Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä liderleri ‘Panama kagyzlaryny’ ret etdiler


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin.

Dünýä liderleri özleriniň ençemesiniň uly möçberdäki pullaryny hukuk goraýjy organlardan ýaşyryn başga ýurtlara geçirmäge mümkinçilik beren gizlin ofşor kompaniýalary bilen ilteşiklidigini paş eden dokumentlere garşylyk görkezjek bolup, 4-nji aprelde basga düşdüler.

"Panama dokumentleri" diýlip atlandyrylýan uly göwrümli raport 3-nji aprelde dürli habar gulluklary tarapynan bir wagtda ençeme dilde çap edildi. Bu dokumentlerde on iki sany häzirki ýa öňki döwlet baştutanlarynyň, şol sanda Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenkonyň hem ofşor korporasiýalarynyň bardygy aýan edilýär.

Panamada ýerleşýän "Mossak Fonseka" (Mossack Fonseca) atly hukuk kompaniýasyndan syzyp çykan dokumentler şeýle-de on ýedi sany häzirki ýa öňki liderleriň, şol sanda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň-de garyndaşlarynyň we ýakyn ýaranlarynyň ofşor hasaplarynyň bardygyny görkezýär.

Dokumentler

Dünýä liderleriniň birnäçesi hasabatyň özleriniň nädogry iş edendiklerini görkezmeýändigini aýdyp, ony şol bada ret etdiler.

Aýdylyşyna görä, agzalýan dokumentlerde Ukrainanyň prezidenti Poroşenkonyň 2014-nji ýylyň awgust aýynda Kiýewiň güýçleri bilen Orsýet tarapdan goldanylýan separatistleriň arasynda söweş barýarka, öz "Roşen" konditor kärhanasyny Britaniýanyň Wirgin adalaryna geçirendigi görkezilýär.

Poroşenko "Facebook" saýtynda goranyp: "Prezident bolanymdan soň men öz baýlygymy dolandyrmak işini bir abraýly hukuk kompaniýasyna tabşyrdym. Olar gerekli maglumatlary ukrain we halkara habar serişdelerine bererler diýip umyt edýärin" diýip ýazdy.

Moskwada bolsa Kreml, köpçülige ýetirilen maglumatlary berk tankytlap, bu salgyt dokumentlerini ilkinji nobatda Putiniň garşysyna gönükdirilen hüjüm diýip atlandyrdy.

“Nyşana alynýan esasy zat...”

Metbugata syzan maglumatlarda Putiniň ady geçenok. Ýöne onuň ýakyn ýaranlary tarapyndan şübheli pul geçiriş ulgamyndan peýdalanylyp, iki milliard dollaryň ýurduň daşyndaky gümürtik kompaniýalara geçirilendiginiň dokumentler arkaly subut edilendigi bellenýär.

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow 4-nji aprelde şeýle diýdi: "Nyşana alynýan esasy zat - Putin, Orsýet, biziň watanymyz, durnuklylygymyz we ýetip gelýän parlament saýlawlary, aýratyn-da ýagdaýy bulaşdyrmak".

Ol bu maglumatlarda Orsýetiň lideri barada "täze ýa anyk bir zat ýok" diýip, sözüniň üstüne goşdy. Bu paş etmeleriň aňyrsynda Birleşen Ştatlaryň aňtaw gulluklarynyň ýatandygyny ileri sürdi.

"Biz bu žurnalistler toplumy diýilýäni bilýaris. Käriniň žurnalistlikdigi şübheli köp žurnalist bar - Amerikanyň döwlet departamentiniň, Merkezi aňtaw gullugynyň we beýleki ýörite gulluklaryň köpsanly öňki işgärleri bar" diýip Peskow aýtdy.

Aliýewiň gyzlary diýilýär

“Panama Kagyzlarynda” bu maglumatlaryň Panamada ýerleşýän "Mossak Fonseko" atly hukuk kompanýasyndan ele salnan millionlarça e-mailden we beýleki dokumentlerden toplanandygy aýdylýar.

Ilki Germaniýanyň "Süddeutsche Zeitung" gazetine gowşurylan materiallar soňra merkezi Waşingtonda ýerleşýän ”Derňeýji žurnalistleriň halkara konsorsiumy” "ICIJ" bilen paýlaşyldy.

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýewiň welin bu maglumatlara entek görkezen reaksiýasy ýok. Aýdylyşyna görä, Panamanyň bir ofşor kompaniýasynyň iki müdiriniň biri Aliýewiň aýaly. Azerbaýjanyň "AtaHolding" kärhanasyna kontrollyk edýän hem şu kompaniýa.

Hasabatda şeýle-de Azerbaýjanyň altyn känlerini özleşdirmek boýunça iş alyp barýan kompaniýalaryň arasynda uly paýa eýe Panama şirketine kontrollyk edýänler Aliýewiň gyzlary diýilýär.

Öz baýlygyny bir gizlin maliýe kompaniýasynda aýalynyň adyna hasaba aldyran we oppozisiýa tarapyndan wezipeden çekilmegi talap edilýän Islandiýanyň premýer-ministri hem öz wezipesinden çekilmejekdigini bildirdi.

"Men bu mesele sebäpli wezipeden çekilmek hakda oýlanamok we bu mesele sebäpli wezipeden çekilmekçi hem däl" diýip, premýer-ministr Sigmundur Dawid Gunnlaugsson Islandiýanyň "Channel 2" telekanalyna aýtdy.

“Panama dokumentlerinde” Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şerifiň-de ogullarynyň ady bar. Ýöne döwlet premýer-ministriň maşgalasynyň haýsydyr bir jenaýat iş edendigini inkär edýär.

XS
SM
MD
LG