Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Köýtendagyň görküni “zibil gaçyrýar”


Lebap welaýatynyň Köýtendag şäherçesiniň Berdi Kerbabaýew we Türkmenistan köçeleriniň ugrunda ýerleşýän “etažkalar” ady bilen tanalýan kiçeňräk raýon we şäherçäniň ýarpysy şu günler hapa atylýan zibilhana meňzeýär.

Plastik çüýşeler çaşyp ýatyr, polietilen paketler şemalda uçuşyp ýör, bu indi agzalýan ýerde adaty ýagdaý diýlip hasaplanýar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir ýaşaýjylar, munuň sebäbini zir-zibil konteýnerleriniň seýrekligi ýa-da asla ýoklugy bilen düşündirýärler.

Ýagdaý diňe zir-zibil taşlanýan konteýnerleriň ýoklugy bilen çäklenmän, köçäniň ugruna taşlanan hapalar käbir halatlarda ençeme günläp arassalanmaýar, aslynda her gün arassalanmaly ýerlerden degişli edaralar wagtly-wagtynda habar tutmaýarlar.

Kynçylyklar

65 ýaşlaryndaky Nesibe daýza Azatlyk Radiosyna bu ýagdaýyň ýyldan-ýyla gaýtalanyp gelýändigini düşündirip, ýerli häkimlige edilýän arza-şikaýatlaryň bolsa ýerine ýetirilmän, hatda jogapsyz galdyrylýandygyny gürrüň berdi.

Zir-zibiller tiz-tizden aýrylmasa, ýygnanyp, pytraşyp ýatyr, ýerli ýaşaýjylar bolsa bu ýagdaýdan nähili çykalga tapjaklaryny bilmeýärler. Onsoň ilat bu meselede degişli edaranyň ýerli ýolbaşçylaryny günäkärleýär. Ýerli ýolbaşçylaryň bolsa özüne ýeterlik kynçylyklary bar.

Azatlyk Radiosyna berlen maglumata görä, ýerli hojalyk edarasynyň Köýtendag etraby boýunça edil şu wagt hapa daşaýan ýekeje maşyny bar. Edaranyň maşyny köne, onsoň onuň işleýän wagtyndan, döwlüp işlemän ýatan wagty köp bolýar.

Zir-zibiller hepdede bir gezek aýrylýar

Maşynyň döwlen günlerinde ýagdaý has hem ýaramazlaşýar. Beýle ýagdaýda gowy arassalandy diýilende-de, zir-zibiller hepdede bir gezek aýrylýar. Emma hojalyk edarasynyň maşynynyň köneligi bir mesele diýseň, üstesine, agzalýan edaranyň ýeterlik işgäri hem ýok.

Köýtendagyň “etažkalar” diýen ýeriniň häzirki ýagdaýynyň talap edilýän sanitariýa-epidomologik şertlere asla dogry gelmeýändigi hem ýerli ýaşaýjylary alada goýýar. Olar bu raýonda infeksion keselleriň köpçülikleýin ýaýramagyndan howatyr edýärler.

Etrapda çagalaryň oýnamagy üçin ýörite parklaryň bolmazlygy we çagalaryň çem gelen ýerde güýmenmäge mejbur bolmagy ”etažkalaryň” ýaşaýjylaryny hasam alada goýýar.

Ünsi çekýän ýene bir esasy ýagdaýlaryň biri “etažkalar” diýilýän B.Kerbabaýew we Türkmenistan köçeleriniň ugrundaky binalaryň aglabasynyň hökümete degişli jaýlardan ybarat bolmagy.

Emma şol bir wagtyň özünde şäherçäniň hususyýetçilere degişli pes jaýly raýonlary özüniň arassaçylygy bilen tapawutlanýar. Şol köçeleriň arassaçylygy, umuman hökümetiň däl-de, eýse ýaşaýjylarynyň öz tagallasy bilen saklanylýar.

Bu ýerde her kim öz hojalygyna üns berýär, köçäniň öz gabadyndaky bölegini arassa saklaýar. Şeýle kontrastly şäherçede ýygy-ýygydan arassaçylyk ýowarlary hem geçirilýär, oňa býujet edaralarynyň işgärleri gatnaşdyrylýar.

Gepiň gerdişine görä aýtsak, bütin etrabyň hapa dökülýän ýeri - halka täze mellek paýlanan ýeriň alkymynda ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG