Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Döwlet emläkleri satuwa çykaryldy


Birža. Ispaniýa
Birža. Ispaniýa
Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki obýektleri hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berýär.

“Türkmenistan” we “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetleriniň şu günki sanlarynda satuwa çykarylýan obýektleriň sanawy çap edilýär. Olaryň arasynda azyk senagatyna degişli obýektleriň agdyklyk edýändigini aýtmak gerek.

Satuwa çykarylan obýektleriň arasynda gök-miwe önümlerini gaplaýjy, süňk üweýji zawodlar hem-de et kombinaty bar. Bildirişde satuwa çykarylýan obýektleriň esasy iş ugruny saklamak şerti bilen hususy eýeçilige beriljekdigi aýdylýar.

Şanawda käbir paýdarlar jemgyýetleriniň satuwa çykarylan obýektleriniň döwlete degişli paýnamalary hem görkezilipdir. Olardan birem “Köpetdag-Lada” paýdarlar jemgyýetiniň döwlete degişli 48% paýnamasydyr. Onuň başlangyç bahasy 3 million 564 müň 721 manat diýlip kesgitlenipdir.

Gazetlerde satuwa çykarylýan obýektleriň sanawy çap edilýär.
Gazetlerde satuwa çykarylýan obýektleriň sanawy çap edilýär.
Satuwa çykarylan döwlet emläkleriniň sanawynda 2012-nji ýylda Aşgabatda gurlan “Wesýet” atly üç gatly söwda merkezi hem bar. Oňuň başlangyç bahasy 6 million 990 müň 969 manat, ýagny 2 ýarym million dollara golaý. Ol Türkmenistanyň merkezi bankyna degişli.

Bu söwda merkezi satuwa çykarylan obýektleriň iň gymmadydyr. Olaryň iň arzany Gumdagdaky, gurluşygy heniz tamamlanmadyk, iki gatly söwda merkezidir. Onuň başlangyç bahasy bolsa 720,410 manat, ýagny 253 müň dollara golaý.

Bildirişde aýdylyşy ýaly, bu bäsleşikli söwdalara Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlary hem-de hususy edaralar gatnaşyp bilerler. Olar bäsleşikli söwdalara gatnaşmak üçin, arza berip we ýörite tölegleri töläp, hasaba durmaly.

Bäsleşikli söwdalara gatnaşyjylaryň arzalaryny kabul etmeklik satuwyň başlanmagyna 24 sagat galanda tamamlanýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir ýerli synçylar hususylaşdyrmak prosesiniň başlanmagyna oňyn baha berýärler. Emma bu prosesden ýerli ilata o diýen haýryň bolmajagyny aýdýanlar hem bar.

“Bu söwdalara gatnaşyp biläýjek türkmenistanly az. Sebäbi ýurtda bular ýaly puly halal ýollar bilen gazanmak örän kyn” diýip, adynyň efirde tutulmagyny islemedik aşgabatly bir synçy aýdýar.

Satuwa çykarylan döwlet edaralarynda öňden işläp gelýän işgärleriň arasynda täze hojaýynyň islegi boýunça işden çykarylmak howpunyň hem ýokary boljaklygyndan çynlakaý alada bar. Hökümetiň bu barada şert goýmagyna garamazdan, şeýle ýagdaýyň emele gelmejegini aýtmak kyn.

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki obýektleri hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwdalary 2013-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň jaýynda geçiriler.
XS
SM
MD
LG