Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Keýikleriň ölümi kosmodrom bilen baglymy?


Gazagystan
Gazagystan

Gazagystanyň kosmos ugrundan ýokary derejeli resmisi, ýurtda öňdenem doly ýitip gitmek howpy astyndaky keýikleriň köpçülikleýin gyrylmagynyň sebäbiniň bu sebitdäki raketa heläkçilikleri bilen bagly bolmagynyň ähtimaldygy barada öňe sürlen çaklamalara jogap berip, “biz bu ýerde göni arabaglanyşyk görmeýäris” diýdi.

Emma Gazagystanyň Kosmos agentliginiň ýolbaşçysynyň orunbasary Meirbek Moldabekow 90 müň çemesi saýgak keýikleriň ölümine sebäp bolup biljek başga hiç hili düşündiriş bermedi. Ölen keýikleriň sany olaryň ýurtdaky umumy sanynyň üçden bir bölegini emele getirýär.

26-njy maýda Astanada parlament komitetiniň maslahatynda eden çykyşynda Moldabekow ýurduň Kustanaý, Akmola we Aktube regionlarynda saýgaklaryň gyrylmagy “elbetde, ekologiýa, şeýle-de Baýkonurdaky kosmodrom” bilen bagly bolup biler diýdi.

Orsýetiň öz kosmos programmasynyň çäklerinde raketalary uçurmak üçin merkez hökmünde peýdalanýan Baýkonur kosmodromy Kustanaý we Akmola regionlaryndan 300 kilometr uzaklykda ýerleşýär we onuň Aktube regiony bilen arasy 600 kilometrden ybarat.

Komitetde geçirilen maslahatyň yz ýany žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Moldabekow Moskwanyň 16-njy maýda uçuran Proton-M raketasynyň heläkçilige uçramagynyň töwerek-daşa we saglyga ýetiren täsiri boýunça bilelikdäki barlaglary geçirmäge razylyk berendigini aýtdy.

Proton-M soňky ýyllarda üns merkezine düşdi. Ýokary derejede zäherli ýangyç bilen işleýän bu göteriji raketalaryň birnäçesi, Baýkonurdan uçurylansoň, Gazagystanyň howa giňişliginde partlapdy.

Aktiwistler 2012-nji ýylda Kustanaý regionynda bir müň çemesi saýgagyň gyrylmagyna raketalaryň sebäp bolandygyny aýtdylar. Degişli häkimiýetler şol gezek keýikleriň ölümine pasteurellosis bakteriýasynyň sebäp bolan bolmagynyň mümkindigini çaklapdylar, emma bu resmi taýdan tassyk edilmändi.

Gazak häkimiýetleri saýgaklaryň ölümi bilen bagly häzirki wakalara hem bakteriýanyň sebäp bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar. Ölen haýwanlardan, toprakdan alnan nusgalar Astana, laboratoriýa iberildi, emma netijeler entek mälim däl.

Gazagystan saýgaklaryň ýaşaýan esasy ýeri hasaplanylýar. Ozalky döwürde millionlap hasaba alnan bu keýikleriň sany Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň çürt-kesik azaldy. Awçylar olary bu janawarlaryň eti we şahy üçin awlaýarlar.

XS
SM
MD
LG