Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sakgally özbekleri futbol görmäge goýbermändirler


Karikatura.
Karikatura.

Özbegistanyň Buhara şäherinde "Buhara" we "Nawbahrom" futbol toparlarynyň arasynda bolan dostluk duşuşygyna stadionda tomaşa etmäge sakgally adamlary goýbermändirler. Geçen aýyň ahyrynda bolan bu waka döwründe stadionyň bosagasynda duran polisiýa işgärleri olara sakgalyny syryp gelmegi maslahat beripdirler.

Bir futbol janköýeriniň aýtmagyna görä, ol özüniň gowy görýän futbol toparynyň duşuşygyna tomaşa etmek üçin golaýdaky dellekhana baryp, sakgalyny syrdyryp gelmeli bolupdyr.

“Biz futbol görmäne stadiona bardyk. Girelgäniň öňünde müňlerçe adamdan ybarat märeke bardy. Ýönekeý geýimli bir adam meni bir gyra çekip, şeýle diýdi: "Bar, sakgalyňy syryp gel, ondan soň girersiň". Menem oňa şeýle diýdim: "Näme üçin beýle? Sakgalsyz gelmelidigi barada hiç kim öňünden habar bermedi ahbetin?". Ol bolsa şeýle jogap berdi: "Inijik, men saňa adamkärçilikli aýdýaryn". Onsoň men daş-töweregime garadym. Bir çetde ýene-de dört sany sakgally adam durdy. Ahyry men bialaç stadiondan 300 metr uzakda ýerleşýän dellekhana gitdim we sakgalymy syrdyryp gaýtdym” diýip, futbol janköýeri gürrüň berýär.

“Sakgally ýaşlary stadiona goýberenoklar”

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlik geçiren "Buhara" futbol toparyna janköýerlik edýän fan-klubunyň lideri, sakgallylaryň stadiona goýberilmejekdigi barasynda dilden berlen buýrugyň bolandygyny tassyklaýar: “Sakgally ýaşlary stadiona goýberenoklar. Ýöne 40-45 ýaşynda sakgal goýberenlere stadiona girmäge rugsat berýärler. Edil häzir hemme ýerde hut şeýle düzgün bar”.

Ýöne, futbol duşuşygyna bilet satylýan mahaly hiç kim sakgally janköýerleriň stadiona salynmajakdygy barada duýduryş bermändir. Şol bir wagtyň özünde stadionyň daşynda hem şeýle gadagançylygyň bardygy hakda bildiriş goýulmandyr.

“Olara kyn däl-ä "Sakgallylara girmek gadagan" diýen bir bildiriş goýmak!” diýip, bir futbol janköýeri özüniň nägileligini bildirýär.

Adam hukuklaryny goraýanlar kanun goraýjy organlaryň görýän şeýle çärelerine adam hukuklaryny bozmak hökmünde baha berýärler.

“Sakgally ýaşlar saklany, soraga çekilýär”

“Salgally musulmanlaryň jemgyýetçilik ýerine goýberilmezligi barada görülýän çäreler, gönüden-göni adam hukuklaryny çäklendirmek hasaplanýar” diýip, Fransiýada ýerleşýän "Merkezi Aziýada adam hukuklary" atly bileleşigiň ýolbaşçysy Nadežda Ataýewa belleýär.

Özbegistanyň musulmanlarynyň dini edarasynyň wekilleri hem, musulmanlardan şeýle zady talap etmäge hiç kimiň hakynyň ýokdugyny nygtaýar: “Sakgal goýbermek, musulmanlar üçin pygamberiň sünneti hasaplanýar. Adamlary şeýle sebäpden alalamak kanuna garşy” diýip, şol guramanyň ýolbaşçylarynyň biri Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna beren interwýusynda aýdýar.

Mundan owal Radionyň çeşmeleri soňky wagtlarda Özbegistanda sakgalyny biraz ösdüren ýaş studentleriň sapaga goýberilmeýändigi barasynda maglumat beripdi. Şonuň ýaly-da sakgal goýberen ýaşlary köçede ýöräp barýarka ýa-da bazarda gezip ýörkä polisiýa bölüminiň işgärleriniň saklaýandygyny we sorag etmäge äkidýändigini gürrüň beripdiler.

Geçen ýyl Radiomyza gelip gowşan maglumata görä, hyjaply zenanlara we ak tahýaly erkek adamlara Kokandyň merkezi bazaryna barmak gadagan edilipdi.

XS
SM
MD
LG