Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Körleriň kösençlikdäki kitaphanasy


Aşgabatdaky Körleriň we kerleriň kitaphanasy
Aşgabatdaky Körleriň we kerleriň kitaphanasy

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Körleriň we kerleriň kitaphanasynyň ýörite kitap fondy 1990-njy ýylda döredilipdi. Onuň fondy 200 müňden gowrak kitapdan ybarat. Emma olaryň arasynda ýörite körler üçin düzülen braýl elipbiýindäki, ýagny relýefli-nokatly taktil şriftinde çap edilen kitaplaryň o diýen köp däldigini bu kitaphananyň işgärleriniň biri aýdýar.

Paýtagtda ýerleşýän bu kitaphanadaky braýl elipbiýindäki kitaplaryň ählisi diýen ýaly sowet döwründen galan we Dostoýewskiniň, Tolstoýyň we beýleki rus klassyklarynyň rus dilindäki eserleri. Bu ýerde häzirki zaman daşary ýurt çeper edebiýaty ýok. Kitaphanada braýl elipbiýinde neşir edilen türkmen dilindäki ýeke-täk kitap “Ruhnama”. Şol kitapdan başga braýl elipbiýinde çykan türkmençe hiç hili kitabyň ýokdugyny kitaphananyň işgäri gürrüň berýär.

Onuň aýtmagyna görä, daşary ýurtdan täze kitaplar gelmeýär. Ýurduň içinde bolsa braýl elipbiýinde kitap neşir eder ýaly ýörite enjamlar ýok. Şol sebäpden bu kitaphananyň fondy täzelenmeýär.

Kitaphananyň suwagy hem jaýrylypdyr
Kitaphananyň suwagy hem jaýrylypdyr

Paýtagtda ýerleşýän Körler we kerler kitaphanasy ýurt boýunça şonuň ýaly ýeke-täk kitaphana. Ýurduň Mary, Baýramaly, Çärjew we Daşoguz şäherlerinde bu kitaphananyň filiallary hem bar. Emma ol filiallarda körler üçin braýl elipbiýinde kitap fondy ýok diýen ýaly. Şonuň üçin, welaýatlardaky bölümler paýtagtdaky kitaphananyň kitaplaryny wagtlaýynça sargap alyp, öz okyjylaryna hödürleýärler.

Paýtagtyň Aman Kekilow köçesinde, il içinde “Gaža” diýip atlandyrylýan raýonynda ýerleşýän bu kitaphananyň jaýynyň ýagdaýy hem o diýen öwerlik däl. Bir gatly “wremýanka” diýlip atlandyrylýan jaýa meňzeş binada ýerleşýän bu kitaphananyň içki diwarlarynyň ýumrulan ýerleri hem bar. Bu kitaphananyň daşynyň diwarlary reňklenen-de bolsa, suwagynyň jaýrylan ýa-da gopjak bolup duran ýerleri bar. Onuň penjreleriniň agajynyň reňki soýlup, çişipdir.

Iki sany okalga otagyndan we bir ulurak zaldan ybarat kitaphananyň içi dar. Kitaphananyň interýerini bolsa sowet döwrüniň muzeýi diýip atlandyrsa boljak. Mebeller diňe bir köne bolman, eýsem çagşap ýatyr. Kitaplaryň duran tekjelerem çala itseň, ýykyljaga meňzeýär.

Kitaphana 1999-njy ýylyň tomsunda bolan ýangyn hem zeper ýetiripdir. Şonda kitaphananyň 600-den gowrak kitaby ýanypdyr. Döwlet tarapyndan ýeterlik hemaýat alyp bilmeýändiklerini aýdýan kitaphananyň işgärleri GDA döwletleriniň kitaphanalaryna kitap fonduny dolmaga kömek etmeklerini haýyş edip, ýüz tutupdyrlar. Şeýdip, daşary ýurtlardan kitaphananyň fondy üçin 1000-den gowrak kitap gelipdir.

Şol bir wagtda bu kitaphananyň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilýän adamlaryň sany hem çäkli. BMG-niň Ösüş programmasynyň Aşgabatdaky edarasynyň 2005-2009-njy ýyllar aralygyny öz içine alýan maglumatynda nygtalmagyna görä, ýurtda görmek mümkinçiligi çäkli adamlaryň hasaba alnan 1 müň 600-sinden diňe 237-si bu kitaphanadan peýdalanyp bilýär.

Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýeti
Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýeti

Emma Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetleriniň çäklerinde görmek mümkinçilikleri çäkli bolan adamlara braýl elipbiýinde okamagy öwrenmek boýunça ýardam berilýändigini şol jemgyýetiň agzalarynyň biri Meret gürrüň berýär. Onuň aýtmagyna görä, bu hili okuw Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetleriniň hem-de BMG-niň bilelikdäki ýörite proýektiniň çäginde amala aşyrylýar.

Şeýle-de bu okuw proýektiniň çäginde maýyplara kompýuter sowatlylygy boýunça okuw sapaklarynyň hem geçirilýändigi aýdylýar. Görmek mümkinçilikleri çäkli bolan adamlar üçin “JAWS” “gürleýän” kompýuter programmasy boýunça kompýuter sapaklarynyň geçirilýändigi barada resmi matbugatda habar berilýär.

Mundan başga-da Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetleriniň çäginde kitaplary “seslendirýän” ýörite audio studiýa hem bar. Bu studiýada çeper edebiýat audio enjamlary arkaly ýazylyp, görmek mümkinçilikleri çäkli bolan adamlara diňlemäge berilýär.

Bu özboluşly “Audio kitaphanada” 7 müňden gowrak rus dilindäki audio kitaplary bar. Emma türkmen dilindäki kitaplaryň sany çäkli. Bu studiýanyň kompýuter we beýleki käbir audio apparaturalary grantlaryň hasabyna satyn alnypdyr.

Emma Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň Nr1 okuw-önümçilik kärhanasynyň howlusynda ýerleşýän bu audio studiýanyň jaýynyň-da ýagdaýy öwerlik däl. Çagşap barýan binada ýerleşýän bu studiýanyň otaglary resmi metbugatda wasp edilýän jaýlardan düýpgöter tapawutlanýar.

Resmi çeşmelerde Türkmenistanyň 1932-nji ýylda döredilen Körler we kerler jemgyýetinde 2012-nji ýylda 2859 agzanyň bolandygy hakda maglumat berilýär.

XS
SM
MD
LG