Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan: ten satýanlara ahlak sapaklary berilýär


Täjigistanda ten satýanlar "ahlak okuwyndan" geçmeli.
Täjigistanda ten satýanlar "ahlak okuwyndan" geçmeli.

Marziýa maşgalasynyň we iki çagasynyň öz “çyn kärinden” habarly däldigini aýdýar. Olar Marziýanyň her gün agşam awtobus bilen welaýat merkezine gitse-de, hakykatda ol ýerdäki diskotekada ofisiantka bolup işlemeýändigini bilmeýärler.

Ýöne indi ol üç hepdede bir gezek Kurgon-Tepäniň köçelerinde ten söwdasyny etmez. Sebäbi ýerli polisiýa işgärleri ony “ahlak okuwyny” geçmegi üçin hasaba aldylar.

Öz hakyky adynyň tutulmazlygyny haýyş eden Marziýa, ten satýanlaryň arasynda öz kärlerinden ýüz öwürmek üçin täze başlangyja goşulyp, şertnama gol çeken 30 zenanyň biri.

Hatlon welaýatynyň Maşgala we zenan işleri boýunça departamentiniň müdiri Kumriniso Sangaliýewa esasy maksadyň “şeýle ýola baş goşan zenanlara dogry ýoly görkezmäge kömek etmekdigini” aýdýar.

Täjigistanda şeýle görnüşdäki sapaklar agzalýan departament tarapyndan aprel aýynyň başyndan berlip başlanypdyr.

Ahlak dersleriniň açylyş dabarasy

Ten söwdasyny etmek, adatça, musulman döwletlerde günä hasaplanýar. Jeza hökmünde-de pul jerimesi salynýar. Eger bu iş gaýtalansa, onda günäkär tussag edilýär. Ten satmak häkimiýetler tarapyndan bikanun hasaplanýar we muňa hiç haçan rugsat berilmeýär.

Azatlyk Radiosy hem ýerli polisiýa işgärleri tarapyndan ten söwdasy bilen meşgul bolmakda aýyplanýan şol zenanlara berilýän ahlak sapaklarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Lukmanlar, polisiýa işgärleri we jemgyýetçilik ýolbaşçylary diňleýjilere, ahlak kadalary we iş saýlamak hakynda maslahat berýän gürrüňler bilen çykyş etdiler.

Polisiýa işgärleri ten satmagyň howplary hakynda gürrüň berip, onuň adam söwdasyna çenli eltip biljekdigini gürrüň berdiler. Lukmanlar hem jynsy ýollar arkaly ýokýan keselleriň öňüni almak we olaryň bejergisi dogruda gürrüň berdiler.

Sangaliýewa beýle okuwyň ten söwdasyny edýänleri öz kärinden ýüz öwürtmek üçin ýeterlik däldigini aýdýar. Ýöne häkimiýetler ten söwdasyny edýänlere öz durmuşlaryny täzeden gurmaga kömek edip biljekdigini görkezmek isleýärler. Bu netije “meselem, iş tapmak mümkinçiligini giňeltmek üçin olara täze hünär öwretmek ýaly” ýollar bilen gazanylyp bilner.

“Käbir zenanlar munuň bilen ylalaşýanam bolsalar, käbirleri ylalaşmaýarlar” diýip, Sangaliýewa birinji sapakdan soň gürrüň berdi.

“Maňa iş beriň, soň men muny taşlaryn”

Özüni Gulsora diýip tanadan bir zenan, arada bir gije tutulanda, polisiýanyň özüni “bu sapaklara gatnaşmaga borçly edeni sebäpli” bu ýere gelendigini aýdýar.

“Häkimiýetler munuň deregine erkeklere okuw geçmeli. Aýrylyşanlaryndan soň aýalyna we çagalaryna aliment tölemezligiň ýalňyşdygyny olara düşündirmek gerek” diýip, Gulsora sözüniň üstüni ýetirýär.

Ol Orsýetde migrant işçi bolup işleýän äri özüni mundan iki ýyl öň taşlap gidensoň, işsizlik hem-de elinden başga iş gelmänsoň, tenini satmaga mejbur bolandygyny gürrüň berýär.

