Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysmaýylowa UNESCO-nyň Media azatlygy baýragyny aldy


Hatyja Ysmaýylowa.
Hatyja Ysmaýylowa.

Hatyja Ysmaýylowanyň Helsinkide UNESCO-nyň baýragyny gowşurmak üçin gurnalan dabara gatnaşýanlara ýüzlenmesi. Ýüzlenmäni žurnalist zenanyň ejesi Elmira Ysmaýylowa ýetirdi:

Azatlyk Radiosynyň işgäri Hatyja Ismaýylowa UNESCO-nyň 2016-njy ýyldaky "Guillermo Cano" diýip atlandyrylýan Bütindünýä metbugat azatlygy baýragyna mynasyp görüldi.

Baýragy gowşurmak üçin Bütindünýä metbugat azatlygy güni bolan 3-nji maýda Finlýandiýanyň paýtagty Helsinkide ýörite dabara gurnaldy. Dabarada Hatyja Ismaýylyň ejesi Elmira Ysmaýylowa onuň gatnaşyjylara ýüzlenip ýazan hatyny okady.

Ýüzlenme şundan ybarat:

”Hanymlar we jenaplar, hormatly myhmanlar. Bu gije "Guillermo Cano" atly Bütindünýä metbugat azatlygy baýragyny gowşurmak üçin gurnalan dabara hormat edip geleniňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin. Eger rugsat bolsa, jenap Canonyň hormatyna bir minutlyk dymyşlyk geçirmegi haýyş edýärin. Çünki bu baýrak prinsip, ýagny ýörelge taýdan metbugat azatlygy hem hut onuň şahsyýeti barasyndadyr.

1986-njy ýylyň 17-nji dekabrynda gazetiň redaksiýasynyň öňünde Guillermo Canonyň janyna kast edildi. (Guillermo Cano, Kolumbiýa jemgyýetine zyýan berýän neşe söwdasy mafiýasyny yzygiderli ýazgarandygy üçin hut olaryň pidasy boldy).

Ol öz işinde hemişe adalaty özüne tutaryk edinipdi, onuň gözleginde bolupdy we hiç haçan ondan dänmändi.

2016-njy ýylyň baýragynyň eýesi hökmünde bu gije, şu pursatdan peýdalanyp, sizi jenap Canonyň karýerasy we ýörelgesi barada dabara geçirmäge däl, aýgytlaýjy çäreler görmek üçin herekete geçmäge çagyrýaryn. Onuň mirasy kemter ýagdaýda. Bu gün şu ýerde jemlenişenleriň hemmesiniň etmeli gaty köp jogapkärçilikli işi bar.

Ýagdaýy aýan etmeli bolsa, Elmar Hüseýinow barada näme etdiňiz?

Ol Azerbaýjanyň Guillermo Canosydyr. Şonuň üçinem onuň eden işleri we pidasy hem bu gije şu ýerde ýatlanmalydyr. Elmar "Monitor" atly bitarap adam hukuklary žurnalynyň redaktorydy. Ol žurnal Azerbaýjanda bolup geçýän hadysalar barasynda hakykaty beýan edişi ýaly, özüniň diýseň sada žurnalistika missiýasyny hem özboluşly ýagdaýda durmuşa geçirýärdi.

Elmar 2005-nji ýylyň 2-nji martynda öýüniň bosagasynda öldürildi. Ot açylan mahaly onuň ýanýoldaşy we çagasy hem öýündedi. Ýöne onuň janyna kast eden anyklanmady. Hiç hili jenaýat işi gozgalmady we ol barada aladalananam bolmady. Onuň öldürilmegi, Azerbaýjanda žurnalistlere garşy edilip, jezasyz galan ençeme jenaýatlaryň birine öwrüldi. Guillermo Canony ýatlaýşymyz ýaly Elmar Hüseýinowy hem ýatlamalydyrys. Şeýle ägirtleriň hakykat üçin eden hyzmatlary eýesiz galmaly däldir.

