Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek: Din mugallymlarynyň 90%-ne rugsatnama berilmez


Synp tagtasy we kitaplar.
Synp tagtasy we kitaplar.

2016-njy ýylda Gyrgyzystanda dini mekdepleriň, ýagny medreseleriň mugallymlarynyň hiç birine diýen ýaly iş rugsatnamasy berilmez. Sebäbi olaryň din babatynda ýokary bilim hakyndaky şahadatnamalary ýok.

Gyrgyzystanyň Dini sertifikasiýa komissiýasynyň başlygy Abdulla Asrankulow 23-nji fewralda Azatlyk Radiosyna 2014-nji ýylda kabul edilen düzgünleriň has berk ýerine ýetirilmegi netijesinde ýurduň medreselerindäki mugallymlaryň 92 prosenti özleriniň mugallymlyk rugsatnamasyny ýitirerler diýdi.

Şeýle hem Asrankulowyň bildirmegine görä, ýurduň Dini meseleler boýunça döwlet komissiýasy Gyrgyzystanyň Baş müftüsine medreseleriň dini bilimler boýunça uniwersitet derejesinde şahadatnamasy ýok ýa-da resmi taýdan ykrar edilen uniwersitetlerden diplomy ýok mugallymlaryny işden boşatmagy maslahat berer.

Kontrollygy güýçlendirmek

Gyrgyzystandaky 101 medresäniň arasynda öz mugallymlaryny 24-nji fewralda başlanjak sertifikat almak çäresi üçin hasaba aldyran medreseleriň sany häzir 72 sany.

2014-nji ýylda girizilen çärelerde dini mekdepleri düzgünleşdirmek, ekstremistleriň sapak bermeginiň öňüni almak maksady bilen medreseleriň mugallymlarynyň iş rugsadynyň wagtly-wagtynda tassyklanmagy talap edilýär.

2012-nji ýylda Gyrgyzystanyň howpsuzlyk işgärleri ýurduň ýokary dini häkimiýeti Müftüligi çagalary bikanun suratda Bangladeşdäki medreselere iberýänlikde aýypladylar. Aýdylyşyna görä, bu medreselerde mugallymlar "Tabligi Jamaat" hereketiniň ekstremistik garaýyşlaryny wagyz edipdirler.

Gyrgyz häkimiýetleriniň medreseleriň üstünden edilýän kontrollygy güýçlendirmek boýunça girizýän çäreleri tutuş ýurtda yslamçy radikalizmiň barha artýan wagtyna gabat gelýär.

Antiterroristik operasiýalar

Gyrgyz häkimiýetleri soňky aýlarda terrorizme garşy operasiýalary ýola goýdular. Bu operasiýalarda yslamçy ekstremistleriň öldürilendigi, käbirleriniň hem tutulandygy aýdylýar.

Iýul aýyndan oktýabr aýyna çenli Bişkekde alnyp barlan antiterroristik operasiýalarda türmeden gaçan birnäçe yslamçy bilen azyndan dört sany polisiýa işgäri wepat boldy.

Gyrgyz häkimiýetlerini Orta Gündogardaky "Yslam döwleti" atly jeňçi topara goşulandyklaryna ynanylýan ýüzlerçe gyrgyz ýaşlarynyň ykbaly hem aladalandyrýar.

Ýanwar aýynyň ortalarynda Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrligi 2015-nji ýylda Siriýada we Yrakda yslamçy jeňçileriň hatarynda söweşip, otuzdan gowrak gyrgyz raýatlarynyň ölendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG