Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Ýygnanyşyklar baradaky kanun alada döredýär


Aktiwistler Kiýew geňeşiniň öňünde çäklendirmelere gärşy piket geçirýärler. 20-nji sentýabr, 2012.
Miting geçirmezden ozal bu barada degişli edaralary habarly etmek demokratik döwletlerde ýönekeý iş diýlip hasaplanýar we, umuman aýdylanda, mitinge howp hökmünde garalmaýar.

Ýöne bu mesele Ukrainada 20-nji sentýabrda parlamente teklip edilýän “Parahatçylykly ýagdaýda ýygnanyşmak azatlygy” atly 2450-nji nomerli taslamanyň iň jedelli tarapydyr.

Ukrainanyň dartgynly syýasy atmosferasynda bäsdeşleriň arasynda birek-birege ynam az bolup, oppozisiýanyň tarapdarlary mitingleri geçirmezden iki gün öň bu barada habar bermek düzgüniniň we kanunyň käbir beýleki maddalarynyň häkimiýetlere protestleriň öňüni almaga pursat döredýändigni aýdýarlar.

Mekirlik üçin mümkinçilik

17-nji sentýabrda, sişenbe güni, ýurduň Parlamentiniň öňünde protest çäresini geçiren ýüzlerçe ukrainaly ýaşlaryň biri Anna Hwil bu barada şeýle diýýär:

"Kanunyň bu taslamasy wagt taýdan çäklendirmeleri we guramaçylaryň garşysyna bolup biläýjek günäkärlemeler baradaky maddany öz içine alýar. Eger guramaçylar mitinge gatnaşyjylaryň her biriniň özüni dogry alyp barjagyna kepil geçip bilmeseler, onda ýygnanyşyk gadagan edilip bilner – diýip, Hwil aýdýar. - Şeýle hem mitingleriň amala aşyrylmagy üçin ýerliksiz diýip hasaplanýan parklar ýaly belli ýerlerde ýygnanşyklaryň geçirilmegi gadagan edilip bilner. Bu [resmi häkimiýetlere] mekirlik etmek hem-de ýygnanyşyklary çäklendirmek üçin mümkinçilik döredýär."

Kanunyň taslamasy guramaçylary mitingleriň howpsuzlygyna jogapkär edip goýýar we bu häkimiýetlere olary islendik tertipsizlikde, ýekebara düzgün bozujy hökmünde jezalandyrmaga ýol açyp biler.

Şeýle hem bu kanun taslmasynda mitingleri nirelerde geçirip boljakdygy anyklaşdyrylanok. Tankytçylar ony, bu kararyň häkimiýeti dolandyryjylaryň öz islegne bagly boljakdygyny aýdyp, tankyt edýärler.

Kanun gerek, ýöne...

17-nji sentýabrda, sişenbe güni, Ukrainanyň ombudsmany Waleriýa Lutkowskaýa bu barada şeýle diýdi:

"Kanun gerekli, ýöne ol beýleki kanunlarda edilen üýtgeşiklikler bilen bilelikde kabul edilmelidir, ýogsam ol progressiw resminamadan repressiw dokumente öwrüler."

Kanuny teklip eden häkimiýetiň tarapdarlary bolan deputatlar guramaçylaryň jogapkärçiligi has güýçlendirilse, gurnaljak mitinglerde halk köpçüliginiň howpsuzlygynyň artjakdygyny we onuň "parahatçylykly ýygnanyşyklarda" raýatlaryň hak-hukuklaryny gorajakdygyny nygtaýarlar.

Oppozision toparlar hökümetiň saýlawlaryň diňe birnäçe hepde öň ýanynda şeýle çalt hereket etmegine onuň häkimiýet başynda galmak üçin media we köçelere gözegçiligi berkitmek üçin edýän aladasy hökmünde baha berýärlar.

Pikir soralyşyklardan belli bolşuna görä, prezident Wiktor Ýanukowiçiň "Regionlar partiýasy" bilen onuň häzirki wagtda türmede oturan bäsdeşi, öňki premýer-ministr Ýuliýa Timoşenkonyň "Ata watan partiýasy" ýurtda deň derejede goldawa eýe.
XS
SM
MD
LG