Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Eýran bilen ylalaşyga ynamly


"Gelýän iki ýarym aýda Eýran bilen gepleşikleri tamamlamagyň ägirt uly wezipesi öňümizde dur" diýip, Kerry Luebek şäherine gelende aýtdy.
"Gelýän iki ýarym aýda Eýran bilen gepleşikleri tamamlamagyň ägirt uly wezipesi öňümizde dur" diýip, Kerry Luebek şäherine gelende aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri 15-nji aprelde Birleşen Ştatlaryň we onuň Eýranyň ýadro programmasy babatdaky gepleşikler boýunça partnýorlarynyň dünýäni has howpsuz etjek ylalaşyk gazanyp biljegine ynamlydygyny aýtdy.

Şu aralykda Eýranyň prezidenti Hassan Rohani, eger ylalaşyga gol çekilse, Tähranyň derrew sanksiýalardan dynmak isleýändigini nygtady.

Dünýäniň alty iri döwleti we Eýran 2-nji aprelde Eýranyň ýadro aktiwliklerini çäklendirjek deslapky ylalaşyga gelmegi başardylar. Bu şertnama Eýranyň, eger synanyşyk etse-de, ýadro ýaraglaryny edinmek mümkinçiliklerini azaldýar we oňa derek BMG-niň, ÝB-niň we ABŞ-nyň sanksiýalaryny ýatyrmagy wada berýär.

Olar gutarnykly ylalaşyga gelmegiň möhletini 30-njy iýuna bellediler.

"Gelýän iki ýarym aýda Eýran bilen gepleşikleri tamamlamagyň ägirt uly wezipesi öňümizde dur" diýip, Kerry Germaniýanyň Luebek şäherine, G7 toparynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gelende aýtdy.

Ol prezident Barak Obamanyň adminstrasiýasy biziň prezident üçin bir «ylalaşyk gazanmak we şonuň bilen birlikde dünýäni has howpsuz etmek ukybymyza ynamly» diýdi.

Kerri 14-nji aprelde Waşingtonda «kongres diňlenişigi boýunça eglişik gazanylandygyny» aýtdy.

Senatyň daşary gatnaşyklar komiteti Eýranyň Ýadro şertnamasyna syn aktynyň düzedilen görnüşine 19 adamyň goldamagynda, hiç kimiň garşy bolmazlygynda ses berdi.

Obama bu hili kanun taslamasyna weto goýjagyny aýdyp haýbat atdy, emma demokratlar we respublikanlar bu çäre boýunça ylalaşyga gelenden soň, garşylygyny bes etdi.

Indi Senatda doly maslahatlaşmaga we sese goýulmaga iberilýän kanun taslamasy, eger Obama Eýranyň ýadro programmasy boýunça baglaşyljak gutarnykly ylalaşygyň doly tekstini 9-njy iýula çenli tabşyrsa, kongresiň baha bermegi üçin 30 gün möhlet kesgitleýär.

Ak tama eglişik edip, bu möhlet başda teklip edilen 60 günlüginden gysgaldydy.
Ýöne ylalaşyk teksti 9-njy iýuldan soň tabşyrylsa, syn bermek möhleti 60 güne çenli uzaldylar.

Başga bir eglişik bolsa, gaýtadan seredilen kanun taslamasy Eýrana, terrorizm aladalary bilen bagly, gaýtadan sanksiýa girizmek mümkinçiligini azaldýar.
Sanksiýalaryň aýrylmak möhleti babatdaky oňuşmazlyklar Tähran bilen ylalaşygyň öňünde duran esasy päsgeliçilikleriň biridir.

Eýran sanksiýalaryň derhal ýatyrylmagyny isleýär, emma Birleşen Ştatlar sanksiýalaryň ýuwaş-ýuwaşdan, Tähranyň ylalaşyk şertlerini berjaý edişine görä aýrylmalydygyny aýdýar.

"Gepleşikleriň şu tapgyrynda sanksiýalaryň soňuna çykylmasa, ol ýerde ylalaşygyň bolmajagyny her bir adam bilsin" diýip, Rohani 15-nji aprelde döwlet telewideniýesinde berlen sözünde aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň gaýtadan seredilen kanun taslamasyna görä, prezident Eýranyň ballistik raketalar we terrorizm bilen ilteşigi barada döwürleýin hasabat berip durmaly, emma ol hasabatlar sanksiýalaryň ýene bir tapgyryna itergi bermez.

Hasabat döwründe Obama prezident tarapyndan girizilen sanksiýalary ýatyryp biler, emma onuň Kongres tarapyndan girizilen sanksiýalary gowşatmagynyň öňi beklener.

Senatyň bu kanun taslamasyna şu aýda ses bermegine garaşylýar we Wekiller öýündäki respublikan liderleri ony şondan kän wagt geçmän tassyklamagy wada berdiler.

Rohany bu kanun taslamasyny ABŞ-nyň öz içki meselesi hökmünde ret etdi.
"ABŞ-nyň Senatynyň, Kongresiniň we başgalaryň aýdýan zatlary biziň problemamyz däl, biz iri döwletler bilen gürleşýäris, Kongres bilen däl" diýip, Rohany aýtdy.

Bu şertnamanyň Eýranyň ýadro ýaraglaryny edinmek mümkinçiligini azaltmaga ýetirjek täsiriniň az boljagyny aýdýan Ysraýyl ylalaşylan kanun taslamasyndan kanagatlanma bildirdi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG