Ösüp barýan ýurtlarda syýasy azatlygyň bolmaýşy ýaly olaryň käbirinde ykdysady azatlyklaram gysylýar. Dünýäde kommunistik ideologiýanyň synmagy, aýratynam kommunistik ugry saýlap alan ýurtlara enekelik edip, olary uzak ýyllaryň dowamynda ekläp-saklap gelen sosialistik lageriň kerwenbaşysy SSSR-iň dargamagy ençeme totalitar döwletleriň öňünde çözülmesi kyn meseleleri goýdy.
Planly ykdysadyýetde ýaşap, ykdysadyýetiň üstünden doly döwlet eýeçiligini saklap gelen ýurtlar 21-nji asyryň başynda dünýäde dowam edýän maliýe we ykdysady çökgünlikde özleriniň hemmetaraplaýyn gowşaklygyny görkezip, golastynda ýaşaýan ilatyny horluga, zorluga uçradyp, oňa sütem etdi. Käbir döwletler halky şol horlukdan çykarmak üçin öz ýurtlarynda ykdysadyýeti azatlyga, erkinlige goýberdi. Şeýle döwletleriň biri hem Kubadyr. Häzir bu ýurtda ykdysadyýeti döwlet eýeçiliginden hususy eýeçilige geçirmek işleri örän gyzgalaňly alnyp barylýar.
Köp ýyllaryň dowamynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Kubada adam hukuklarynyň gödek bozulýanlygy we syýasy azatlygyň ýoklugy sebäpli birnäçe ýazgaryjy sanksiýalary kabul edipdi. Olaryň esasylarynyň biri hem ykdysady embargodyr. Şeýle sütemlerden soň bu döwletiň resmileri halka ykdysady erkinlik bermek barada kanunlary kabul edip başlady.
Biz haýsy dünýäň adamsy?
Göräýmäge, Kuba şu günki Türkmenistanyň ýolbaşçylarayna mysal bolaýmaly ýaly welin, gynansagam, bu beýle däl! Türkmenistan garaşsyzlygyň ilkinji ýyllary, goňşy döwletleriň göreldesine eýerip, döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak prosesine başlapdy. Emma bu iş 90-njy ýyllaryň aýagynda şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň erki bilen duruzyldy. Şol ýyllardan başlabam, Türkmenistanyň ykdysadyýeti durgunlyk görnüşine geçdi. Ýurtda ýaňy döräp başlan hususy eýeçilik gundagdaky çaga kimin sallançakdan düşmän, baky uka gitdi diýse boljak.
Totalitar ýurtlarda adat bolşy ýaly, Türkmenistanda prezident S.Nyýazow ölensoň, kommunistik ideologiýanyň esasynda dörän býurakratik nomenklatura öz içinden güýç ulanmakdan başga dolandyryş usulyny bilmeýän, döwrebap syýasy-ykdysady mehanizimlerden başy çykmaýan döwlet çinownigini häkimiýetiň çür başynda oturtdy. Ýurtda reforma ady bilen käbir ugurlarda üýtgeşmeler hem edilýär. Ol üýtgeşmeler bilim, medeniýet ugurlaryna az-owlak täsir etse-de, ykdysadyýete asla ýetmän galýar. Adatça, reforma diýlip dabaralandyrlyp aýdylýan bilim pudagyndaky üýtgeşmeler Türkmenistany geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň aýagyndaky ýagdaýyna ýakynlaşdyrmak üçin edilýär.
Emma ýurduň ilaty, şonuň ýaly-da dünýä jemgyýetçiligi-de, Türkmenistanyň täze prezidentinden hakyky ykdysady reformalara garaşýardy. Gurbanguly Berdimuhamedow dowzah kenaryndan jennete tarap köpri bolmalydy. Ol prezidentliginiň ilkinji ýyllarynda ABŞ-da bolan saparynda amerikanyň Kolumbiýa uniwersitetinde geçiren duşuşygynda günbatar žurnalistiniň “Syýasy tussaglar” barada beren sowalyna: “Men ýaş prezident, meniň işim ýurtda ykdysadyýeti gowulandyrmak ony galkyndyrmak” diýip, jogap beripdi. Ýöne ondan soň üç ýyl gowrak wagt geçdi, emma ýurduň ykdysady pudagynda ýekeje-de göze ilýän özgerişilik geçirilmedi.
Çig malyň hasabyna ýaşalýar
Ýurtda özakymyna görä, Nyýazow döwründen bäri ýerasty baýlyklaryň hasabyna ýaşalyp, onuň girdejisinden gelýän walýuta köşklerdir suw çöwdürimleri, 5 ýyldyzly içi boş myhmanhanalar we başga-da bir topar gymmat bahaly jaý toplumlary gurulýar. Döwlet edaralarynda işleýän adamlar sähelçe aýlyk bilen oňdurylyp, olar ýörite para alar ýaly ýagdaýa salynýar. Oba ilaty gedaýçylyk derejesine ýetirilen, ilatyň ýene bir bölegem ýykma-ýykylma süýrenip, telekeçilik bilen gün görýär. Biziň ýurdumyzda özüňi ekläp-saklamak, hususy biznese baş goşmak gaty töwekgel, hatda hatarly iş.
