Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Brusseliň aeroportunda partlamalar boldy


Brusseliň aeroporty ewakuasiýa edildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:19 0:00

Brusseliň aeroporty ewakuasiýa edildi

Belgiýanyň häkimiýetleri we köpçülikleýin habar serişdeleri22-nji martda Brýusseliň esasy aeroporty bilen metro stansiýasynda bolan partlamalarda azyndan 28 adamynyň öldendigini aýdýarlar.

Partlamalardan soňra Belgiýanyň paýtagtynda jemgyýetçilik gatnawy kesilip, Ýewropa Bileleşiginiň işgälerine daşary çykmazlyk barada görkezme berildi.

Belgiýanyň mediasy federal prokurorlygyň partlamalarda azyndan 28 adam ölüp, 35 adamynyň ýaralanandygyny bildirendigini habar berdiler. Ondan ozal habar gullugy "AFP" ýangyn söndürijilere salgylanyp, ölenleriň sanyny 21 diýip beripdi.

Habarlarda Zawentem aeroportunda bolan partlamalary janyndan geçen bir hüjümçiniň amala aşyrandygy aýdylýar.

Tutuş Belgiýada hüşgärlik derejesi ýokarlandyrylyp, maksimuma ýetirildi. Belgiýada ýaşaýan militantlaryň noýabr aýynda Parižde 130 adamyň başyna ýeten hüjümlere gatnaşandygy belli bolaly bäri bu ýerde howpsuzlyk ýagdaýy üns merkezinde durýar.

Partlamalar Pariž hüjümini gurnanlykda güman edilýän we bu hüjümde diri galan Saleh Abdeslam tutulanyndan dört gün soň boldy.

Goşa partlama aeroportuň zalyny lerzana getirdi.

Zak Mouzoun atly bir ýolagçy Fransiýanyň "BFM" telekanalyna ikinji partlamanyň zalyň basdyrmasyny çökerendigini aýdyp, "hemme ýere gan ýaýrady" diýdi.

"Belga" habar gullugynyň aýtmagyna görä, hüjümçiler partlamadan öň ot açyp, arap dilinde nämedir bir zatlary gygyrypdyrlar.

Aeroportda ýolagçylar zaldan çykarylyp, Belgiýanyň krizisegarşy göreşýän merkezi adamlara aeroporta ýakynlaşmazlygy maslahat berdi.

Beýleki partlama ir ertir köpçülikleýin işe gidilýän mahaly Ýewropa Bileleşiginiň edarasynyň golaýynda ýerleşýän Maalbeek metro stansiýasynda boldy.

Telewideniýe stansiýanyň girelgesinden gara tüssäniň köwsarlap daşary çykýanyny görkezdi.

Ýewropa Bileleşiginiň işgärleri we howpsuzlyk meselelerine hem garaýan Býujet komissary Kristalina Georgiýewa Twitterde Bileleşigiň edaralarynyň öz işgärleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin bilelikde iş alyp barýandyklaryny mälim etdi. Ol Ýewropa Bileleşiginiň işgärlerini "içerde, jaýlaryň içinde" galmaklyga çagyrdy.

Partlamalar Pariž hüjüminde esasy güman edilýän Saleh Abdesalam Brýusselde diri tutulanyndan dört gün soň boldy.

Ýewropanyň aeroportlarynda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi. Fransiýanyň prezidenti François Hollande ýurduň premýer-ministri Manuel Walls, goranmak ministri Žean-Yves Le Drian we içeri işler ministri Bernard Kazeneuw bilen gyssagly duşuşyk geçirdi.

Geçen ýylyň 13-nji noýabryndan bäri Fransiýada adatdan daşary ýagdaý saklanýar.

XS
SM
MD
LG