Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: hokkeýçiler uçar heläkçiliginiň pidasy boldy


Orsýetdäki uçar heläkçiliginde 43 adam öldi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:37 0:00


Orsýetiň Ýaroslawl oblastynda dörän uçar uçar heläkçiliginden soň, buzuň üstündäki hokkeý boýunça Halkara federasiýasynyň başlygy çykyş edip, hokkeý sportunyň özüniň “garaňky gününi” başdan geçirendigini aýtdy.

Moskwanyň 250 kilometr demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Ýaroslawldaky uçar heläkçiliginde azyndan 43 adam, şol sanda hokkeý oýunçylary, türgenler we ekipaž agzalary heläk boldy.

Rene Fasel öz çykyşynda Ýaroslawlyň “Lokomotiw” toparynyň düzüminde beýleki ýurtlardan, ýagny Belarusdan, Çehiýadan, Latwiýadan, Şwesiýadan, Slowakiýadan we Kanadadan gelen oýunçylaryň we türgenleriň hem bolandygyny belläp, heläkçiligiň gamynyň diňe Orsýetde çekilmeýändigini hem sözüne goşdy.

Häzir derňewçiler Wolga derýasynyň kenaryna gaçan uçaryň “gara guty” ýazgylaryny gözlemek bilen meşgul. Dünýä Ýaroslawlyň “Lokomotiw” hokkeý toparynyň pidalaryny ýatlaýar.

Uçaryň gaçandygy bardaky habaryň peýda bolandan soň, hokkeý toparynyň janköýerleri stadionyň töwereginde ýygnanyp, ol ýerde gül desselerini we şarflaryny goýdular. Ol ýere ýygnanlaryň köpsüsiniň aglaýandygyny görmek bolýardy. Käbirleri komandanyň oýunçylarynyň atlaryny ýekän-ýekän tutup, gygyryp aglaýardy.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew heläkçilige uçranlaryň maşgalalaryna öz gynanjyny bildirip, “’Lokomotiw’ matam tutýar, tutuş ýurt ýasda” diýdi.

Medwedew penşenbe güni heläkçiligiň bolan ýerine baryp, şeýle çykyş etdi: “Bu, elbetde, her bir heläkçilikde bolşy ýaly, tutuş ýurdy sarsdyrdy. Ýöne bu ýerde ýene-de bir ýagdaý bar. Uçaryň bortunda Ýaraslowlyň, has dogrusy tutuş Orsýetiň iň söýgüli toparlarynyň biri, ýurduň iň güýçli we iň şowly klublarynyň biri – “Lokomotiwiň” esasy düzümi bardy. Bu diňe ölenleriň maşgalary üçin uly ýitgi bolman, eýsem tutuş ýurt, ähli hokkeý janköýerleri üçin hem ýitgi boldy”.

Hokkeý boýunça belli sport topary “Lokomotiw” 2011/2012 möwsüminiň ilkinji oýunlarynyň çäginde anna güni Minksiniň “Dinamo” topary bilen Belarusyň paýtagtynda duşuşmalydy.

Çarşenbe güni bolan uçar heläkçiliginde toparyň bir hüjümçisi Aleksandr Galimow we ekipaž agzalarynyň biri ölümden aman galdylar. Ýöne olaryň ýagdaýlary juda agyr.



“Lokomotiwiň” oýun geçirmeli toparynyň baş direktory Alýakseý Torbin Minskden çykyş edip, şeýle diýdi: “Biziň üçin bu juda sarsdyryjy boldy. Biz pida bolanlaryň ählisiniň maşgala agzalaryna çuňňur gynanjymyzy bildirýäris. “Lokomotiw” kluby hokkeý ligasyndaky iň güýçli toparlaryň biridi. Bärde jankoýerler geçirilmeli oýna juda sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Öňler hem bolşy ýaly, biz “Lokomotiwiň” oýnunda tribunalaryň tomaşaçydan doly bolmagyny garaşýardyk”.

Häzire çenli uçaryň näme sebäpden heläkçilige uçrandygy barada hiç zat aýdylmady.

Bu heläkçilikde hokkeýiň iň öňdebaryjy ussatlarynyň, şol sanda Ýaroslawlyň “Lokomotiw” toparynyň türgeni, Birleşen Ştatlar-Kanada milli hokkeý ligasynda 18 möwsümiň oýnuna gatnaşan, Brad MakKrimmon, Slowak hokkeýiniň ýyldyzy we Slowakiýanyň milli hokkeý toparynyň kapitany Pawol Demitra, şeýle-de Belarusyň iň ökde oýunçylaryň biri Ruslan Saleýiniň hem ömür tanapy üzüldi.

Çehlar bolsa, özleriniň dünýä çempiony bolan toparynyň düzüminden üç oýunçysyny - Jan Maregi, Karel Raçunegi we Josef Wasiçegi ýitirdiler.

Ýüzlerçe çeh jankoýerleri çarşenbe güni giçlik ölenleriň hatyrasyny tutmak üçin paýtagt Praganyň köne şäher meýdançasyna ýygnandylar. Olaryň köpüsi “Oglanlar, razy boluň!” diýen şygarlary hem gygyrýardylar.

“Hokkeýiň iň gowy oýunçylary. Bize wekilçilik eden, buzuň üstünde uly işleri bitiren gowy oglanlardy. Indi biz olary ýitirdik” diýip, Praganyň köne şäher meýdançasyna çykanlaryň biri aýtdy.

“Lokomotiw” Orsýetiň üç gezek çempiony bolupdy.
XS
SM
MD
LG