Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat, Kiýew hyzmatdaşlyga taýýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) we Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko (çepde).
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) we Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko (çepde).

Türkmenistan ýurduň ýangyç-energiýa pudagyna degişli önümleriň Ukraina eltilýän möçberini artdyrmaga taýýar diýlip, resmi maglumatlarda aýdylýar.

29-njy oktýabrda türkmen metbugatynda berlen maglumata görä, bu barada Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko bilen Aşgabatda geçiren gepleşiklerinden soň mälim edýär.

Resmi maglumatlarda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “ýurduň ýangyç-energiýa pudagyna degişli önümleriň Ukraina eltilýän mukdaryny artdyrmaga we bu pudak boýunça bilelikdäki proýektleriň durmuşa geçirilmegine taýýardygyny” aýtdy diýilýär.

“Ukraina möhüm rol oýnar”

Poroşenkonyň Türkmenistana edýän iki günlük resmi saparynyň dowamynda türkmen we ukrain prezidentleri iki ýurduň transport pudagy boýunça hem hyzmatdaşlyk etmeginiň möhümdigini bellediler.

“Häzirki wagtda Türkmenistan öz partnýorlary bilen bilelikde Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça transport-tranzit we logistika, ýagny ýüki saklamak hem-de ýerleşdirmek üçin köpugurly we utgaşdyrylan görnüşli infrastrukturany döredýär. Gelejekde ol Hazar deňiz, Gara deňiz, Ortaýer deňiz we Baltika regionlaryna girýän tranzit kontinentara ýollary öz içine alar.

Bu ýollar Ýewropa we Ýakyn Gündogardaky bazarlara amatly ugry açar. Güýçli port infrastrukturasyna eýe bolan we geografik taýdan amatly ýerde ýerleşen Ukraina bu planlaryň durmuşa geçirilmeginde möhüm rol oýnap biler” diýip, maglumatda Berdimuhamedowyň sözlerinden bir bölek getirilýär.

80-den gowrak ukrain proýekti

Şeýle-de türkmen prezidenti Aşgabadyň “Ruhyýet” köşgünde ukrain kärdeşi bilen geçiren gepleşiklerinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda global energiýa howpsuzlygy, häzirki zaman global howplara garşy göreş – halkara terrorizmi, neşe gaçakçylygy, halkara guramaçylykly jenaýatlar ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmäge gönükdiriler diýdi diýlip, resmi maglumatda aýdylýar.

Türkmenistanyň we Ukrainanyň arasynda ykdysady gatnaşyklara degişli ençeme ylalaşyk bar. Häzirki wagtda Türkmenistanda Ukrainanyň bahasy 3,5 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 80-den gowrak inwestisiýa proýektleri durmuşa geçirilýär.

XS
SM
MD
LG