Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Braziliýa korrupsionerleriň millionlaryny ýurda gaýtardy


100 amerikan dollarynyň şekili.
100 amerikan dollarynyň şekili.

Braziliýa tarapyndan ýaýradylan beýannamada korrupsiýa baş goşan resmileriň, syýasatçylaryň we biznesmenleriň häzire çenli daşary ýurt banklaryndaky hasaplarynda saklan 125 million dollarynyň döwlet gaznasyna gaýtarylandygy mälim edilýär.

Adalat ministrliginiň bildirmegine görä, bu ýurda öňki on ýyllykda gaýtarylan ogurlyk korrupsion pullaryň möçberinden sekiz esse köpdür.

Häkimiýetler güman edilýän şahsyýetler bilen geçirilen gepleşikleriň agzalýan pullaryň ýurda gaýtarylmagynda esasy rol oýnandygyny belleýärler.

Ol pullaryň aglaba böleginiň “Petrobras” döwlet nebit firmasynyň üsti bilen daşary ýurtlardaky banklarda açylan hasaplara iberilendigi mälim edilýär.

Gizlin kodlaýyn ady "Ulag ýuwmak operasiýasy" (Operation Car Wash) bolan bu operasiýanyň netijesinde onlarça syýasatçylar we firmalaryň ýolbaşçylary ýa tussag edilipdir ýogsa-da aýyplanýan, güman edilýän şahsyýet hökmünde göz astyna alnypdyr.

Derňewçileriň aýtmagyna görä, daşary ýurt hasaplarynda gizlenen pullar soňra para-peşgeş bermek üçin we ýurtdaky saýlaw kampaniýalarynda tarapgöýlük maksady bilen ulanylýar ekeni.

Braziliýada portugal dilinde çykýan "Folha de S.Paulo" atly gazet 2003-2014-nji ýyllar aralygynda ýurtdan ogurlanyp äkidilen pullaryň diňe 15 million dollara deň bölegini "repatriasiýa" etmegiň, ýagny yzyna ýurda dolap getirmegiň başardandygyny ýazýar.

2015-nji ýylda daşary ýurt banklaryndaky hasaplara goýlan ogurlyk puluň 95 milliony "Ulag ýuwmak" operasiýasynyň üsti bilen ýurda gaýtarylyp getirilipdir.

Ýurduň gaznasyndan ogurlanan pullaryň esasanam Şweýsariýanyň banklaryndaky käbir hasaplarda saklanylýandygy belli edilipdir.

XS
SM
MD
LG