Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Karz berýän "prosentçiler"


ABŞ-nyň dollarlary
Mary şäheriniň, daşary ýurda işlemäge gitmekçi bolýan 30 ýaşlaryndaky ýaşaýjysy Rejep, ýol puluny aýda 10% tölemek şerti bilen "prosentçilerden", ýagny süýthorlardan almagy planlaşdyrýar. Ol işlemek üçin golaýda daşary ýurda gitmekçi. Onuň "prosentçiler" bilen işleşmekde eýýam belli tejribesi bar.

Ol mundan öň jaýyny oňartmakçy bolanda-da, hiç ýerden karz pul tapmansoň, karz sorap, "prosentçilere" ýüz tutupdyr. Talabyň ýokary bolmagy, karz puly göterimine berýän süýthorlaryň, ýagny, il arasynda aýdylyşy ýaly, "prosentçileriň" sanynyň hem gün-günden köpelmegine getirýär.

Tagtabazar etrabynda ýaşaýan özüni Maral diýip tanadan 45 ýaşlaryndaky zenan hem puluny göterimine berýänleriň biri. Ol Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde bu biznesiň bähbitleri barada şeýle diýdi:“Indi hiç bir tanyş-bilşime [tölegsiz] karz pul beremok. Diňe "prosent" oýnaýan. Pulumy bir ýerde duruzamok. Tanyş-bilişlerime aýyna 5%-den, galanlaryna 10%-den berip bilýärin”.

Maralyň sözlerinden çen tutulsa, ol hiç ýerde işlänok, göterimine karz pul bermekden girdejisi ýetik bolansoň, ol işlemek hem islänok. Sebäbi, onuň aýtmagyna görä, elindäki puly oňa belli bir derejede aýlyk girdeji getirýär. Ol elindäki pulunyň möçberi barada takyk maglumat bermekden çekindi.

Girew

Karzyna pul almak isleýänler üçin, banklar bilen deňeşdirilende, "prosentçilerden" pul almak aňsat bolýar. Göterimine pul almak üçin adamlaryň diňe gymmat bahaly zatlaryny girew goýmaklygy ýeterlik.

Eger girew goýarlyk gymmatbaha zadyň bolmasa, onda möhüm dokumetler, gymmat bahaly zatlaryň ýerini tutup bilýär. Karz berýän bilen karz alýan käte özara dilhatyny alyşýarlar, ol dil hatda taraplaryň ady-familiýasy, karz alynýan puluň möçberi, puluň aýlyk prosenti, girew goýlan gymmat bahaly zatlaryň ýa-da dokumentleriň sanawy, şeýle hem baglaşylan şertnamanyň senesi görkezilýär.

Bu şertnamalar gelejekde ýüze çykyp biläýjek ýalňyşlyklaryň we kezzaplyklaryň öňüni almak üçin baglaşylýar. Ýöne şonda-da bergisini wagtynda yzyna getirip bilmeýänler bar.

Prosentine pul alyp, wagtynda üzlüşip bilmän, ençeme kösençleri başyndan geçirenleriň biri, Mary şäheriniň ýaşaýjysy, 40 ýaşlaryndaky Gülendam. Gülendam göterimine alan pullaryny gaýtarmak üçin köp ýyllap daşary ýurtlara gidip işlemeli bolupdyr.

Ol bu barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: "Biz 'prosentçilerden' aýlyk10 % [üste] tölemek şerti bilen pul aldyk. Alan pulumyzyň mukdary bäş müň dollardy. Şol bir wagtda hem maşgalamyzda keselçilik köp boldy. Prosent bolsa üstüne münüberdi. Algydarlaram öýe gelip, pullaryny tölemekligi talap edip durdular. Her gün öýde goh-galmagal. Şeýdip, Türkiýa işe gitdim, bir ýyl diňe alan pulumyzy üzmek üçin işledim, bir ýyl bolsa [üste münen] 10% puly tolemeli boldum. Şeýdip, alan pulumy iki esse edip zordan üzlüşdim".

Döwlet banklary

Häzirki wagtda Türkmenistandaky haýsy-da bolsa bir bankyň karz beren pulunyň üstüne goýýan prosenti "prosentçi" süýthorlaryňkydan az hem bolsa, käbir adamlar barybir hususy "prosentçilerden" pul almagy amatly görýärler.

Rejebiň aýtmagyna görä, ol bankdan pul aljak bolanda, ençeme resmi kagyzlary taýýarlamaly bolandygyny, hemme zat taýyn diýlende hem aljak pulundan belli bir bölegini bank işgärine bermeli bolandygyny gürrüň berdi.

"Bizde hususy banklar ýok, şeýlelikde karz pul berjek bolup, biri-biri bilen ýaryşýan edara-da ýok. Onsoň hususy banklaryň ýerini häzirki prosentçiler tutýarlar. Döwlet bankyndan pul aljak bolsaň, örän kyn. Onuň üçin özüňden başga-da birki sany zamun gerek, olar hökmän bir ýerde işleýän bolmaly. Hemme zady toplanyň bilenem, bank işgärleriniň eline bir zatlar bermeseň, gerekli mukdardaky puluňy alyp bilmersiň" diýip, Rejep gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir türkmenistanlylaryň aýtmagyna görä, "prosentçileriň" köpelmegi adamlaryň karzyna pul tapmagyny belli bir derejede ýeňilleşdirse-de, ahyr netijede ol adamlaryň arasynda ata-baba öňden gelýän ýagşy ýörelgäni, ýagny birek-birege tölegsiz karz pul bermek däbini, ýuwaş-ýuwaşdan ýoga çykaryp barýar.
XS
SM
MD
LG