Häzir döwlete degişli däl kiçi hususy kärhanalar daşary ýurt bilen söwda işlerini alyp barmak üçin hökman Türkmenistanyň Döwlet haryt - çig mal biržasynda öz şertnamalaryny resmileşdirmeli. Onuň üçin azyndan 10 gün gerek bolýar, ýogsa-da ony bir günde resmileşdirmek üçin para bermeli bolýar. Bu ýagdaý baryp 1993-nji ýylda Saparmyrat Nyýazowyň karary bilen berkidilipdi. Biržanyň işgärleri şertnamalary alyp, ony diňe resmileşdirmän, eýsem şertnamanyň içki şertlerine goşulýarlar, harytlaryň baha syýasatyna we beýleki käbir düzgünleriniň şertlerine buýruk hökmünde görkezme berýärler. Biržanyň şeýle gözegçilik funksiýalary, ykdysadyýeti göztussaglyga salan ýaly bolýar.
Beýle ýaramaz praktika dünýäniň ýaňy ösüp barýan ýurtlarynda eýýäm birnäçe ýyl bäri ýatyrylan. Emma Türkmenistanda bu dowam etdirilýär we ol orta we kiçi biznesiň ösmegine päsgel berýär. Bazar gatnaşyklaryna üçünji bir tarapyň, döwletiň goşulmagy, onuň diňe ösüşine päsgel bermän, eýse döwlet strukturalarynda korrupsiýanyň gülläp ösmegine hem getirýär.
Şu ýerde ýene bir mysaly ýatlasak ýerlikli bolar. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy her hepdede geçirýän bazar satuwynda döwlet edaralary tarapyndan satlyga çykarylan harytlaryň satylşynda korrupsiýanyň iň ýokary düzgünlerini ulanýar. Isleg bildiren kompaniýa haýsydyr bir harydy bellenen resmi bahadan almakçy bolanda, ony satýan döwlet edarasy harydyň bahasynyň 5%-ini özi üçin talap edýär. Eger oňa harydyň bahasynyň 5%-i berilmese, onda haryt satylmaýar we şeýdip, tä şol haryda alyjy talap edilen möçberdäki puly berýänçä, haryt satylman galýar. Arada zyýan çekýänem döwlet bolýar.
Aýagy duşakly daşarky söwda
Halky bolçulykda ýaşatjak bolýan hökümet ilki bilen ýurtda, orta we kiçi biznesi ösdürmek üçin daşarky söwda gatnaşýan, iki tarapyň öz möhürleri bilen baglaşan şertnamalary esasynda söwda işlerine ýol bermeli. Ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça hususyýetçilige ýol açmaly, hususy banklara, dürli maýa fondlaryna, haryt-pul biržalaryna ýol berilmeli. Halka hyzmat ediş ulgamynda açylýan kiçi kärhanalaryň hemmesine zerur rugsatnamalar süýrenjeňlige salynmazdan berilmeli. Hususy eýeçilik hakynda kanun kabul edilmeli, ýerlere eýeçilik şahadatnamalaryny bermeli. Döwlet tarapyndan gurulýan jaýlary almaga Türkmenistanyň hemme raýatlaryna we daşary ýurt täjirlerine rugsat bermeli.
Ýene bir amala aşyrmaly iş bar. Hukuk goraýjy edaralar tarapyndan ykdysady meseleler boýunça gözegçiligi netijeli gurnamak üçin ilki belli bir döwre degişli maliýe amnistiýasyny, günä geçişligi yglan etmeli. Şondan soň, döwlet ýolbaşçylaryndan başlap, ähli çinownikler her 6 aýdan öz girdejileri barada salgyt gullugyna hasabat bermeli, şol hasabatlaram metbugatda yzygiderli çap edilmeli. Eger-de biz, türkmenler, ykdysadyýetimize erkin adamynyň gözi bilen garasak, onda biziňem dünýä jemgyýetçiliginiň hatarynda başymyz dik bolar. Şuňa ynanmak üçinem döwlet ýolbaşçylary ilki bilen zerur ädimleri ätmeli.
Çyn ýolbaşçy bitirýän işi bilen özüni tanadýandyr. Halky boş sözler bilen güýmejek bolmaly däl-de, öz bahaňy edýän işleriň bilen görkezmeli. Şu günler Aşgabadyň köçelerinde prezident Berdimuhamedowyň halka ýüzlenip aýdan sözleri ýerleşdirildi. Şolaryň biri şeýle manyda: “Meniň baş aladam, ilki bilen halkym bolar!” Il arasynda ony başgaça edip hem aýdýarlar: “Meniň baş aladam, ilki bilen maşgalam bolar!” Elbetde muny halk ýöne ýerden aýdýan däldir. Ony diýmäge esasam bardyr. Halk hemme zady görýär we bilýär. Eýse, biz, türkmenler, Hudaý uran, maňlaýy gara milletmikäk? Onuň jogabyny her birimiz öz ynsabymyzdan soramaly! Geljek nesiller iru-giç biziň häzirki hereketlerimize, nadanlygymyza, biparhlygymyza öz bahalaryny bererler, biz şol bahanyň nähili boljakdygy hakda bu gün oýlansak ýagşy.
Döwlet Hojamedow türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Bu blogda öňe sürlen pikirler awtoryň özüne degişli.