Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Awazanyň” öňki ýaşaýjylary nirede?


"Awaza" syýahatçylyk zolagy.

Mundan birnäçe ýyl ozal Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenarynda “Awaza” syýahatçylyk zolagynyň gurluşygy amala aşyrylyp başlanan mahaly, müňlerçe ýaşaýyş jaýy we daçalyklar ýumrulypdy. Bu sebitde öňden bäri ýaşap gelýän ýaşaýjylar bolsa, “Awaza” syýahatçylyk zolagynyň 40 kilometr uzaklygynda ýerleşýän “Garşy” atly sebite göçmäge mejbur bolupdy.

Häzirki wagtda şol ýaşaýjylaryň “Garşy” atly sebitden hem göçmeli bolandygy habar berilýär. Eýse, şol ýaşaýjylar häzirki wagtda nirede ýaşaýarlar?

Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, “Awaza” syýahatçylyk zolagynyň öňki ýaşaýjylarynyň häzirki ykbaly barada Balkan welaýatyna ýygy-ýygydan sapar edýän ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:56 0:00

Teswirleri gör (7)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG