Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nyrhlar: Kime peýda, kime zyýan


Aşgabatdaky bazarlaryň biri
Aşgabatdaky bazarlaryň biri

Täze ýyl baýramynyň ýakynlamagy bilen Aşgabadyň bazarlary hem dürli-dümen ir-iýmişlerden doldy. Bu günler paýtagtyň söwda nokatlarynda apelsin, mandarin, ananas, greýpfrut ýaly daşary ýurtlardan getirilýän azyklary näçe diýseň görse bolýar.

Geçen ýylkylardan tapawutlylykda Täze ýyl baýramynyň ýakynlamagy bilen, gürrüňi gidýän harytlaryň aglabasynyň nyrhlary hem ýokary galman, şol bir durkunda saklanýar. Deňeşdirmek üçin aýtsak, geçen ýylyň şu wagtlary bir kilogram mandariniň bahasy 4 manatdan 5-6 manada çykan bolsa, häzir mandarini 4-5 manatdan satyn alyp bolýar.

Bazarlardaky bu hili nyrh durnuklylygynyň saklanmagyny Türkmenistanyň prezidenti 8-nji dekabrda geçen hökümet maslahatynda hem tabşyrdy. Şeýle-de şol maslahatda prezident Berdimuhamedow ýurduň bazarlarynda we söwda dükanlarynda halka hödürlenýän azyk önümleriniň, beýleki harytlaryň hem-de sowgatlyk önümleriň ýokary hilli bolmagyny hem-de olaryň bolçulygyny üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy.

Prezidentiň bu çykyşyndan soň bazarlarda Täze ýyl baýramy bilen bagly harytlar köpeldi. Täze ýyl baýramçylyk söwda nokatlary döredildi.

Bu ýagdaýdan hoşal bolýan paýtagtlylar hem az däl. “Harytlaryň öňküler ýaly gymmatlamaýşy gowy. Bu adamlara Täze ýyly gowy garşylamaga mümkinçilik berýär” diýip, paýtagtly pensioner Amangeldi aga aýdýar.

Meseläniň ikinji tarapy

Emma paýtagtyň bazarlarynyň sitrus we beýleki ir-iýmişleri satýan käbir satyjylary Amangeldi aganyň şatlygyna şärik bolup bilenoklar. Hususy söwdagärleriň aýtmaklaryna görä, hökümet bu ýyl satylmaly harytlary özi paýlap beripdir. Ýagny, olar öz harytlaryny hökümetiň beren harytlary bilen bile satmaly. Belläp geçsek, hökümet tarapyndan paýlanýan mandarini, üzümi, almany olar resmileriň kesgitlän nyrhyndan satmaga borçly. Ýogsa, olara çäre görüljekdigini satyjylaryň käbirleri aýdýarlar.

”Teke bazarynyň” satyjsy Aman bu harytlary, esasan, bazar administrasiýasynyň satyjylara paýlaýandygyny hem-de paýlanyp berlen harytlaryň satuw nyrhlaryna yzygiderli gözegçilik edilýändigini gürrüň berýär.

Aman ýaly satyjylar hökümetiň söwdanyň “iň gyzgalaňly döwri” bazaryň işlerine gatyşmagy netijesinde özlerinin uly zyýana galýandyklaryny aýdýarlar.

Onuň sözlerinden çen tutulsa, döwlet tarapyndan dükanlara paýlanýan harytlaryň bahalary bazar nyrhyndan arzan bolansoň, hususyýetçileriň öz harytlarynyň söwdasy peselýär.

Bazarlarda şu ýyl Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasy diňe bir sitrus hem-de ir-iýmişleriň bahalaryna gözegçilik edilmän, eýse beýleki käbir harytlara hem gözegçilik berkeýär. Hususan-da, prezidentň ýokarda agzalan çykyşyndan soň bazarlarda ençeme aýdan soň ilkinji gezek elin et peýda boldy. Bu söwdanyň, ýagny et söwdasynyň gözegçiligi has-da berk. Etiň bir kilosy edil hökümet tarapyndan kesgitlenen 12 manat nyrhdan satylýar.

Täze Ýyl Türkmenistanda resmi derejedäki baýramçylyk we ol gün adamlar işden boşadylýar.

XS
SM
MD
LG