Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nurmämmedow: Türkmen metbugaty Ukraina barada dymýar


Türkmen metbugaty
Türkmen metbugaty
Ukrainada iki aýa golaý wagtlap dowam edýän hökümete garşy protestleriň netijesinde ukrain hökümeti wezipesinden çekildi. Häkimiýetler raýatlaryň nägileligini bildirmek hukugyny çäklendirmek üçin kabul eden ýörite kanunyny iki hepde geçip-geçmänkä ýatyrmaly boldular.

Bu wakalar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň jemgyýetlerinde seslenme döretdi. Özbegistanly aktiwistler ukrain protestçilerine raýdaşlyk bildirmek boýunça çäre geçirdiler. Soňky wagtda Gazagystanyň habar serişdelerinde berilýän maglumatlar we ýurtda görkezilýän orsýet telewideniýesiniň maglumatlary bilen kanagatlanmadyk gazagystanlylaryň bolýan wakalary öz gözleri bilen görmek üçin Ukraina syýahat edýän pursatlarynyň hem köpelýändigi barada habar berilýär.

Ukrainadaky syýasy-jemgyýetçilik proseslere türkmen jemgyýetinde nähili garaýyşlar bar? Azatlyk Radiosy türkmenistanly graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow bilen söhbetdeşlik geçirdi.
XS
SM
MD
LG