Gulsora “Edýän işimiň ýalňyşdygyny bilýän. Maňa iş beriň we men bu kärimden ýüz öwreýin. Hiç kim özi isläp ten satanok” diýýär.

Täjigistanyň Saglyk ministrliginiň noýabr aýyndaky resmi barlaglarynyň netijelerine görä, bu okuwa gatnaşyjylaryň 80 göterimi ten satmak ýoluna baş goşmaklarynyň esasy sebäbini başga girdejisiniň ýoklugy bilen düşündirdiler. Olar iş tapyp bilseler, ten satmakdan ýüz öwürjekdiklerini aýdypdyrlar.

Täjigistanda işsizligiň ýokarylygy esasy mesele. Bu ýagdaý köpüsi erkeklerden ybarat 1,2 million täjik graždanlarynyň Orsýete migrant işçi bolup işe gitmegine sebäp boldy.

“Peýdaly maglumat”

Geçen ýylyň oktýabr aýynda parlament tenini satýanlara berilýän jerimäniň möçberini iki esse galdyrmak , ýagny 150 dollara ýetirmek hakynda karar çykardy. Ten satmaga gaýtadan ýüz urlanda, tenini satany iki hepde tussag etmek hakynda karar kabul edildi.

Ýöne deputatlar, jeleplere salynýan jerimäni artdyrmak bilen jelepçiligiň soňuna çykyp bolmajagyny aýdyp, bu karara garşy çykyş etdiler.

Häkimiýetler 2013-nji ýyldan bäri paýtagtda we beýleki şäherlerde jelepçiligiň güýçlenendigini we bu işe kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlaryň hem barha köp çekilýändigini aýdýarlar. Netijede häzirki wagtda Täjigistanda bu nogsanyň garşysyna göreş güýçlendi.

Zenanlar baradaky döwlet komitetiniň habar bermegine görä, 2013-nji ýylda 1,641 sany ten satýan zenan hasaba alnypdyr. Bu san ozalky ýyl bilen deňeşdirilende 25 göterim köpeldi diýildigidir.

Polisiýanyň maglumatyna laýyklykda, 2014-njy ýylda Duşenbede 275 sany jelephana bar eken. Häkimiýetleriň aýtmagyna görä, eger-de biz ondan öňki ýyl paýtagtda 180 sany jelephananyň ýüze çykarylandygyny ýatlasak, onda bu san ten satylýan öýleriň sanynyň has artandygyny görkezýär.

Statistiki maglumat ýok

Täjigistanda ten satýanlaryň umumy sany barada resmi statistiki maglumat ýok.

Hatlon welaýatynyň häkimiýetleri polisiýanyň reýdleri netijesinde tussag edilen 70 sany ten satýan zenany hasaba aldylar. Ýöne olar jelepleriň hakyky sanynyň mundan has köpdügini çak edýärler.

Ten satýanlaryň uly şäher bazarlarynyň, diskotekalaryň we awtobus duralgalarynyň golaýynda öz müşderilerine garaşyp durandygyny görse bolýar. Olaryň käbirleri topar bolup dursalar, Marziýa ýaly käbirleri ýekelikde işleýärler.

Birinji ahlak okuwyndan soňra Marziýa ýene-de merkezi bazaryň golaýyndaky köçä, ýagny ozalkyja durýan nokadyna tarap ugrady.

Marziýa häkimiýetleriň ahyrsoňunda özüne bir gowy iş tapmaga kömek etjekdigine umydynyň bardygyny bildirýär. Ol bu hakda indiki sapakda sorajakdygyny aýdýar.

Häzirlikçe bolsa Marziýa, ten satýan aýallara jynsy ýol bilen ýokýan keseller hakda we özüni mugt barladyp, jynsy keselleriň garşysyna bejergi alyp biljek keselhanasynyň nirede ýerleşýändigi hakda “käbir peýdaly maglumatlary” alyp gaýdandygyny gürrüň berýär.

XS
SM
MD
LG