Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Dünýä edebiýaty” žurnalynyň üçünji sany


Şu aýyň başyna “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň üçünji sany kiosklara ýaýrady. 28 çap listden ybarat bu žurnaly çykarýan döredijilik işgärleriniň barha kämilleşýändigini onuň üçünji sanyny öňki sanlary bilen deňeşdirip okanyňda göz ýetirýärsiň.

Emma “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň-da berk syýasy galyba salnyp neşir edilýändigini aýtmak gerek. Mysal üçin, žurnaly açan badyňa prezidentiň atyň üstündäki suraty ýerleşdirilipdir. Bu bolsa neşiriň syýasy basyşyň astynda çykýandygyny düşündirişsiz subut edýär.




Iýunda okyjylaryň eline gowşan žurnalyň ilkinji 2-3-nji sahypasynda “Ýurduň durmuşyndan: möhüm medeni wakalar” rubrikasynyň astynda türkmen metbugaty, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan lenji çykarylyp ýazylan, görkezilen, ýurdumyzda mart-aprel aýlarynda bolup geçen wakalaryň, baýramçylyk çäreleriniň geçirilişiniň prezident bilen baglanyşdyrylyp berilmeginiň-de logiki düşündirişini tapmak kyn bolsa gerek.

“Dünýä edebiýaty” žurnalynyň öňde goýlan maksadyna laýyk gelmeýän syýasy şygarlardan, habarlardan soň, žurnaldaky ýazgylar Magtymguly Pyragynyň “Görsem” diýen goşgusy bilen dowam etdirilip, soňra prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de SSSR döwründäki meşhur şahsyýetleriň beýik Pyragy hakynda aýdanlary ýerleşdirilipdir. Bu žurnalda Magtymgulynyň meşhur hudožnigimiz Aýhan Hajyýew tarapyndan çekilen kanoniki suratynyň däl-de, Nyýazowyň sözi boýunça üýtgedilen, selleli Magtymgulynyň suratynyň goýulmagy gynandyryjydyr.

Serdar Atalynyň Çingiz Aýtmatowdan terjime eden “Biziň Magtymgulymyz” atly makalasynyň, şeýle-de alym Annagurban Aşyrowyň “Magtymguly haçan doglupdyr?” atly makalasynyň okyjylary özüne çekjekdigine şübhelenmese bolar. Ýeri gelende, “Edebi seljermeler” rubrikasynyň astynda ýerleşdirilen Hojamuhammet Agaorazowyň ýazan “Antik döwrüniň edebiýaty” makalasynyň-da okyjylary gadym döwrüň edebiýat älemine gyzykly syýahata atarjakdygyny bellemelidiris.

“Ýaş terjimeçiniň mekdebi” rubrikasynyň astynda berlen talyp M.Gurbanowyň hindi ýazyjysy R.S.Dinkaryň “Durmuş we bagtyýarlyk” atly oýlanmasynyň, talyp G.Berdiýewanyň ýapon ýazyjysy N.Nankiçiniň “Gon atly tilki” hekaýasynyň terjimesi juda şowly çykypdyr. Ýaş terjimeçiler M.Bäşimowyň, T.Mämmetgurbanowanyň, M.Pürjäýewanyň, L.Resulowanyň dürli dillerden terjime eden hekaýalaryny, meşhur dünýä ýazyjylarynyň gyzykly durmuşyndan, geň-taň wakalardan eden terjimelerini, şeýle hem internet habarlary esasynda dünýä medeniýetine degişli täzelikleri okanyňda, halypa terjimeçimiz D.Berdiýewiň ak pata bermeginde ýaş terjimeçiler mekdebiniň emele gelip başlandygyna göz ýetirýärsiň.




Halypa alymymyz hem mugallymymy G.Gurbanowyň Eýran edebiýaty hakyndaky makalasy hem pars ýazyjysy Jemalzadanyň “Gowrulan gaz” hekaýasynyň terjimesi juda kämildigi bilen tapawutlanýar. A.Taganyň J.Londondan “Martin Iden”, K.Gurbanmyradowyň A.Wamberiniň “Orta Aziýa syýahat” eserleriniň ussatlyk bilen terjime edilendigini aýtmak gerek. Şeýle hem G.Daşgynowyň özbek ýazyjysy E.Wahydowdan, K.Gurbanmyradowyň R.Tagordan beren goşgularynyň terjimesiniň kämildigi görnüp dur.

O.Çaryýewiň P.Koelionyň “Alhimik”, M.Hanmämmedowyň E.Şafagyň “Yşk” romanynyň, Y.Amangeldiýewiň, H.Hudaýgulyýewiň dürli dillerden eden hekaýalarynyň terjimeleri hem gaty şowly çykypdyr.

Halypa, merhum terjimeçimiz M.Sopyýewiň L.Tolstoýyň “Hajymyrat” powestiniň kämil terjimedigini çekinmän aýtsa bolar, emma şu terjimeleriň köpüsi sowet döwründe terjime edilip, şol döwrüň gazet-žurnallarynda çap edilen, kitap bolup çykan eserler. Bularyň häzirki döwürde gaýtadan çap edilmeginiň sebäbi düşündirilen bolsa, okyjylar köpçüligi üçin gowy bolardy.

“Dünýä edebiýatynyň” üçünji sanynda käbir görnetin ýalňyşlygyň goýberilendigini hem bellemek gerek. Mysal üçin, Ýunus Emräniň terjimehalynyň başynda: “Ýunus Emräniň ömrüniň esasy bölegi on üçünji asyryň ikinji ýarymyna, on dördünji asyryň başyna, ýagny beýik Seljuklar döwrüniň soňky döwrüne gabat gelýär” diýlip bellenipdir. Emma Soltan Sanjaryň patyşalyk eden beýik Seljuklar döwleti 1157-nji ýylda ýykylyp, hut şu senede beýik Seljuklar döwri soňlanýarka, Ýunus Emräniň ýaşan zamany haýsy beýik Seljuklar döwrüniň soňuna gabat gelýärkä?!




Ýa bolmasa E.Şafagyň “Yşk” romanyny terjime eden awtor “Terjimeçiden” diýen gysgajyk ýüzlenmesinde “Yşk” romany Gündogaryň beýik akyldary Jelaletdin Rumynyň hem onuň jan ýoldaşy, halypasy Töwrizli Şems baradadyr diýýär. Emma türkmen diliniň halk gepleşiginde “Jan ýoldaşy” diýlip seýrek aýdylýan bu jümläniň diňe ýanýoldaşyňa — ýassykdaşyňa diýilýändigini şu setirleriň awtory 2000-nji ýylyň başyna “Edebiýat we sungat” hepdeliginde yzygider çap edilen “Syrly jümleleri çöşläp” diýen makalalar toplumynda giňişleýin düşündiripdi. Men bu tankydy bellikleri žurnalyň indiki sanlarynyň has kämil çykmagynyň hatyrasyna aýdýaryn.

“Dünýä edebiýaty” žurnalyna syýasatyň gözegçiligi ortadan aýrylsa, biziň ýurdumyzda-da halypa-şägirtlik terjime mekdebiniň emele gelip biljekdigine, türkmen okyjylarynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynalary bilen ene dilimizde päsgelçiliksiz tanşyp biljekdigine indi şübhelenmese bolar.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, edebiýatçy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG