Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý: okuwçylaryň "ölümli ýoly"


Hytaýly çagalar.
Hytaýly çagalar.

Günorta-günbatar Hytaýyň çet künjeginde Atulir atly bir dag şäherçesi bar. Indi ol şäherçe bütin dünýäde meşhur. Şäherçä meşhurlyk gazandyran zat bolsa, onuň örän hatarly dag ýollarydyr. Ol şäherçäniň okuwçylarynyň mekdebe barýan ýoly hem örän howply gaýalaryň üstünden geçýär. Ol gaýalara örän howply diýmegem, aslynda gaty bärden gaýdýar...

6 bilen 15 ýaşyň arasyndaky ondan gowrak okuwçy her iki hepdeden bir gezek şol hatarly gaýaly ýoldan geçmeli bolýarlar. Olar, kompýuter tälimini berýän okuw jaýyna gitmek üçin, belentligi 800 metre baryp ýetýän hatarly gaýa dyrmaşmaly bolýarlar. Olar munuň üçin gaýanyň ýüzüne berkidilen her biri onlarça şahadan ybarat bolan 17 sany bambukdan ýasalan merdiwandan peýdalanýarlar. Arkasynda agyr mekdep torbasy bolan okuwçylar, daglaryň arasynda ýerleşýän şäherçeden mekdebe gatnamak üçin, her gün 800 metr belentlikdäki gaýa ýaňky ýaly dyrmaşmaly bolýarlar. Şonuň üçinem ol okuwçylar göýä alpinist ýaly.Ýöne olar adaty okuwçy, ýagny alpinist däl. Olary alpinist ýaly bolmaga mejbur edýän bolsa mekdebiň ýoly, ýagny mekdebiň aslynda hiç haçan bolmadyk ýoly.

Ol şäherçe Siçuan welaýatynyň Lýanşan Ýi özerk sebitinde ýerleşýär. Şäherçä barmak üçin örän hatarly ýollardan geçmeli bolýar. Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, olar gözüni dünýä açandan bäri hemişe şol bambukdan ýasalan merdiwanlardan peýdalanyp gelýärler. Bambuk şahalaryndan haýsy hatarda çyksa, derrew ony täzesi bilen çalşyp, ulanmagy dowam edýärler.

Bambugyň deregine demirden merdiwan söz berlipdir

Ýöne häkimiýetler, gysga wagtyň içinde bambugyň deregine olara görä howpy has az demir merdiwanlar guruljakdygyny söz berýärler. Eger bu durmuşa geçse, onda bu wagtal-wagtal öz ösdürip ýetişdirýän önümlerini golaýdaky bazarlara satmaga äkidýän ýerli ilat üçin diýseň amatly ýagdaý döreder. Ýöne berlen söz käşgä hemişe berjaý ediläýse.

Kommunistik partiýanyň şäherçedäki bölüminiň ýolbaşçysy Jikejingsong, şäherçe üçin iň wajyp meseläniň ýol bolup durýandygyna aýratyn nygtap, "Ýol kynçylygy çözülse, onda şäherçe üçin täze ykdysady we turizm mümkinçilikleri dörär" diýýär.

Ýöne demir merdiwanlar hem meseläniň wagtlaýyn çözgüdidir. Sebit hökümetiniň transport, magaryf we ýerli häkimiýetler baradaky edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan 50 adamlyk bir topar geçen hepde ol şäherçä baryp görüpdir. Tebigy şertler o diýen oňaýly bolmasa-da, täze ýol gurmak plany barasynda hem gürrüň gozgalypdyr.

Atulir şäherçesiniň ýaşaýjylary Ýi milli azlygynyň wekilleridir. Olar pagsa, gamyş we tagtadan ýasalan öýlerde ýaşaýarlar. Aslynda Hytaýda milli azlyklaryň aglaba köpçüligi şuňa meňzeş durmuş şertlerinde ýaşaýarlar.

Bambuk merdiwanlar bilen gaýa 2 sagatlap dyrmaşýarlar

Şäherçäniň ýerli ýaşaýjylary "Chına Daily" gazetine beren gürrüňinde, bambukdan ýasalan merdiwanlar bilen gaýa 2 sagatda dyrmaşyp çykýandyklaryny aýdýarlar. Aşak düşmek bolsa has az wagty alýar ekeni, ýagny ýarym sagat.

Kimde-kim tapdan düşüp, ýoly dowam etmäge hiç mydary galmasa, başga biri ony öz biline daňyp, alyp çykýar. Aşak gaýdyşyn bolsa, tapdan düşenler iki adamyň goldawy bilen düşürilýär.

Şäherçäniň ýolbaşçysy Api Jitiniň aýtmagyna görä, häzire çenli şol ýoldan gatnaýanlardan 7-8 adam aşak gaçyp ölupdir. Gaty köp adama bolsa şol ölüm howply ýol sebäpli şikes ýetipdir.

Fotograf Çen Jie üç günläp şol şäherçede ýaşapdyr. Olaryň "ölümli ýoldan" gatnaýşyny surata düşüripdir. Onuň "The Guardian" gazetine beren maglumatyna görä, bambuk merdiwanlardan dyrmaşyp düşýän mahalyň sähelçe-de ünssüz säginmäge maýyň bolmaýar. Çünki adamyň sähel ünsüniň gowşamagy gaýadan aşak gaçmagyna getirýär. Çen Jie, Atulir şäherçesinde ýaşaýan çagalara ilkinji gezek duş gelende, ör-gökden gelendigini aýdýar. Ýerli halkyň arasynda 3 gün bolan fotografyň aýtmagyna görä, "olaryň ýaşaýşy ajy jebir”...

XS
SM
MD
LG