Indi bolsa özüm hakda aýdasym gelýär. Size bu haty tussaghanadan ýazýandygymy bilýärsiňiz. Men näme jenaýat etdim? Men diňe derňew žurnalistikasy bilen meşgullandym. Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew we onuň maşgala agzalaryna degişli korrupsiýany ýüze çykardym. Näme üçin günäkärlendim? Etmişimi subut edýän haýsam bolsa bir subutnama görkezilmese-de, maňa garşy bir şaýat hem çykyş etmese-de, sudda maňa 7 ýarym ýyl azatlykdan mahrum etmek jezasy berildi. Ýöne kärdeşim hem eziz dostum Elmardan tapawutlylykda men tussaglykda bolsam-da, hakykat ýolunda häzirlikçe sag-aman we diri. Ýöne, tussaglyk meniň ýekelikde alyp barýan göreşimi dowam etdirmegime päsgel berýär.

Şonuň üçinem size ýüzlenýärin! Žurnalistler sem edilen mahaly, adamzat azap çekýändir. Bu sebäpden hut şeýle garaýşa görä, žurnalistleriň öldürilmegi adamzada garşy edilen jenaýatdyr. Bu gije bu ýere jemlendiňiz. Ýöne sizden haýyş edýärin, meniň eden işlerimi we özümi mahabatlandyrmaň. Özüňizi metbugat azatlygy we adalat ugrunda edilmeli işlere bagyş ediň.

Indi Guillermo Cano, Elmar Hüseýinow we meniň bilen arabaglanyşykly bolduňyz. Hemmämiz fundamental hak-hukuklarymyza edilýän hüjümler, adalata garşy duşmançylyk, obýektiwlige äsgermezçilik zerarly, hakykatyň inkär edilmegi bilen mertebämiz peseldi we adamçylyk mertebämizi ýitirdik. Bu gije bu ýerde metbugat azatlygyna hormat üçin jemlenen bolsak, onda bu ugurda göreşjekdigimize hem ant içmelidiris.

UNESCO-nyň, dünýädäki adamzat medeniýeti we ählumumy gymmatlyklary goraýjy hökmünde bizi şeýle missiýada birleşdirmegi hem uly hormata mynasypdyr. Bu günki bilelikde hereket etmek çagyryşyna nämeler degişli? Hemmämiz - raýatlar, guramalar we döwletler üçin, ynha, şeýle:

Hakykaty gorasynlar, hakykat üçin sorag bermekden çekinmesinler, tankydy pikir etsinler. Syýasy bähbitlere görä, hakykata garşy hiç hili bahana kabul edilmesin. Jemgyýetler, öz içerki medeni goragy we tankydy bolmazdan ösüp, kämilleşip bilmez. Närazylyk, raýaty azatlykdan mahrum etmäge sebäp bolmaly däldir.

Korrupsiýa bilen göreşiň, hökümetlerimizden we hyzmatdaşlarymyzdan agzybirlikde kanunyň üstünligini goramagy talap ediň. Korrupsiýa, elhenç bela we hemme gymmatlyklary düýbünden ýok edýär. Muny hiç haçan ýatdan çykarmaň we oňa hiç wagt goldaw hem mümkinçilik bermäň. Adama hormat goýulmaýan ýerde, howpsuzlygy we halkara standartlary gaty ökdelik bilen aýak astyna alýanlardan bähbitli hyzmatdaşlyk tama etmäň.

Gorkmaň! Bu iş pida bolanyňa degýär.

Menden owal edilen işleri we berlen pidalary, şeýle-de mundan beýläk ediljek işleri göz öňünde tutup, men umytly ýagdaýda maňa mynasyp görlen bu baýragy kabul edýärin. Meniň bilen bilelikde azatlyk we hakykat üçin göreşiň!”

Bu baýragyň pul sowgady 25 müň dollar. Bu baýrak Kolumbiýaly žurnalist Guillermo Cano Isazanyň hormatyna döredilen. Ol žurnalist, 1986-njy ýylyň 17-nji dekabrynda "El Espectador" atly gazetiň ofisiniň öňünde öldürildi.

Hatyja Ismaýylowa ykdysady aýyplamalar esasynda 7 ýarym ýyl azatlykdan mahrum edildi. Žurnalist özüne ýöňkelen aýyplamalary ret edýär we öz alyp baran žurnalistiki işleri sebäpli tussag edilendigini aýdýar.

Amnesty International guramasy, Hatyja Ysmaýylowany wyždan ýesiri diýip yglan etdi.

Azerbaýjan hökümeti bolsa ýurtda syýasy ýa-da wyždan ýesiri tussaglaryň ýokdugyny öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG