Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaty oba aladaly günleri başdan geçirýär


Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, bu obanyň ýüzbe-ýüz bolan problemasy geçen ýylky partlamalarda zýyan ýeten Abadan şäherini gaýtadan gurulmak barada prezidentiň beren tabşyrygy bilen bagly.
Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, bu obanyň ýüzbe-ýüz bolan problemasy geçen ýylky partlamalarda zýyan ýeten Abadan şäherini gaýtadan gurulmak barada prezidentiň beren tabşyrygy bilen bagly.
Paýtagt Aşgabadyň golaýynda ýerleşýän Garadaşaýak obasynyň öňki demir ýoldan günortadaky bölegi we halk arasynda Gaty oba diýlip atlandyrylýan obanyň ýaşaýjylary aladaly günleri başdan geçirýärler. Ýerli administrasiýa olaryň jaýlaryny ýykmaga taýýarlanýar. Gaty obanyň ýaşaýjylary bolsa bu taýdan başga gidere ýerleriniň ýokdugyny aýdýarlar.

Ýerli graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna göra, Gaty obanyň ýaşaýjylary öz aladalary barada gürrüň bermek üçin onuň ýanyna gelipdirler. Nurmämmedow Azatlyk Radiýosyna beren maglumatynda bu hakda şeýle gürrüň berýär: “Meniň ýanyma geldiler düýn… Şu üç günlükde gelipdirler, milisiýa dökülipdir şu tak, 10-20 sany milisiýa, ondan başgada arçynlykdan, häkimlikden we welaýatdan bar. Gaty sürnüpdirler adamlaryň üstüne, bir jaýy tutýalar-da, mün üstüne diýýäler diýýä, [ýanlarynda] o gurluşukçylaram bar diýýär, ýykýanlar”.

Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, bu obanyň ýüzbe-ýüz bolan problemasy geçen ýylky partlamalarda zýyan ýeten Abadan şäherini gaýtadan gurulmak barada prezidentiň beren tabşyrygy bilen bagly.


2011-nji ýylyň iýul aýynda Abadanda ýerleşýän ýarag ammarynda bolan partlamada ençeme ýaşaýş jaýlaryna zýyan ýetip, şol wakada adam ýitgileri hem bolupdy. Abadan partlamasyndan soňra prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu şäheriň täzeden guruljakdygyny aýdypdy. Şeýlelikde Türkmenistanyň hökümeti täze Abadan şäherini gurmak barada şu ýylyň maý aýynda tender yglan edip, şäheri gaýtadan gurmak işine girişildi.

“Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň maý aýynda çap edilen sanlarynyň birinde yglan edilen şol tenderde täze Abadan şäheriniň Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda guruljakdygy aýdylýar. Bu gurluşygyň çägine Abadan şäheriniň golaýyndaky Gaty diýip atlandyrylýan oba hem düşýär. Bu oba “Türkmenistan” daýhan birleşigine degişli bolup, öňki demir ýoluň ilersinde ýerleşýär. Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, 1993-nji ýylda bu ýerden halka 0,25 sotok mellek paýlanyp berlipdir.

Ýerli ýaşaýjylar täze guruljak şäheriň çägine düşen bu obada 700-e golaý hojalygyň ýaşaýandygyny, sebäbi käbir jaýlarda 2-3 maşgalanyň bardygyny aýdýarlar.



Bu obanyň ýaşaýjylarynyň gürrüň bermegine görä, Ruhabat etrabynyň häkimliginiň we bu obanyň arçynlygynyň wekilleri polisiýanyň, häkimligiň, kommunal hojalygynyň işgärleri bilen bilelikde 25-nji iýulda bu hojalyklaryň 323 sanysynyň ýaşaýan jaýlaryny ýykmaga barýarlar. Obanyň ýaşaýjylary bu plana garşy çykyp, jaýlaryny ýykmaga baran hökümet edaralarynyň işgärlerine garşy ýygnanyşýarlar, hatda olar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda dartgynlygyň emele gelendigi hem aýdylýar.

Graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow Gaty obanyň ýaşaýjylarynyň beren maglumatlaryna salgylanyp, bu barada Azatlyk Radioýsyna şeýle gürrüň berdi: "Onsoň adamlar üstüne münýär, aýallar üýşüp kesekläpdirler, bir jaýdan soňra, olar başga jaýa geçýärler, ýene adamlar ýygnanyşýar, düýn agşamara oba bolup indi ýygnanşypdyrlar, şolary gabapdyrlar".

Abadan şäherini gaýtadan gurmak boýunça alnyp barylýan tagallalaryň çäginde, prezident diňe şol şäheri gaýtadan gurmak barada däl, şäheriň gurluşygy bilen bagly zýyan ýetmegi mümkin maşgalalaryň jaý bilen üpjün edilmelidigi barada-da buýruk beripdi.

Gaty obanyň ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, jaýlarynyň ýykylmagynyň deregine olara ýaşaýyş jaýdyr ýer teklip edilýän hem bolsa, bu wadalaryň berjaý ediljekdigine ynam ýok, bu barada graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Gaty obanyň ýaşaýjylaryna salgylanyp, şeýle diýýär: “Biz saňa jaý berdik, ynha kagyzyň diýýärmiş, kagyzynda hiç zadam ýok diýýär, ynanar ýaly kagyz däl diýýär, ol ynanar ýaly däl diýýär”.

Bu obanyň adyny efirde tutulmazlygyny haýyş eden bir ýaşaýjysy: “Jaýy ýykylanlara 2-3 aýdan täze jaý bereris diýýärler. Emma, şonça wagtlap biz nirde ýaşamaly? Dogan-garyndaşlarymyzyňam öz aladalary özlerine ýetik” diýip, Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Onuň aýtmagyna görä, iki aý mundan ozal hem bu obanyň ýaşaýjylarynyň jaýlaryny ýykjak bolupdyrlar. Şonda bu obanyň ilaty dürli instansiýalara ýüz tutup, arz-şikaýat edipdirler.

Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, 60 adamyň goly bilen Türkmenistanyň prezidentiniň adyna hat ýazylansoň, bu howp aradan aýrylan ýaly hem bolsa, edil häzirki döwürde obanyň ykbaly olary ýene-de uly aladada goýýar.
XS
SM
MD
LG