Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet doping derňewinden ýüz öwürdi


Orsýetiň sport boýunça ministri Witaliý Mutko.
Orsýetiň sport boýunça ministri Witaliý Mutko.

Orsýetiň sport ministri ýurduň prokurorlarynyň Dopinge garşy bütindünýä agentligi WADA-nyň orsýetli sportçularyň dowamly doping ulanýandygy baradaky hasabatyny barlandyklaryny, ýöne resmi derňew geçirmekden ýüz öwrendiklerini aýtdy.

Sport ministri Witaliý Mutko 8-nji aprelde: "Men diňe Baş prokuroryň agzalýan hasabaty üns bilen öwrenip, hiç bir halatda iş gozgar ýaly birjik-de kanuny esas tapmandygyny aýdyp bilerin" diýdi.

Dopinge garşy bütindünýä agentligi 2015-nji ýylyň noýabrynda çykaran 335 sahypalyk raportynda orsýetli sportçular gadagan edilen dermanlary döwletiň goldamagy bilen yzygiderli ulanýanlykda aýyplanypdy. Bu aýyplamalar hem Orsýetiň Atletika federasiýasynyň halkara ýaryşlaryndan wagtlaýyn mahrum edilmegine getirdi.

30-dan gowrak sportçy

Hasabat ýaýradylanyndan soň prezident Wladimir Putin bu işde döwletiň eliniň bardygyny ret edip, jogapkärçilik "şahsy" bolmaly diýse-de, öz sport ministrine bu meselä "mümkin boldugyndan uly üns" berilmegini tabşyrdy.

Putin şonda: "Biziň özümiziň içerde derňew geçirip, halkara anti-doping strukturalary bilen açyk, muny nygtap aýdýaryn, açyk we professionallyk bilen hyzmatdaşlyk etmegimiz zerur" diýdi.

Orsýet şondan bäri öz sportçularynyň ýaryşlardan çetleşdirilmegi baradaky kararyň üýtgedilmegini gazanmak üçin halkara resmilerini yrmaga dyrjaşýar. Moskwany has-da aladalandyrýan zat sportçularynyň awgust aýynda Braziliýada Rio de Žaneýroda geçjek tomusky Olimpiada oýunlaryna goýberilmezligi.

Üstümizdäki ýyl Orsýetiň otuzdan agdyk sportçusy, şol sanda tennis ýyldyzy Maria Şarapowa-da, gadagan madda meldonium ulananlykda tutuldy.

Üýtgetmeler

Sport ministri Mutko 8-nji aprelde "TASS" habar gullugyna 1-nji ýanwarda gadagan edilen meldoniumyň ulanylmazlygy üçin möhüm üýtgetmeleriň girizilendigini aýtdy.

Ol: "Eger-de bir sportçy ýa sportçular topary oktýabr-noýabr aýlarynda meldonium ulanan bolsa, onuň ýokundylar tapylarmy ýa tapylmaz, muny bilemzok" diýdi.

Mutko "Sportsfakt" websaýtyna beren interwýusynda Orsýet WADA-nyň beren maslahatlaryny ýerine ýetirip gelýär diýdi. Ol soňra hem: "Biz WADA-nyň Orsýetiň dopinge garşy agentligi RusADA-nyň işleriniň togtadylmagy baradaky karary bilen ylalaşdyk" diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Ýöne WADA-nyň raportynyň awtory Dik Pound ýagdaýa Mutkonyňky ýaly umytly garanok. 7-nji martda Pound girizilen üýtgetmeleriň ýüzleýdigini çaklap: "Orsýet Rio dolanyp bilmese gerek" diýdi.

XS
SM
MD
LG