Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýete garşy seljeriş işi açyldy


Rus janköýerleri stadiondaky howpsuzlyk böwetlerini böwsüp geçdiler.
Rus janköýerleri stadiondaky howpsuzlyk böwetlerini böwsüp geçdiler.

Ýewropanyň futbol dolandyryş guramasy, UEFA, 11-nji iýunda Fransiýanyň Marsel şäherinde rus we iňlis janköýerleriniň arasynda bolan çaknyşyklardan soň, Orsýetiň garşysyna tertip-düzgün seljerişligini açdy.

«Stade Velodrome» meýdançasyndaky zorlukly waka Angliýa bilen Orsýet 1-1 bolanyndan soň, rus janköýerleriniň stadiondaky iňlis goldawçylaryna tarap ylgap, gapma-garşylykdaky janköýerleri bir-birinden aýyrýan howpsuzlyk böwetlerini böwsüp geçmekleri bilen başlandy.

UEFA Orsýetiň köpçülikleýin bidüzgünçilikde, jynsparaz gylyklarynda, feýerwerk atmakda aýyplanandygyny aýtdy. UEFA -nyň kontrol, etika we tertip-düzgün guramasy Orsýetiň işine 14-nji iýunda, 15-nji iýunda Slowakiýa bilen bolmaly ikinji ýaryşyndan öň sereder.

Iňlis futbol birleşiginiň garşysyna iş açylmady.

Orsýetiň sort ministri Witaliý Mutko özüniň UEFA-nyň Russiýanyň Futbol bileleşigine garşy köpçülikleýin bidüzgünçilik sebäpli seljerişlik açmasy bilen ylalaşýandygyny aýtdy.

UEFA 12-nji iýunda, Fransiýanyň bu ýaryşda ulanylýan 10 stadionynyň içindäki howpsuzlyk çärelerine gaýtadan seretmek üçin, adatdan daşary maslahat geçirdi.

"UEFA Marseliň şäher merkezinde bolan zorlukly çaknyşyklar, Stade Velodrome meýdançasynyň içinde, oýnuň ahyrynda bolan hadysalar üçin çuňňur nägileligini beýan edýär» diýip, UEFA aýtdy. "Bu hili boluşlar düýpden kabul ederlik däl we beýle zatlara futbolda orun bolmaz."

UEFA sanksiýalaryň girizilip-girizilmejegi baradaky kararyň gelýän birnäçe günde belli boljagyny aýtdy.

UEFA paneliniň sudýalarynyň mejlisinde orsýetli janköýerleriň mundan öňki zorlukly hereketleri, şol sanda olaryň Polşada, Ýewro – 2012 ýaryşlary mahalynda stadionyň howpsuzlyk işgärlerineeden hüjümleri hem nazara alnyp biler.

Şu aralykda fransuz mediasy 11-nji iýun güni giçlik Fransiýanyň günortasyndaky Nissa şäherinde demirgazyk irlandiýaly jankörler bilen ýerlileriň arasynda bolan çaknyşyklar barada habar berdi.

Bu zorluk janköýerler bilen pitnä garşy polisiýanyň arasyndaky çaknyşyga hem ýazdy we, aýdylmagyna görä, ýedi adam ýaralandy.

Marselde bu wakalardan iki gün ozal, 11-nji iýundaky ýaryşdan öň hem, şäheriň başga bir böleginde orsýetli, angliýaly we fransiýaly futbol janköýerleriniň arasynda çaknyşyk döräp, dartgynlylyk emele gelipdir.

BBC Marseliň köne portundaky žurnalistlere salgylanyp, olaryň «gara eşik geýen orsýetlileriň esasy meýdança köçe tarapdan girip, «görnetin garpyşyk gözländigini» aýdýandygyny habar berýär.

Emma BBC-niň meýdançadaky habarçysy iňlis janköýerleriniň hem çaknyşandygyny, fransuz polisiýasyna çüýşe zyňandygyny, fransuz häkimiýetleriniň ahyrynda olary meýdançadan kowmak üçin göz ýaşardyjy gaz we suw toplaryny ulanmaly bolandygyny aýdýar.

Fransuz polisiýasy 11-nji iýundaky ýaryşdan öň azyndan 6 adamyň tussag edilendigini, çaknyşyklarda azyndan 5 adamyň ýaraly bolandygyny, çaknyşyklaryň bolsa giçlik we irden hem, şäheriň dürli böleklerinde dowam edendigini aýdýar.

Olar tutulanlaryň we ýaraly bolanlaryň milletini aýtmadylar.

Fransuz gazetleri 12-nji iýun güni irden Marselde we Nissede azyndan 44 adamyň ýaraly bolandygyny habar berdiler.

Fransuz polisiýasynyň sözçüsi azyndan bir britaniýalynyň ýaryşdan öňki çaknyşykda ýaraly bolandygyny aýtdy.

Britaniýanyň daşary gatnaşyklar edarasy fransuz häkimiýetleri bilen Marselde, 11-nji iýundaky ýaryşdan öň agyr ýaralanan britaniýaly barada habarlaşandygyny aýtdy.

11-nji iýunda Marsel sudunda üç angliýaly, bir fransuz aýaly öňki gün baş goşan zorlukly hereketleri üçin aýyplandy.

Marselde 11--12-nji iýunda 15 adam tussag edildi.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG