Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ärhan Aýdyň Orazgeldi oglynyň goşgusy


Türkiýäniň Izmir şäherindäki konserwatoriýada bilim alýan Ärhan Aýdyň Orazgeldi ogly
Türkiýäniň Izmir şäherindäki konserwatoriýada bilim alýan Ärhan Aýdyň Orazgeldi ogly
"Türkmen sährasy"

Bahar gelse, täze güller açylar,
Jennet ýaly ýerdir, Türkmen sährasy.
Gülüň ysy her tarapa saçylar,
Aşyk bolsaň, ýardyr, Türkmen sährasy.

Meýdanlarynda hem çapdyrarlar at,
Sährada hemişe şadyýan hem şat,
Ol ýerler-bu mekan Taňrydan sowgat,
Dutar çalsaň, mukamdyr, Türkmen sährasy.

Orazgeldi, ýomut meniň ilimdir,
Aýdaryn hemişe, Türkmen dilimdir,
Türkmençilik ýoly, meniň ýolumdyr,
Ýagyýa bir ärdir, Türkmen sährasy!
XS
SM
MD
LG