Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentler gelnen netijelerden razy


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow (s) we Belarusyň prezidenti A.Lukaşenko (ç)
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow (s) we Belarusyň prezidenti A.Lukaşenko (ç)

5-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň we Belarusyň prezidentleriniň arasynda geçirilen gepleşiklerde döwletara ylalaşyklaryň ençemesi baglaşyldy. Resmi maglumatlara görä, taraplar gelnen netijelere ýokary baha beripdirler.

Türkmenistanyň we Belarusyň prezidentleriniň başda ikiçäk, soň giňeldilen düzümde geçiren gepleşikleri döwletara hyzmatdaşlyk boýunça ençeme dokumentlere gol çekilmegi bilen tamamlandy.

Baglaşylan ylalaşyklar

Resmi maglumatlara görä, ylalaşyklar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet uniwersitetiniň we Belarusyň Döwlet uniwersitetiniň arsynda, şeýle-de ýurtlaryň söwda-haryt biržalarynyň arasynda baglaşyldy. 2014-2015-nji ýyllar boýunça ýurtlaryň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda, bedenterbiýe we sport, şeýle-de syýahatçylyk boýunça hyzmatdaşlyk programmalaryna gol çekildi.

Türkmenistanyň we Belarusyň merkezi banklarynyň arasynda hyzmatdaşlyk, Türkmenistanyň hem Belarusyň Ylymlar akademiýalarynyň we Himiýa institutlarynyň arasynda ylmy-tehnologiki hyzmatdaşlyk barada ylalaşyklara gol goýuldy.

Iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň arasynda gol çekilen memoranduma laýyklykda, saglygy saklaýyş, medisina we derman ylymlary, bilim boýunça hyzmatdaşlygy, şeýle hem iki ýurduň raýatlaryna medisina kömeginiň berilmegini we özara borçnamalary hem maliýe talaplary düzgünleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Maslahat edilen meseleler

Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli türkmen-belarus gepleşikleriniň dowamynda iki ýurduň prezidentleriniň halkara we regional syýasata degişli meseleler barada pikir alşyp, söwda-ykdysady, ylym-bilim we medeni aragatnaşyklary ösdürmek boýunça-da maslahat edendikleri habar berildi.

Resmi maglumatlara görä, soňky bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanyň we Belarusyň arasynda haryt dolanyşygy bäş esse ýokarlanypdyr. 2012-nji ýylda ýurtlaryň özara haryt dolanyşygynyň möçberi 400 million dollara ýetipdir.

Türkmen studentleri we artistleri

Belarusda okaýan türkmen studentleriniň sany 8 müňden aşypdyr.

Prezident Aleksandr Lukaşenko Belarusda köp türkmen studentiniň okaýandygyny belläp, Minskde türkmen studentleriniň şäherçesini gurmak üçin gowy ýer bermäge taýýardygyny bildiripdir. Bu türkmen topragynyň özboluşly bir “adajygy” bolup, ol ýerde umumy ýaşaýyş jaýlary we myhmanhanalar gurlup bilnerdi diýip, türkmen habar serişdeleriniň Lukaşenko salgylanyp, beren maglumatlarynda aýdyldy.

Türkmen metbugatynyň habarlaryna görä, şeýle-de Lukaşenko türkmen çapyksuwarlarynyň we ahalteke atlarynyň sirk toparynyň Belarusa eden saparynyň üstünlikli bolandygyny aýdyp, prezident Berdimuhamedowdan türkmen artistlerini ýene-de Belarusa ibermegi haýyş edipdir.
XS
SM
MD
LG