Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Ysraýylyň gurluşygy "howply urgy" bolup biler


Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-mun Palestina awtonomiýasynyň prezidenti Mahmud Abbas bilen Nýu-Ýorkda, 28-nji noýabr.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-mun Palestina awtonomiýasynyň prezidenti Mahmud Abbas bilen Nýu-Ýorkda, 28-nji noýabr.
Eger-de Ysraýyl palestinalylaryň geljekde döwlet gurmak isleýän ýerinde ýewreýler üçin müňlerçe täze ýaşaýyş jaýlaryny gursa, onda bu ýagdaý parahatçylyk baradaky umytlara “howply urgy” bolar diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-mun duýdurdy.

BMG-niň beýanatynda Ysraýylyň täze 3,000 sany ýaşaýyş jaýyny gurmak planlary Günorta Ierusalimi Iordan derýasynyň günbatar kenaryndan “doly bölüp aýyrmak” boýunça töwekgelçilige salýar diýilýär.

Ysraýylyň gurluşyk planlary barada anna güni yglan edilen maglumat BMG-niň Baş assambleýasynyň agzalarynyň aglaba köpüsiniň Palestinanyň BMG-däki durumynyň “synçy subýektden” “agza däl synçy döwlete” öwrülmegini goldap ses bermeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Ysraýyl 2-nji dekabrda öz basyşyny güýçlendirip, palestinalylaryň 100 million dollarlyk salgyt töleglerini we dolanşykdaky beýleki pul serişdelerini saklaýandygyny yglan etdi. Bu pullary Ysraýyl Palestina häkimiýetiniň adyndan tutup galýar.

Başga bir tarapdan, Palestinanyň milli awtonomiýasynyň prezidenti Mahmud Abbas BMG-den Iordan derýasynyň günbatar kenaryna gaýdyp barandan soň, “Indi biziň döwletimiz bar” diýip, yglan etdi.

“Batyrgaý palestinalylar, siziň hemmäňizi gutlaýaryn, bu üstünlige siziň özüňiz ýetdiňiz, bu ýeňişi diňe siziň özüňiz gazandyňyz” diýip, Abbas aýtdy.

Abbas indi ünsüni palestinalylary ýaraşdyrmaga gönükdirjekdigini aýtdy. Bu ýerde gürrüň Iordan derýasynyň günbatar kenaryny dolandyrýan Abbasyň “Fatah” fraksiýasy we Gaza zolagyny dolandyrýan yslamçy hereket “Hamas” barada gidýär.

Ysraýyl bilen onuň ýarany Birleşen Ştatlar Ysraýylyň ýok edilmegini isleýän we Ysraýyla garşy ýygy-ýygydan raketa atýan Hamas söweşijileri parahatçylyk hyzmatdaşlary bolup biler öýdenok.

Ysraýylyň gurluşyk planlaryny tankytlan BMG-niň başlygy Ban: “Halkara kanunlaryna görä, bu gurluşyk bikanundyr” diýdi. Onuň aýtmagyna görä, eger-de Ysraýyl öz planlaryny durmuşa geçirip başlasa, onda “ol iki döwlet çözgüdiniň gazanylmagy baradaky bolanja umytlara hem howply urgy hökmünde alamatlanar”.

Banyň beýanatynyň mazmuny ondan öň Birleşen Ştatlar, Britaniýa, Fransiýa we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan edilen ýazgarmalary gaýtalaýar. Bu ýurtlar parahatçylyk gazanmak üçin edilýän tagallalary Ysraýylyň planynyň puja çykaryp biljekdigi barada duýduryş beripdiler.

2-nji dekabrda geçirilen hökümet maslahatynda eden çykyşynda premýer-ministr Benýamin Netanýahu edilýän tankytlary inkär edip, Ysraýylyň Ierusalimde öz gurluşygyna dowam etjekdigi barada wada berdi.

Ysraýyl tutuş Ierusalimiň bu ýurduň paýtagty bolmagyny isleýär. Palestinalylar bolsa onuň gündogar böleginiň öz paýtagtlary bolmagynyň arzuwynda.

“Şu gün Ierusalimde we Ysraýyl döwletiniň strategiki bähbitleriniň kartasyna girýän ähli ýerlerde gurluşyk edýäris we geljekde hem gurmagy dowam etdireris” diýip, Netanýahu aýtdy.

Ysraýylyň hökümeti geçen hepde BMG-de Palestinanyň durumyny ýokarlandyrmak boýunça geçirilen ses berişligiň geljekde Ysraýyl bilen palestinalylaryň arasynda geçiriljek gepleşiklerde hiç hili täsiriniň bolmajakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG