Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerry Parižde gepleşik geçirer


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry, Hindistanyň Gandhinagar şäheri, 12-nji ýanwar, 2015
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry, Hindistanyň Gandhinagar şäheri, 12-nji ýanwar, 2015

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry şu hepde Pariže sapar edip, yslamçy söweşijileriň hüjümi bilen baglylykda terrorçylyga garşy göreş boýunça Fransiýanyň resmileri bilen gepleşik geçirjekdigini aýtdy.

12-nji ýanwarda Hindistanda eden çykyşynda Kerry 15-nji we 16-nji ýanwarda Pariže sapar etjekdigini aýan etdi.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň administrasiýasy 11-nji ýanwarda Parižde 1 milliondan gowrak adamyň we 40 çemesi döwletiň liderleriniň gatnaşmagynda geçirilen bütewülik ugrundaky ýörişe döwletiň baş ýolbaşçylaryny ibermänligi sebäpli tankyda uçrady.

Kerry ABŞ-nyň Amerikanyň köne ýarany bilen raýdaşlygyny tassyklajakdygyny aýtdy.

Ol Pariždäki ýöriş barada eşidip, öz adminsitrasiýasyndan Fransiýa mümkin boldugyndan ir sapar etmek barada sorandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň goldawy

Kerry Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius bilen duşuşar we 7-nji we 9-njy ýanwar aralygynda Muhammet pygamberiň karikaturasyny çeken satiriki neşire, polisiýanyň zenan işgärine we ýewreýleriň halal azyk dükanyna edilen hüjümlerde pida bolan 17 adamyň hatyrasyna matam tutar.

Parižde geçirilen ýörişe ABŞ-nyň Ýewropa boýunça baş diplomaty, döwlet sekretarynyň kömekçisi Wiktoriýa Nuland we ABŞ-nyň Fransiýadaky ilçisi gatnaşdylar.

“Hiç bir terrorçylyk aksiýasy, AK-47 awtomatly iki adam, azyk dükanyndaky zamun alyşlyk, hiç bir zat azatlyk ugrunda ýörişe çykýanlaryň öňüni alyp bilmez” diýip, Kerri nygtady.

Pariždäki hüjümlerde wepat bolan pidalaryň sekizisi “Charlie Hebdo” žurnalynyň žurnalistleri. Pidalaryň ýene dördüsi 9-njy ýanwarda ýewreýleriň halal azyk dükanynda Amedy Coulibalynyň ýarag ulanyp, adamlary zamun almagy zerarly wepat boldular.

Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland hüjümi ýazgaryp, ony “aýylganç antisemit hereket” diýip atlandyrdy.

Ýewreýleriň goramak boýunça çäre görülýär

Içeri işler ministri Bernard Cazeneuve 12-nji ýanwrada eden çykyşynda Fransiýanyň 700 çemesi ýewreý mekdebini goramak üçin 5 000 polisiýa we howpsuzlyk güýçleriniň çekiljekdigini aýtdy.

Hüjümler bilen baglylykda Ysraýyla Fransiýadan barýan ýewreýleriň sanynyň şu ýyl köpelmegine garaşylýar.

Ysraýyla emigrasiýa boýunça agentligiň ýolbaşçysy Natan Şaransky şu ýyl Ysraýyla barjak fransiýaly emigrantlaryň sanynyň 10 000 adam çemesi boljakdygyny çak edýär. Emigrantlaryň sany 2014-nji ýylda 7 000 we 2013-nji ýylda 3 300 adam bolupdyr.

XS
SM
MD
LG