Şotlandiýada ses berijiler referenduma gatnaşyp, bu ülke Britaniýanyň düzüminde galmalymy ýa-da ondan aýrylyp, özbaşdak döwlet bolmalymy diýen soraga jogap berýärler.
18-nji sentýabrda başlanan taryhy ses berişliigiň öňüsyrasynda geçirilen pikir soralyşyklaryň netijelerine görä, ilatyň 52%-i Britaniýanyň düzüminde galmagy goldan bolsa, şotlandiýalylaryň 48%-i garaşsyzlygyň tarapynda çykyş edipdirler. Maglumata görä, her 20 şotlandiýalynyň birinde “Şotlandiýa garaşsyz bolmalymy?” diýen soraga heniz hem kesgtili jogap ýok.
“Britaniýadan bölünmeli” diýen sesler agdyklyk etse, onda Şotlandiýanyň 2016-njy ýylyň 24-nji martyda garaşsyz bir döwlet bolmagy ugrunda gepleşikler başlanar. Munuň netijesinde 307 ýyl dowam eden beýik britan bileleşiginiň soňy geler.
Şotlandiýanyň birinji premýer-ministri we separatist Şotlandiýanyň Milli partiýasynyň lideri Aleks Salmod şeýle çykyş etdi: “Bizde has ygtybarly ykdysadyýeti, şeýle-de has adalatly bir jemgyýeti gurmaga mümkinçilik bar. Bu juda bir oňat ajap ugurdyr. Hut şu sebäpli-de Şotlandiýa bu mümkinçilikden peýdalanmaly”.
Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron 15-nji sentýabrda eden çykyşynda, eger-de Şotlandiýa bölünse, “ýüreginiň juda awajakdygyny” aýtdy. Şeýle-de Kameron, eger-de Şotlandiýa bir bölünse, soňra gaýdyp Britaniýa goşulyp bilmejekdigini hem duýdurdy.
Wadalar
Garaşsyzlyk baradaky pikiri goldaýanlaryň göteriminiň uludygyndan aladalanan britan liderleri täsirli çykyşlary edip, eger-de ol Britaniýanyň düzüminde galsa, oňa has köp awtonomiýa statusy bermegi hem wada etdiler.
16-njy sentýabrda Kameron Britaniýanyň düzüminde galmagyň tarapynda çykyş edýän iki – Liberal Demokratýa we oppozisiýadaky Işçiler – partiýalarynyň liderlerine goşulyp, eger-de “ýok” diýen netijä gelinse, onda Şotlandiýanyň parlamentine has köp ygytýarlyklaryň beriljekdigini aýdýan beýannama gol goýdy.
Şeýle-de Kameron London tarapyndan edilýän ýaşaýyş, durmuş şertleriniň gowulanmagy ugrundaky harajatlaryň artdyryljakdygyny hem söz berdi.
Garaşsyzlygyň tarapynda çykyş edýänler teklipleriň ählisini ret edip, bularyň birleşmäni goldaýanlaryň aljyraňňy ýagdaýa düşendigini görkezýär diýdiler.
Bu referendumda şotlandiýalylaryň 16 ýaşdan uly we şol bir wagtda-da britan ýa-da beýleki ýewropa bileleşiginiň raýatlary bolanlarynyň ses bermäge haklary bar. Emma Şotlandiýada doglup, häzir hem ýurduň daşynda ýaşaýanlar referenduma gatnaşyp bilmeýärler.