Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýylganç öýjagaz


Oraz aga ajy habary ýetirdiler — Maryda ýaşaýan inisi Baýram näsaglap, Aşgabadyň hassahanasyna getirilipdir hem-de heniz däri-derman edilmänkä-de hassahanada aradan çykypdyr. Merhumy alyp, hossarlarynyň arasyna ýetirmek Oraz agadan haýyş edilýärdi.

Oraza «aga» diýselerem diýýärdiler welin, heniz onuň ýaşy ellä-de ýetmändi. Ol nesibesi çekip, Aşgabadyň ýaşaýjysy boldy. Inisi Baýram Maryda ýaşaýardy. Iki erkek dogandylar. Henize çenli Oraz Baýramyň hassahana ýerleşeninem eşidip ýetişmändi. Eşider ýalam bolmady. Baýram birden ýykyldy. Lukmanlar ony göni Aşgabadyň hassahanasyna ugratdylar. Heniz keseliň nämedigi anyklanmanka-da Baýram neresse jan berdi duruberdi.

Oraz ýüregini gaýgy-gussadan dolduryp, inisiniň jesedini ýygnamaga ylgady. Ol salgy berlen ýere — ilat arasynda «Krasnyý krest» adyny alan keselhananyň degişli bölümine bardy. Ýöne ol hernäçe howlukmaç gelenem bolsa, gijä galan eken. Merhumy eýýäm merhumlaryň goýulýan ýörite jaýyna äkiden ekenler.

Oňa: «Öz öliňi özüň tana-da al» diýdiler-de, eline pişigiň gulagy ýaly hat berdiler. Özünem bir daýaw pyýadanyň yzyna tirkediler.

Hernäçe gynançly bolsa-da, adam pahyr diňe dirilikde ýürege ýakyn. Ol durmuş bilen hoşlaşansoň, köp kişiler oňa syn etmäge het etmeýär. Her kimiňem bir hili ýüregi bar. Oraz mydama merhumlary jaýlaşyp, ýas üýşmeleňlerini sowşup ýörensoň, inisiniň jesedini almak üçin salgy berlen jaýjagazyň gapysyna juda batyrgaý bardy. Ýany bilen baran adam ölihananyň (morgyň) gapysyny açansoň welin, Orazda gaýrat galmady. Gatbar-gat tagta sekijikleriň üstünde egin-eşiksiz halda, hatar-hatar ýatyrylyp goýlan merhumlaryň göräýmäge bary birmeňzeşdi. Olary görenden Orazyň ýüregi jigläp gitdi. Boýdan-başyna gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Hernäçe mertlik etse-de, ýüreginiň gowşaýanyny duýýardy. Ol inisini tapýança gaty köp merhumy ellemeli boldy.

Ahyry tapdy hem. Inisini bir prostyna dolap, tutup getiren maşynyna atdy-da Mara tarap ugrady. Merhumy hossarlarynyň arasyna eltdi. Oňa: «Berekella, är işini bitirdiň» diýdiler.

Är iş bitse-de-bitdi welin, şol är iş üçin Orazyň saglygy-da gitdi. Gorkudan, ini tisginmeden onuň ýüregi çat açan bolsa näme... Ol merhumyň belli günlerini zordan sowmaga ýarady. Öýüne gelip, özem ýykyldy. Şol kesel bilenem uzak ýaşaman, onuň özem çagalaryny atasyz goýup, dünýesini täzeledi.

Adamyň başyna her hili ýagdaýlar düşýär. Oraz ýaly bolup, merhumlaryň arasyndan öz hossaryny gözläp tapjak bolup, özi-de ölüme sataşyp gidýänler näçekä?!

Käbir daşary ýurt kinolaryny görýäris. Aýratyn-da ösen döwletlerde düşürilen kinolary. Olarda keselhanalarda aradan çykýan merhumlary tertipli sanlar ýazylan gutulara ýerleşdirip goýýarlar hem-de merhumlaryň hossarlary gelen çagy olary aňsatlyk bilen tapyp, hossarlaryna gowşurýarlar.

Bizde bir merhumy tapmak üçin onlarçasyny elläp çykmaly. Beýle zada her bir adamyň ýüregi çydamaýar. Lukmanlar bolsa hiç kimiň ölüsini tapyp bermeýär.

Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Bu blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG