Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Krymda dawaly referendum geçirilýär

Krymlylaryň dawaly referendumy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:36 0:00

Krymlylaryň dawaly referendumy

Ukrainanyň Krym regiony ýekşenbe güni Orsýete goşulmalymy ýa däl diýen soraga jogap almak üçin gapma-garşylykly referendum geçirýär.

Şenbe güni BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi bu referendumyň ýuridiki güýjüniň bolmajakdygyny yglan edýän rezolýusiýany sese goýdy.

On üç döwlet bu rezolýusiýany goldap ses berdi, Moskwanyň ýarany Hytaý bolsa saklandy.

"Gamgyn we bellärlikli pursat"

Birleşen Ştatlaryň ilçisi Samanta Power muny "gamgyn we bellärlikli pursat" diýip atlandyrdy.

"Orsýet ýoluň halkara düzgünlerine görnetin garşy çykmak bilen onuň agyr netijeleriniň bolmak faktyny ýa-da Krymyň statusyny üýtgedip bilenok. Krym şu günem Ukrainanyň bir bölegi, ol ertirem Ukrainanyň bir bölegi bolar, indiki hepde hem Ukrainanyň bir bölegi bolar we onuň statusy ukrain we halkara kanunlary esasynda çalşylýança şeýle bolup galar."

Krymdaky referendumyň geçirilmegine garaşylýar, sebäbi bu ýerde ilatyň 60 çemesi ruslardan ybarat. Etniki tatarlar we bu ýerde ýaşaýan ukrainler ses berişligi boýkot eder öýdülýär.

Birleşen Ştalar we Ýewropa Bileleşigi eýýäm, eger Orsýet bu referendumyň netijeleri boýunça hereket etse, berk çäre görjekdiklerini aýtdylar.

Krymyň daşyndaky hereket

Ukrainanyň başga ýerinde, rus goşunlarynyň diukçar pulemýotlaryna we bronly harby tehnika daýanyp, Krymyň daş ýüzündäki bir obany kontrol astyna alandygy habar berildi.

Strilkowe obasyndaky hereket geçen aýyň aýagyndan bäri netijeli gözegçilige giren müňlerçe rus harbysynyň Krymyň daşyndaky ilkinji çäresi bolup görünýär.

Ol ýerden atyşyklar ýa ýaraly bolanlar barada maglumat gowuşmady.

Krymyň separatist hökümeti Strilkowe obasyndaky güýçleriň öz "öz-özüňi goramak güýçleri bolup", onuň gaz nasos stansiýasyny goramak üçin iberilendigini aýtdy.

Fotosergi: Krymda referendum geçirilýär

Krymda referendum geçirilýär

Rus harby gullukçysydyr öýdülýän esger Simferepolyň golaýynda, Perewalnoýede,  ukrain harby bazasynyň ýanynda goragda dur.
1/10 Rus harby gullukçysydyr öýdülýän esger Simferepolyň golaýynda, Perewalnoýede,  ukrain harby bazasynyň ýanynda goragda dur.
16-njy martda Krymda, häzir rus goşunlary tarapyndan eýelenen Ukrain regionanda referendum başlandy.
Simferopolda bir aýal ses berýär.
2/10 Simferopolda bir aýal ses berýär.
16-njy martda Krymda, häzir rus goşunlary tarapyndan eýelenen Ukrain regionanda referendum başlandy.
Ses beriji dokumentlerini görkezýär. Simferopol.
3/10 Ses beriji dokumentlerini görkezýär. Simferopol.
16-njy martda Krymda, häzir rus goşunlary tarapyndan eýelenen Ukrain regionanda referendum başlandy.
Krymyň premýer-ministri Sergeý Aksýonow (ortada) ses berilýän budkadan çykyp barýar. Simferopol.
4/10 Krymyň premýer-ministri Sergeý Aksýonow (ortada) ses berilýän budkadan çykyp barýar. Simferopol.
16-njy martda Krymda, häzir rus goşunlary tarapyndan eýelenen Ukrain regionanda referendum başlandy.
Orsýetçi "öz-özüňi gorag" güýçleriniň agzasy saýlaw uçastogynda.
5/10 Orsýetçi "öz-özüňi gorag" güýçleriniň agzasy saýlaw uçastogynda.
16-njy martda Krymda, häzir rus goşunlary tarapyndan eýelenen Ukrain regionanda referendum başlandy.
Ses berjek aýal öz býulletenine seredýär.  Pionerskoýe obasy.
6/10 Ses berjek aýal öz býulletenine seredýär.  Pionerskoýe obasy.
16-njy martda Krymda, häzir rus goşunlary tarapyndan eýelenen Ukrain regionanda referendum başlandy.
 Adamlar saýlaw uçastogynda saýlaw dokumentlerine gol çekýärler,  Sewastopol.
7/10  Adamlar saýlaw uçastogynda saýlaw dokumentlerine gol çekýärler,  Sewastopol.
16-njy martda Krymda, häzir rus goşunlary tarapyndan eýelenen Ukrain regionanda referendum başlandy.
Krym paýtagtynda ses beren garry aýal budkadan çykyp gelýär.
8/10 Krym paýtagtynda ses beren garry aýal budkadan çykyp gelýär.
16-njy martda Krymda, häzir rus goşunlary tarapyndan eýelenen Ukrain regionanda referendum başlandy.
Saýlaw resmileri saýlaw gapyrjaklary bilen öýlere aýlanýarlar. Pionerskoýe.
9/10 Saýlaw resmileri saýlaw gapyrjaklary bilen öýlere aýlanýarlar. Pionerskoýe.
16-njy martda Krymda, häzir rus goşunlary tarapyndan eýelenen Ukrain regionanda referendum başlandy.
Rus harbysydyr öýdülýän ýaragly adam. Perewalnoýe.
10/10 Rus harbysydyr öýdülýän ýaragly adam. Perewalnoýe.
16-njy martda Krymda, häzir rus goşunlary tarapyndan eýelenen Ukrain regionanda referendum başlandy.
Previous slide
Next slide


Amerikan we Ýewropa pozisiýasy

Birleşen Ştatlaryň Kiýewe sapara gelen senatory Jon MakKeýn Moskwanyň adresine berk sözleri aýtdy:

"Biz rus harby birleşmeleriniň ýakynlaşýandygy we gündogar Ukrainada has kän taktiki herekete geçýändigi baradaky habarlardan çuň alada galýarys. Onsoň men biziň muňa nähili jogap berjegmizi anyk aýdyp bilmeýärin, emma meniň pikirimçe, munuň ägirt uly netijeleri bolar, Birleşen Ştatlar we biziň ýewropaly ýaranlarymyz biziň şu wagta çenli Orsýet bilen gatnaşyklarymyzda hiç wagt bolmadyk ýagdaý babatda etmeli zatlar barada bir pikire gelerler."

Ukrainanyň iş başyndaky prezidenti Oleksandr Turçinow ol ýerde rus goşunlarynyň Ukrainanyň gündogar serhedine girmeginiň «hakyky howpunyň» bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol rus agentlerini ýurduň gündogaryndaky rus dilli ilatyň arasynda bidüzgünçilik, agzalalyk döretmekde aýyplady.

Anna güni agşam gündogardaky Harkow şäherinde orsýetçi we ukrainaçy demonstrasiýaçylaryň arasynda bolan çaknyşykda iki adam ölüp, birnäçe adam ýaralandy.
XS
SM
MD
LG