Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýnagözel: "Agyz suwumyz bulanyk"


Suw gaby
Suw gaby
Anna güni geçirilen hökümet maslahatynda türkmen prezidenti G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň suw hojalygy ministri Taganowa käýinç yglan etdi, diýip türkmen metbugaty habar berdi.
Maglumatda “wezipe borçlaryny doly ýerine ýetirmän, oba-hojalyk pudagyny suw serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça ministrligiň alyp barýan işinde kemçiliklere ýol berendigi üçin” Taganowa käýinç yglan edilendigi aýdylýar.
Türkmenistanyň suw üpjünçiligi bilen bagly problemalar Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan ildeşlerimiz hem wagtal-wagtal belläp geçýärler.
Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda bolsa ýaşaýjylaryň ýapdan akýan suwa bil baglaýandyklary, onuň hem suwunyň bulanykdygy aýdylýar.
Azatlyk Radiosy Türkmengala etrabynda ilatyň bulanyk suwdan içýändigi sebäpli aşgazan, öt keselleriniň köpelýändigini aýdýan 35 ýaşyndaky kärendeçi zenan Aýnagözel bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

XS
SM
MD
LG