝHHG-niň esasy gymmatlyklary bolan “demokratiýany ösdürmek boýunça gurluşlaryny” goramak we muňa “nätanyş gymmatlyklary” girizmäge synanyşmazlyk bilen Gazagystan “işini gowy alyp bardy” diýýär.

Emma ilçi Ian Kelli Gazagystandaky demokratik reformalaryň depgininiň haýal bolmagyndan hem-de media azatlygy we syýasy pluralizm boýunça bu ýurduň borçlaryny ýetirine ýetirmezliginden Waşingtonyň lapykeç bolandygyny hem mälim etdi.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy howpsuzlyk boýunça dünýäniň iň uly hökümetara guramasydyr. Onuň mandatyna ýaraglara gözegçilik, adam hukuklary, metbugat azatlygy we adalatly saýlawlar ýaly meseleler girýär.

Azatlyk Radiosynyň Brýusseldäki habarçysynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG