Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Parlament prezidentiň ygtyýarlygyna garady


Ukrainanyň parlamentiniň maslahaty, 4-nji fewral, 2014
Ukrainanyň parlamentiniň maslahaty, 4-nji fewral, 2014
Ukrainanyň parlamentiniň sişenbe güni geçiren nobatdaky maslahatynda oppozisiýa prezident Wiktor Ýanukowiçiň ygtyýarlygyny çäklendirýän konstitusiýanyň dikeldilmegini talap etdi.

Oppozision lider Witaliý Kliçko parlamentiň öňünde çykyş edip, prezidentiň ygtyýarlygyny çäklendirmek boýunça reformanyň ýurtda dowam edýän syýasy krizisiň soňuna çykmak üçin zerurdygyny belledi: “Biz muny etmesek, jemgyýetde tolgunmalaryň emele geljekdigine ynanýaryn. Biz jemgyýetiň gahar-gazabyny köçelerde göreris”.

Oppozisiýanyň talaby

Oppozisiýa Ukrainanyň 2004-nji ýylyň konstitusiýasyna dolanmagyny isleýär.

Kliçko prezident Wiktor Ýanukowiçiň administrasiýasyny ýurtda durnuksyzlygyň döremeginde aýyplady we ýagdaýyň mundan beýläk hasam dartgynlaşmagynyň mümkindigini duýdurdy.

Ukrain parlamentinde häkimiýet başyndaky “Regionlar partiýasynyň” lideri Oleksandr Ýefremow Ýanukowiçiň eýýam eglişik edendigini aýtdy. Ýefremow geçen hepdede hökümetiň wezipesinden çekilendigini we Ýanukowiçiň hökümete garşy çykyş edýän protestçileri tussaglykdan boşatmak barada kanunyň kabul edilmegi bilen razylaşandygyny belledi.

Ýefremow Ýanukowiçiň krizisden çykalga hökmünde möhletinden öň prezidentlik we parlament saýlawlaryny geçirmäge rugsat bermeginiň ähtimaldygy baradaky habarlary ret etdi.

Günbataryň ýardamy

Sişenbe güni Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýast boýunça ýolbaşçysy Katrin Aştonyň metbugat wekili Maýa Koçiýançiç şeýle diýdi: “Biz Ukrainada syýasy çykalgany görmek isleýändigimizi yzygiderli aýdyp gelýäris, bu çykalganyň nähili bolmalydygyna aýdyň mysallar bar. Biz saýlawlar we olaryň azat hem açyk bolmalydygy barada gepleşdik, emma munuň haçan boljagy ukrainleriň kararyna baglydyr”.

Katrin Aşton sişenbe güni Kiýewe sapar edýär. Aştona salgylanylyp habar berlişine görä, Ýewropa Bilelşigi we ABŞ Ukraina ýardam bermek boýunça çäreleri maslahat edýärler.
XS
SM
MD
LG