Azatlyk Radiosynyň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda “Türkmenistanda milli azlyklaryň, şol sanda özbekleriň, gazaklaryň mekdepleriniň, gazet-žurnallarynyň ýapylanyna ençeme ýyl boldy. Bu ýagdaýyň netijeleri şu günki gün nämede göze ilýär?” diýen sorag bilen açan forumyna okyjylarymyzdan ençeme seslenmeler gelip gowuşdy.
Gepiň gerdişine görä belläp geçsek, Azatlyk Radiosy bu forumy Özbegistanyň Horezm welaýatyna degişli Ürgenç etrabynyň Türkmenler diýlip atlandyrylýan obasyndaky ýörite türkmen mekdebi barada wideoraport taýýarlan güni, ýagny 13-nji oktýabrda açdy. Gürrüňi edilýän wideoda Özbegistandaky türkmen mekdebi, onda bilim alýan türkmen çagalary barada maglumat berilýär.
Bu forumymyza ilkinji bolup teswir ýazanlaryň biri Mähri atly okyjymyz bolup, ol: “Türkmenistanda gazet-žurnallary türkmenler okanok, başgalar näme etsinler? Täjikleriň obasyndaky mekdepde düýbünden okuw ýokmuş, çagalar atlarynam ýazyp bilenokmyş” diýip ýazýar. Emma okyjymyz öz teswirinde agzalýan şol obanyň nirede ýerleşýändigi barada anyk maglumat bermändir.
“Bu nähili adalat?”
Rodion atly okyjymyz ýörite etniki dillerde sapak berýän mekdepleriň ýapylmagynyň we agzalýan dillerdäki neşirleriň gadagan edilmeginiň “Bilimde hem-de syýasatda göze ilýändigini” ýazypdyr.
Forumymyzda teswir galdyran okyjylarymyzyň arasynda Özbegistanda türkmen mekdebiniň bardygyna, emma Türkmenistandaky özbek mekdepleriniň ýapylandygyna üns çekenler hem bar. Olardan biri Diýar atly okyjymyz: “Türkmenistanda özbek mekdebi ýok. Bu nähili adalat?” diýen soragy goýýar.
Okyjylarymyzyň käbirleri bolsa, Türkmenistanda türkmen dilinde bilim berilmelidigini öňe sürýärler. Ataş Ata öz teswirinde “Türkmenistanda türkmenleriň ýaşaýandygyny”, şonuň üçin “türkmençiligi sylamaly hem-de hormatlamalydygyny” aýdýar.
“Türkmenler myhmansöýer halk”
Özüne Vava Muslim diýip at beren okyjymyz bolsa “türkmenleriň myhmansöýer halkdygyny” ýatladyp, “Gep türkmençäni bilmekde ýa-da olar tarapyndan türkmenlere hormat goýmakda däl, tersine biz [ýurda] gelenlere hormat goýmaly. Türkmen halky myhmansöýer halk! Şol myhmansöýerligimizi ýitirmäliň. Men-ä türkmen däl millet Türkmenistanyň adyny garalady diýip eşidemok. Şonuň üçin bir-birege sylanyşyk bolsun” diýip, öz teswirini jemleýär.
Okyjylarymyzyň arasynda bu tema barada öz ýaňsyly garaýyşlaryny beýan edenler hem bar. Nazar Gurdow atly okyjymyz forumymyzdaky soraga “Arkadag göze ilýär” diýen gysga jogaby beripdir.
Özbek, gazak we beýleki etniki dillerden tapawutlylykda, Türkmenistanda rus dilinde sapak berýän bir mekdep henizem öz işini dowam etdirýär, şeýle-de rus dilinde çap edilýän bir gazet hem bar. Ýeri gelende aýtsak, bu pikirler Azatlyk Radiosynyň okyjylarynyň pikiri bolup, ol Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.