Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara ýaryşlaryndaky pulsuzlyk armany


“Daşary ýurda gitmek üçin sponsor tapmak aňsat däl. Şonuň üçin öz puluňa gitmeli".
“Daşary ýurda gitmek üçin sponsor tapmak aňsat däl. Şonuň üçin öz puluňa gitmeli".

Daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ýaryşlara gatnaşýan türkmen sportsmenleriniň gazanýan üstünlikleri barada aram-aram ýurduň resmi metbugatynda hoş habarlar çap edilýär. Elbetde, bu üstünlikleriň aňyrsynda döwletiň, galyberse-de prezidentiň hut özüniň “sporty ösdürmek boýunça alyp barýan tagallalarynyň” ýatandygy şol resmi maglumatlarda öwran-öwran nygtalýar.

Emma türkmen sportsmenleriniň halkara ýaryşlara gatnaşmak üçin daşary ýurtlara gidenlerinde ýol çykdajylaryny olaryň öz jübüsinden tölemeli bolýan, ýogsa-da maliýe ýardamyny almak üçin ýörite sponsor-hemaýatçylary tapmaly bolýan halatlary seýrek däl.

Bu ýerde bir mysala ýüzlenmek ýerlikli bolar. Meselem, 2013-nji ýylda 7 ýaşa çenli mekdep okuwçylarynyň arasyndaky küşt boýunça Gresiýada geçirileen dünýä çempionatynda türkmenistanly Bägül Ezizowa ýeňiş gazandy. Şeýdip, ol öz ýaşynda dünýäniň çempiony bolup, Türkmenistana uly şöhrat getirdi. Emma Bägül Ezizowanyň şol ýaryşa gatnaşmak üçin sarp eden ýol, ýaşaýyş we iýmit üçin zerur bolan hemme çykdajylaryny onuň öz maşgalasy üpjün etmeli boldy.

Öz hasabyňa

Aýdylyşyna görä, dünýäniň ýaş çempionynyň ýüzbe-ýüz bolan bu ýagdaýy türkmen sportunda ýygy duşýar. Paýtagtdaky küşt mekdebiniň tälimçisi Hemranyň gürrüňinden çen tutsaň, onda türkmen küştçüleriniň öz hasabyna ýa-da sponsorlaryň kömegi bilen daşary ýurt ýaryşlaryna gatnaşýan halatlary asla seýrek däl.

“Käbir ýaryşlara bolsa, pul tapylmansoň, gidilmedi. Ýogsam, küştçüleriň ussatlyklaryny artdyrmak üçin şol ýaryşlara gatnaşmak örän zerur” diýip, Hemra häli-şindi duşup duran ýagdaý bilen tanyşdyrýar.

Hemranyň gürrüň berýän ýagdaýy sportuň beýleki görnüşlerinde hem bar. Kikboksing boýunça tälimçi Ahmediň aýtmagyna görä, sportuň bu görnüşi boýunça daşary ýurtlardaky ýaryşlara türkmen sportsmenleriniň ählisi diýen ýaly öz hasaplaryna ýa-da döwlete degişli bolmadyk goldaýjylaryň ýardamy bilen gidýärler.

“Daşary ýurda gitmek üçin sponsor tapmak aňsat däl. Şonuň üçin öz puluňa gitmeli. Bu bolsa her kime başardanok. Daşary ýurda gitmek arzan düşenok” diýip, Ahmet aýdýar.

"Pul ýok"

Emma daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlara asla gidip bilmeýändiklerini aýdýan sport tälimçileri hem bar. Mysal üçin, paýtagtdaky şäheriň Sport baradaky komitetiniň Tennis sport mekdebiniň treneriniň aýtmagyna görä, bu sport mekdebiniň tennisçileri pul serişdeleriniň ýoklugy sebäpli daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ýaryşlaryna gatnaşyp bilmeýärler.

“Biziň mekdebimize hatda sport inwentary üçinem pul berlenok. Daşary ýurtlara gitmek barada gürrüň hem edemok. Iň bärkisi goňşy döwletde geçirilýän ýaryşa gitmek üçinem pul ýok” diýip, adynyň efirde aýdylmazlygyny soran tennis sport mekdebiniň treneri gürrüň berýär.

Onuň aýtmagyna görä, daşary ýurtdan halkara ýaryşyna çakylyk gelende we Sport komitetine ýüz tutulanda, ”pul ýok” diýip jogap berýärler.

Şol bir wagtda hem käbir ýaryşlara gitmek üçin döwlet tarapyndan puluň berilýändigi hem aýdylýar. Küşt treneri Hemranyň aýtmagyna görä, ylaýta-da soňky bir ýylyň içinde daşary ýurtlara gitmek üçin döwlet tarapyndan pul serişdeleri köp berlip başlanypdyr. Döwletiň bu kömegi sportsmenleriň ýol harajatlaryny, barýan ýurtlarynda ýaşamaklary üçin çykdajylary öz içine alýar.

Eýranda...

Geçen ýyl Eýranda ýuniorlaryň arasynda geçen küşt boýunça Aziýanyň çempionatyna 16 sany türkmen küştçüsiniň sapary dolulygyna döwlet tarapyndan maliýeleşdirilipdir. Emma küşt treneri Hemranyň aýtmagyna görä, şol ýaryşa gatnaşan türkmen küştçüleriniň sany beýleki ýurtlardan gelen küştçüleriň sanyndan has az.

“Eýranda geçen ýaryş, ýaş aýratynlygy boýunça toparlara bölünip, geçirildi. Biziň komandamyzyň küştçüleri her toparda bir küştçüden diýen ýaly gatnaşdylar. Beýleki ýurtlardan bolsa her toparda azyndan üç küştçi bardy” diýip, Hemra gürrüň berýär.

Emma...

Şol bir wagtda-da döwletiň agzalýan maliýe ýardamyny almagyň hem öz şertleri bar. Köplenç halatda küştçiniň şol ýaryşa gidip ýeňiş gazanyp biljekdigini ynandyryp bilseň, pul berilýändigi aýdylýar. Özem çinownikleri, esasan, çempionatlar gyzyklandyrýar. Hemranyň aýtmagyna görä, şonuň üçinem käbir beýleki, gerimi kiçeňräk halkara ýaryşlaryndan galmaly bolýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, daşary ýurda ýaryşa gitmek üçin zerur bolan dokumentleri toplamak, awiabiletleri satyn almak üçin köplenç trenerleriň özleri tagalla etmeli bolýarlar. Mysal üçin, paýtagtdaky küşt sport mekdebinde bu hili iş bilen meşgullanýan ýörite guramaçy bolmansoň, trenerleriň özleri bu meseleler bilen meşgullanýarlar.

Türkmen sportsmenleriniň daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlardyr, bäsleşikleriň köpüsine maliýe serişdeleriniň ýoklugy sebäpli gatnaşmak mümkinçilikleriniň çäklidigine, kähalatlarda bolsa daşary ýurda gitmek üçin ençeme dokumentleri toplamak ýaly býurokratik meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryna garamazdan, olaryň halkara arenasynda gazanýan üstünlikleri az däl.

Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlary aralaygynda türkmen sportsmenleriniň 89 sany halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, 179 sany medaly gazanandyklary barada resmi metbugatda habar berilýär. Ol medallaryň 61 sanysy altyn, 69-sy kümüş we 49-sy bolsa bürünç medallardyr.

XS
SM
MD
LG