Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat "pedofilli" gürrüňde dymýar


Zorluk görkezdi diýilýän adamyň sosial ulgamlarynda ýerleşdirilen suraty
Zorluk görkezdi diýilýän adamyň sosial ulgamlarynda ýerleşdirilen suraty
Çoganlyda ýaşaýan Akgül öz gyzyny eýýäm 3-4 gün bäri çagalar bagyna eltmeýär. Munuň sebäbi soňky döwürlerde paýtagt Aşgabatda ýüze çykandygy aýdylýan pedofiliýa jenaýatçylygy barada halkarasynda giňden ýaýran gürrüňler bilen bagly.

Häkimiýetler bu barada agyz ýarmaýarlar, resmi çeşmelerde-de bu barada hiç hili maglumat ýok. Emma ”Ertir.com”, "Wkontakte" sosial ulgamlary, şeýle-de ”Türkmen inisiatiwasy” toparynyň websahypalarynda bu barada soňky döwürlerde yzygiderli gürrüň edilýär.

Resmi taýdan tassyklanmadyk, emma gözlenýän jenaýatçydygy aýdylýan käbir adamlaryň suratlary hem şol websahypalarda peýda bolup, agzalýan adamlaryň ady, ýaşaýan welaýatlary, şeýle-de olardan käbirleriniň ele salnandygy hakda hem dürli maglumatlar berilýär.

Emma häkimiýetler dymýarlar. Bu ýagdaý bolsa ýaşaýjylaryň howsala düşmegine we Akgül ýaly käbir aşgabatlylaryň öz çagalaryny mekdepdir çagalar baglaryna ibermezligine sebäp bolýar.

“Pedofil jenaýatçy döräpdir”

“Öň gyzymyzy öýümiziň golaýynda ýerleşýän mekdebe arkaýyn ýeke özüni iberýärdik. Indi şol pedofil jenaýatçy döräpdir diýensoňlar, özüm gyzymy mekdebe eltip, soňam alyp gaýdýan” diýip, paýtagtyň 48-nji orta mekdebiniň 4-nji klasynda okaýan gyzyň kakasy Annamyrat gürrüň berýär.

Akgüli, Annamyrady öz çagalarynyň howpsuzlygyna gezek gelende howatyrlanmaga itergi beren wakanyň, paýtagtyň ýaşaýjylaryny indi ençeme günden bäri biynjalyk edýändigine garamazdan, bu barada adamlara köpçülikleýin habar serişdeleri arkaly hiç hili maglumat berilmeýär.

Netijede il içinde biri-birinden aýylganç myş-myşlardyr, gürrüňler döreýär. Bu myş-myşlar we gürrüňler adamlary howsala salýar. Kähalatda gorkynyň dowla çenli baryp ýetýän mahaly hem bolýar.

“Häkimiýetler düşündiriş bermeýär”

“Her gezek şunuň ýaly waka bolanda, häkimiýetler ilata ýagdaý barada doly düşündiriş bermeýärler. Ilat köplenç myş-myşlardyr gürrüňler esasynda şunuň ýaly wakalardan habarly bolýar, şol myş-myşlarda aýdylýan gürrüňlere görä, olar özleriçe çykalga tapmaga synanyşýarlar” diýip, Parahat mikroraýonynyň ýaşaýjysy 52 ýaşly Baýram aga aýdýar.

Garaşsyzlyk döwründe ýurtda hiç bir jenaýat işi barada ilat köpçüligine habar serişdeleri arkaly hiç hili maglumat berilmän gelinýär. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň resmi ýyllyk statistik ýygyndysynda-da, indi 10 ýyl gowrak wagtdan bäri ölüm-ýitimli jenaýatçylykly wakalar barada hiç hili maglumat ýerleşdirilmeýär.

Jenaýat diýlende, köpçülikleýin habar serişdelerinde halka ýetirilýän, belkem ýeke-täk habar, wagtal-wagtal Ministrler Kabinetinde, ol ýa bu ýolbaşçynyň jenaýatçylykda aýyplanyp, eýeleýän wezipesinden kowulmagy bilen bagly maglumat bilen çäklenýär. Emma bu-da giňden ýaýran praktika däl.

Ýokary wezipeli döwlet işgärleri

Köplenç halatda ýokary wezipeli döwlet işgärleri “öz wezipe borçlaryndan bikanun peýdalanandyklary” ýa-da “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi” baradaky gysgaça umumy habar bilen öz eýeleýän wezipelerinden aýrylýarlar.

Jenaýatçylykly wakalar bilen bagly ýurduň köpçülikleýin habar serişdelerinde maglumatlaryň çap edilmezliginiň sebäbi barada hem hiç hili resmi maglumat ýok. Emma käbir ýerli synçylar muny ýurtda alnyp barylýan “gülala-güllük syýasaty” bilen baglanyşdyrýarlar.

Sebäp näme hem bolsa, pedofilli waka soňky 10 günüň dowamynda aşgabatlylaryň iň möhüm temasyna öwrülip, ol baradaky dürli-dürli myş-myşlardyr-gürrüňler bolsa il içinde barha giň ýaýraýar.
XS
SM
MD
LG