Garaşsyzlykdan soň ençeme ýylyň dowamynda müňlerçe türkmenistanly daşary ýurtlara gitdi. Daşay ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanly raýatlar dürli kärler bilen meşgullanýarlar. Olaryň arasynda öz ugry boýunça üstünliklere eýe bolan, at gazanan adamlar hem bar.
Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny daşary ýurtlarda öz işleýän ugurlary boýunça üstünliklere eýe bolan türkmenistanlylaryň geçen ýolyna hem durmuş tejribelerine gönükdirmekçi.
Sizem daşary ýurtlarda üstünlik gazanan türkmenistanly raýatlary tanaýan bolsaňyz, olar barada diňleýjilere aýtjak maglumatlaryňyz bar bolsa, şeýle-de bu temadaky gepleşigimize gatnaşmak isleýän bolsaňyz onda bize hat ýazyň. Biziň aragatnaşyk hat salgymyz hat@azatradio.org