Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: “Daşoguz we Efiopiýa”


Çekeleşik karikaturasy.
Çekeleşik karikaturasy.
Daşoguz we Efiopiýa

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hudaýberdi Diwangylyýew uzak ýyllap “Ýaş kommunist” (häzirki “Watan”) gazetiniň baş redaktory wezipesinde işledi. Bizden 10-12 ýaş uly Hudaýberdi aga biziň edebiýat meýdanyna gelmegimize uly ýardam eden ýazyjylaryň biri. Şonuň ücinem “ýaş şahyr” diýilýän döwrümiz, XX asyryň 70-nji, 80-nji ýyllarynyň sepgidinde häli-şindi onuň ýanyna barýardyk.

Şeýle günleriň birinde Hudaýberdi aganyň iş kabinetinde ikiçäk gürrüň edip outran wagtymyz ýazyjy Tirkiş Jumageldiýew gapydan girdi. Ol dessine öz deň-duşy Hudaýberdi aganyň üstüne “hüjüme” gecdi:

–Senden baş redaktor bolmaz. Ine, şu günki “Ýaş kommunisti” okadym. Sen öz redaktorlyk edýän gazetiňde düýnki “Sowet Türkmenistany” (häzirki “Türkmenistan”) gazetinde Efiopiýanyň döwlet baştutany Mingusty Haýl Marýamyň SSSR-e resmi wiziti hakyndaky habarlary göcüryp beripsiň. Hany, seniň redaktorlyk edýän gazietiň ýüzi – diýip, ol igendi.

Hudaýberdi aga ol igenji eşitmezlige saldy:

–Haýl Marýamy zor görmeli. Ol meniň bilen bir ýylda, ýagny bir müň dokuz ýüz kyrk birinji ýylda doglan. Ýöne Efiopiýa ýaly cylşyrymly döwlete baştutanlyk edýär – diýdi.

Tirkiş aga süýem barmagyny dodagyna ýetirip, maňa “Gepleme!” diýip, ümläp, gürrüňi başga akaba sapdy:

–Hudaýberdi, sen özüňe baha berip bileňok! Sen on ýyl bäri “Ýaş kommunistiň” baş redaktory. On ýyl bäri Türkmenistan komsomolynyň Merkezi Komitetiniň býuro agzasy. Diýjek bolýanym, sen uly syýasy tejribeli işgär. Saňa “Hadaýberdi, sen partiýanyň Daşoguz obkomunyň (welaýat guramasynyň) birinji sekretary bol!”
diýseler, sen “Ony başarman” diýmersiň-ä?!” – diýdi.

Wezipä agzy suwaran Hudaýberdi aga:

–Ýok, ondan boýun gaçyrmaryn. Men ol wezipäni başararyn – diýdi.

Gep aýlawy jüpüne düşen Tirkiş aga:

–Näme, Efiopiýa Daşoguzdan cylşyrymly döwletdir diýip pikir edýärmiň? – diýdi.

Uzak mütdet hezil edip gülen Hudaýberdi aga “Aldyň” diýip,Tirkiş aga elini uzatdy.

***

Başlygyň arkasy

Gurbannazar Ezizowyň we Saýlaw Myradowyň edebi neslinden bolan Hojanepes Meläýew adamkärcilikli adam, zehinli ýazyjydy. Ýöne cendan-ýarym onuň bolmalysyndan has beter gödek degişmesi-de bardy.

Ol Türkmenistan Ýazyjylar Birleşiginiň başlygynyň orunbasary wagty Daşoguz welaýatyna iş sapary bilen baranda, şäher myhmanhanasyna ýerleşýär. Hojanepesiň myhmanhana ýerleşendigini eşiden ýerli ýaş ýazyjy Allanazar Begnazarow onuň ýanyna gelýär. Paýtagtdan gelen wezipeli myhmana edilmeli hormat-hezzeti edýär. Pursady gelende Allanazar Begnazarow:

–Hojanepes aga, men ýaş ýazyjy bolmakdan ýadadym. Meni Ýazyjylar Birleşigine agzalyga kabul etmäge ýardam ediň! – diýip, haýyşyny dile getirýär.
Hojanepes aga oňa:

–Bolýar, agzalyga kabyl ederis.Ýöne onuň şerti bar. Men häzir wanna otagyna ýuwunmaga girjek. Meniň arkamy bir gelin ýuwsun, seni golaý günlerde agzalyga kabul ederis – diýýär.

Allanazar atylyp, myhmanhananyň koridoryna cykýar. Ol koridoryň poluny ýuwup ýören gelinden aýda näce manat aýlyk alýanyny soraýar. Gelin alýan aýlygynyň möcberini aýdýar. Allanazar geline :

– Şol aýlygyň möcberinde pul bereýin, ýöne sen otaga girip, biziň başlygymyzyň arkasyny ýuw! – diýip haýyş edýär.

Gelin ör-gökden gelip, beýle işi etmejekdigini aýdýar. Üstesine-de, Allanazaryň ýüzüni dalap, paýyş sözler bilen sögünýär. Paltasy daşa degen Allanazar:

– Biziň başlygymyzyň arkasy indi şu polca-da bolmadymy? – diýip, zaryn zeýrenipdir.

Toplan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew.
XS
SM
MD
LG