Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saglyk sprawkasynyň hupbatlary


Saglyk sprawkasy üçin nobata duranlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:14 0:00

Saglyk sprawkasy üçin nobata duranlar

Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmäge dalaş edýänlerden resminamalary kabul ediş kompaniýasy dowam edýär.

Türkmenabat şäheriniň ikinji we bäşinji saglyk öýleriniň töweregi şu günler köp adamly. Olar Lebap welaýatynyň dürli etraplaryndan gelen ýaşlar. Ol ýaşlar okuwa girmek üçin tabşyrmaly dokumentleriň içinde edinmesi kyn bolan saglyk hakyndaky sprawkany almaga gelenler.

Ol sprawkany almak üçin dolulygyna medisina gözegçiliginden geçmeli. Gözegçilikden geçmek üçin hem üç-dört günläp nobata durmaly bolýan wagtynyň hem bardygyny ýaşlar gürrüň berýärler. Şu günler agzalan saglyk öýleriniň öňünde iki ýüze golaý adam nobata durýar. Nobatlaram kagyza ýazylýar.

Gözegçilik

Adamyň köplügi sebäpli saglyk öýleriniň hersinde tertip-düzgüne gözegçilik etmek üçin iki sany polisiýa işgäri nobatçylyk edýär. Olar ýüze çykmasy aňsat bolan nobat dawalarynyň bidüzgünçiliklere öwrülmesiniň öňüni almak üçin nobatçylyk edýärler.

Medisina gözegçiliginden geçmäge gelen 22 ýaşly Perhat özüniň Garabekewül etrabyndan gelendigini we üç günden bäri Türkmenabatda garyndaşlarynyňkyda bolýandygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi: “Medkomissiýadan geçmek üçin gelenleriň juda köpdügi sebäpli men üç günläp garyndaşlarymyň öýünde bolmaly boldym. Şu wagt ähli doktorlara gol çekdirdim we indem peçat goýlansoň, sprawkamy alyp, Oba hojalyk uniwersitetine resminamalaryň kabul edilýän ýerine gitjek”.

Onuň sözlerine görä, Lebabyň uzagrak etraplaryndan gelýänler üçin okuwa dokument tabşyrmak kynrak düşýär, sebäbi olar öýlerinden Türkmenabada gatnamagy üçin her günde 30 manada golaý pul harçlamaly bolýarlar. Oba hojalyk uniwersitetine okuwa girmäge dalaş edýän garabekewülli Perhat Azatlyk Radiosyna bu barada şeýle gürrüň berdi: “Şäherde mendäki ýaly garyndaşyň, galmaga ýeriň bolsa gowy, Türkmenabatda meniň daýym ýaşaýar”.

"Diňe gol çekýärler"

Edil Perhat ýaly, medisina gözegçiliginden geçmäge gelen Rüstem gözegçilik diýilýäniň, eger öýkeniňi rentgen etmeklerini hasaplamasaň, galanlarynyň diňe gapyma-gapy aýlanyp, sagdyn diýip gol çekdirip çykmakdan ybaratdygyny aýdýar: “Hiç hili barlag ýok, on sany doktora gol çekdirip çykmaly bolany. Men dört ýyldan bäri okuwa girmäge synanyşýan, maňa hemme zat tanyş, şonuň üçin bir günde medkomissiýadan geçdim”.

Geçen ýyllardakydan tapawutlylykda bu ýyl Lebap welaýatynyň okuwa dalaşgärleri üçin medisina gözegçiliginden geçmek biraz ýeňilleşipdir. Munuň sebäbini efirde adynyň tutulmagyny islemedik we 2-nji saglyk öýünde şepagat uýasy bolup işleýän ýaş gelin Azatlyk Radiosyna şeýle düşündirýär: “Türkmenabat şäherinden has daş ýerleşýän etrapdyr-şeherçeleriň ýaşaýjylary medisina gözegçiliginden Atamyrat etrap hassahanasynda geçmeli edildi. Bu dalaşgärler üçin hem saglyk öýleriniň işgärleri üçin hem ýeňillik”.

Şepagat uýasynyň sözlerine görä, Magdanly şäheriniň, Köýtendag, Türkmenbaşy, Döwletli, Hojambaz, Atamyrat, Halaç etraplarynyň ýaşaýjylary medisina gözegçiliginden Atamyrat etrap hassahanasynda geçmeli edilipdir.

Medisina gözegçiligi sebäpli Türkmenabat şäheriniň 2-nji we 5-nji saglyk öýleriniň töwereginde söwda-satyk hem güýçlenipdir. Şu günler agzalan poliklinikalara golaý ýerleşýän hususy garbanyşhanalaryň, gazly suw satylýan dükanjyklaryň we öýlerinde somsadyr-işlekli bişirip satýan daýzalaryň müşderileriniň iň köp döwri.

Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin geçilmeli medisina gözegçiligi 29-njy iýula çenli dowam eder.
XS
SM
MD
LG