Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda “Gyzyl Haçyň” lukmany öldürildi


Polisiýa Halil Rasjed Deýliň jesediniň tapylan ýerinde derňew geçirýär, 29-njy aprel.
Polisiýa Halil Rasjed Deýliň jesediniň tapylan ýerinde derňew geçirýär, 29-njy aprel.
Resmileriň aýtmaklaryna görä, Halkara Gyzyl Haç komiteti üçin Pakistanda işlän britaniýaly lukmany ogurlan jenaýatçylar ony öldüripdirler. Polisiýanyň aýtmagyna görä, 60 ýaşly Halil Rasjed Deýliniň kellesi kesilen jesedi Kwetta şäheriniň golaýyndan tapylypdyr.

Halil Rasjed Deýli bir ýyl töweregi wagtlap Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Kwettada amala aşyrylýan programmasynyň dolandyryjysy bolup işledi. Ony ýaragly näbelli adamlar şu ýylyň ýanwarynda ogurladylar.

“Halkara Gyzyl Haç komiteti bu wagşyçylykly hereketi berk ýazgarýar we Deýliniň maşgalasynyň, dostlarynyň hasratlaryny, şeýle-de olaryň gahar-gazaplaryny paýlaşýar” diýip, guramanyň baş direktory Ýwes Dakkord öz beýannamasynda aýdýar.

Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Wilýam Heýg hem Deýliniň öldürilmegini ýazgardy we bu wakany Pakistanyň halkyna kömek edýän birini nyşana alýan “manysyz we gazaply hereket” diýip atlandyrdy.

Britan parlamentiniň deputaty Rassel Brown hem Deýliniň öldürilmegini ýazgaryp, onuň yslam dinini kabul etmezden öňki adyny tutdy.

“Häzirki döwürde gowşan çäkli maglumat onuň wagşy ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny görkezýär. Eger bu zatlar dogry bolsa, onda men juda nägile. Çünki Ken öz ýurduny terk etdi we başgalar üçin gowy işler etmek, olara kömek etmek üçin daşary ýurda gitdi. Men Kwettada Keni tanaýan köp adamyň bu waka gynanýandygyny bilýärin” diýip, Rassel Brown aýtdy.

Halkara Gyzyl Haç komiteti üçin Pakistanda işlän britaniýaly lukmany Halil Rasjid Deýl
Halkara Gyzyl Haç komiteti üçin Pakistanda işlän britaniýaly lukmany Halil Rasjid Deýl
Şiele Howett Deýliniň ýakyn dostudy. Ol Ken hakda şeýle diýýär: “Men Keni ol musulman dinini kabul etmezinden öňem tanaýardym. Meniň dostum Ken örän gowy ynsandy we sizem onuň bilen duşuşmagy arzuw ederdiňiz. Ol özi barada az pikir edip, başgalar barada alada ederdi. Ol bütin ömrüni başgalara bagyş etdi”.

Polisiýanyň beren habaryna görä, ony ogurlanlar Deýliniň jesedinde galdyran hatynda onuň tussaglykdan boşadylmagy üçin girewiň tölenmändigi sebäpli, öldürilendigini aýdypdyrlar.

Halil Rasjed Deýliniň jesedini barlan lukman Sadfar Huseýiniň žurnalistlere aýtmagyna görä, onuň kellesini kesmek üçin pyçak ulanylypdyr.

Halkara Gyzyl Haç komitetiniň berýän maglumatyna görä, weteran işgär Deýli öň Owganystanda, Yrakda we Somalide işläpdir.

Halil Rasjed Deýlini haýsy toparyň ogurlanlygy anyk däl.

Kwetta sebitinde etnik buluç separatistleri, “Talyplaryň” tarapdary bolan gozgalaňçylar we jenaýatçy toparlar bar. Olar girew hökmünde köp pul talap etmek üçin baý pakistanlylary we daşary ýurtlulary ogurlaýarlar. Şeýle-de bu sebitde Owganystandaky uruşdan gaçyp gelen müňlerçe bosgunlar ýaşaýar we olaryň käbiri Halkara Gyzyl Haç komitetiniň keselhanalarynda saglygyny bejerdýär.
XS
SM
MD
LG