Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Timoşenkonyň türme otagyndaky çyra boýunça dawalar


Ýuliýa Timoşenkonyň oturan kamerasynyň suraty, Harkow, 3-nji ýanwar.
Ýuliýa Timoşenkonyň oturan kamerasynyň suraty, Harkow, 3-nji ýanwar.
Ukrainanyň Harkow şäherindäki koloniýada türme tussaglygynda oturan öňki premýer-ministr Ýuliýa Timoşenko gije-gündiz wideo arkaly gözegçilik edilýär. Bu barada 3-nji ýanwarda onuň ýanyna baran aklawçysy Sergeý Wlasenko aýdýar.

Timoşenkonyň tarapdarlary Harkowdaky “Kaçaniwska” atly türmäniň kamerasynda şertleriň juda ýaramazdygyny aýdýarlar.
Timoşenkonyň tarapdarlary Harkowdaky “Kaçaniwska” atly türmäniň kamerasynda şertleriň juda ýaramazdygyny aýdýarlar.
Wlasenkonyň sözlerine görä, Timoşenkonyň kamerasynda gije-gündiz çyra ýanýar, şol sebäpli ol uklap bilmeýär. Timoşenko medisina kömegi hökmünde diňe agyryny aýyrýan däri-derman berilýär. Emma Harkowdaky koloniýanyň resmileri türmäniň şertleriniň Ýewropanyň ölçeglerine laýyk gelýändigini aýdýarlar.

Ukrainanyň döwlet penitensiar sistemasynyň ýaýradan metbugat relizine görä, Ýüliýa Timoşenkonyň oturan kamerasy Ýewropanyň ähli düzgünlerine we ölçeglerine laýyk gelýär. Onda nahar gyzdyrylýan elektrik peç, kir maşyn we hatda hajathana-da bar.

Emma Timoşenkonyň tarapdarlary Harkowdaky “Kaçaniwska” atly türmäniň kamerasynda şertleriň juda ýaramazdygyny aýdýarlar. Onuň aklawçysy Sergeý Wlasenkonyň 3-nji ýanwarda Harkowdaky türmäniň daşyndaky žurnalistlere aýtmagyna görä, 51 ýaşly öňki premýer-ministr Timoşenko kamerasynda uklap bilmeýär we stressden ejir çekýär. Çünki onuň kamerasynda 24 sagatlap çyra ýanýar we oňa wideokamera arkaly gözegçilik edilýär. Sergeý Wlasenko bu hakda şeýle diýýär:

—Bu Ýewropa Geňeşiniň Gynamalara garşy komitetine şikaýat etmäge sebäp bolup biler. Timoşenkonyň oturan kamerasyna gözegçilik edilýär. Ol kamerasynda çyra ýanýandygy üçin uklap bilmeýär we oňa medisina kömegi berilmeýär. Bu zatlaryň ählisiniň aňyrsynda bir maksat ýatyr. Olam Ýuliýa Wolodimirowna Timoşenkony psihologiki we fiziki taýdan döwmek.
Harkowdaky türmäniň resmileri Ýuliýa Timoşenkonyň başga tussaglar bilen bilelikde oturýan kamerasynda 24 sagatlap çyra ýanýandygyny inkär etmeýärler.

“Kaçaniwska” türmesiniň başlygy Iwan Perwuşkiniň Azatlyk we Azat Ýewropa Radiosyna aýtmagyna görä, türmäniň jaýyna gözegçilik etmek maksady bilen tussaglaryň kameralary gowy ýagtylandyrylýar. Türmäniň resmileriniň aýtmagyna görä, kanun türmeleriň ähli kameralarynyň wideokamera bilen enjamlaşdyrylmagyny talap edýär we her bir kamerada uklamaga zyýansyz köreçel çyranyň ýakylmagy tussaglara üznüksiz gözegçilik etmek üçin zerur.

Emma türmäniň jogapkärleri Timoşenkonyň oturýan kamerasynda şeýle çyranyň bardygy ýa-da ýokdugy hakynda “dil ýarmaýarlar”.

24 sagatlap çyra ýakmak praktikasy

Ýewropanyň Gynamalara garşy komiteti tussaglaryň kamerada rahat uklamagy üçin olara arassa howanyň, ýyladyş sistemasynyň we yşygyň elýeterli bolmagyny talap edýär. Bu düzgün Ýewropa Geňeşiniň 47 agzasynyň ählisine, şol sanda Ukraina hem degişli.

Ýewropa Geňeşine agza käbir döwletler türme kameralarynda 24 sagatlap çyra ýakmak praktikasyny ulanýarlar. Bu Ýewropanyň Gynamalara garşy komitetiniň talaplaryna ters gelýär. Emma ol döwletler bu praktikany tussaglaryň öz janyna kast etmek töwekgelçiliginiň öňüni almak üçin ulanýandyklaryny aýdýarlar.

Ukrainanyň türme resmileriniň sözlerine görä, Ýuliýa Timoşenko ýöňkelýän goşmaça aýyplamalar boýunça derňewler dowam edýär, şonuň üçin oňa gözegçilik edilýär.

Ýuliýa Timoşenkonyň aklawçylary geçen dekabrda onuň kameradaky krowatynda ýatanyny görkezýän wideo ýazgynyň ýaýradylmagyna protest bildiripdiler.

Ilkinji gezek geçen ýylyň awgustynda Kiýewde tussag edilensoň, saglygynyň peselenliginden şikaýat edýän 51 ýaşly Timoşenko özüniň garaşsyz medisina barlagyndan geçmek baradaky hukugynyň bozulýandygyny aýdýar. Emma Harkwodaky türmäniň resmileri Ýuliýa Timoşenkonyň türme lukmanlarynyň barlagyndan ýüz öwrendigini habar berýärler.

Ýewropanyň Gynamalara garşy komiteti Ukrainany täze medisina standartlaryny tassyklamaga çagyrdy. Täze standartlar Ukrainanyň türmelerinde işlejek lukmanlary Adalat ministrliginiň däl-de, Saglyk ministrliginiň bellemegine mümkinçilik berer.

Ýewropanyň Gynamalara garşy komitetiniň wekilleri geçen ýylyň ahyrlarynda Ukrainanyň Kiýew we Harkow şaherindäki wagtlaýyn tussaghanalaryna sapar etdiler. Şol döwürde Ýuliýa Timoşenko “Lukýaniw” atly wagtlaýyn tussaghanada saklanýardy. Emma Komitetiň wekilleri Timoşenko bilen duşuşandyklary ýa-da duşuşmandyklary barada hiç-hili habar bermediler.
XS
SM
MD
LG