Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeçen bosgunlary ÝB-den başpena almaga synanyşýar


Brest demir ýol wokzalyndaky ýolagçylar.
Brest demir ýol wokzalyndaky ýolagçylar.

Belarusyň Brest şäherinden Polşanyň serhet şäheri Terespola geýlän otly her gün adamdan dolup gelýär. Adatça, üç-dört wagonly otlynyň indi sekiz wagony bar.

"Özüň görmeseň, ynanmarsyň" diýip, 32 ýaşly Magomed Kadyrow aýdýar. "Kime ynam etjegimi, kime aýtjagymy bilemok. Serhet ofiserleri bize gulak asanoklar. Geçjek bolýan kän. Düýn-öňňin ýedi ýüzden hem köpdi. Brestden serhede gatnaýan otly indi uzyn, ýedi-sekiz wagony bar. Bütinleý doly. Indi bizlerden gelýänler gitdigiçe köpelýär".

Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz respublikasy Çeçenistanyň azyndan müň raýaty häzir Brestde Ýewropa Bileleşiginden başpena almagy umyt edýär. Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen gürleşenleriň aýtmagyna görä, bosgunlyga sebäp bolýan çeçen lideri Ramzan Kadyrowyň hyzmatyndaky döwlet işgärleriniň edýän zulum-sütemi, zorlukly taktikalary.

"Biziň döwlet işgärlerimiz üçin hiç bir kanun ýok. Olar diňe garakçylygyň ýollaryny bilýärler. Ýagdaý barha ýaramazlaşýar. Adamlar gorkyň içinde saklanýar. Bosgunlaryň sanynyň artmagynyň sebäbi şeýle" diýip, adynyň berilmezligini haýyş eden bir çeçenistanly gürrüň berýär.

Ikinji çeçen urşy

Polşanyň daşary ýurtlular baradaky edarasynyň bildirmegine görä, 2004-nji ýylda ikinji çeçen urşy başlaly bäri Orsýetiň 70 müňden agdyk raýaty başpena sorap Polşa gelipdir. Üstümizdäki ýyl gelenleriň sany entek belli bolmasa-da, 2013-nji ýylda başpena soran ors raýatlarynyň sany 13 müňe golaý.

Magomed Kadyrow - çeçen lideri Kadyrowyň garyndaşy däl - öý-owzaryny taşlap, uly maşgalasy bilen ýola düşmek kararyna aprel aýynda gelipdir. Ol özüniň Çeçenistanyň Terkýist regionyndaky oýünden ogurlanyp, on günläp ýaragly adamlar tarapyndan saklanandygyny aýdýar. Olar çeçen häkimiýetleriniň garşysyna partizan söweşini alyp barýan toparyň içindäki bir garyndaşy hakda maglumat edinmek üçin ony urup-ýenjip, horlapdyrlar.

Olaryň elinden sypansoň Kadyrow ähli zadyny satyp, öz aýaly Zainar we alty çagasy bilen birlikde Breste gaçyp gaýdypdyr. Brestdäki çeçenleriň aglabasy ýaly, Kadyrow-da özüne we maşgalasyna dolanara ýol ýokdugyny bilýär. Ýöne bosgunlar Polşa gelenlerinden soň köplenç yzlaryna iberilýär.

Azatlyk Radiosy bilen üstümizdäki aýyň başlarynda gürleşende Zainar Kadyrowa şeýle diýdi: "Şu gün käbir adamlar 22-nji gezek synanyşyk etdiler. Beýlekileriň onunjy synanyşygy".

Brestde galmak zat gowy däl

"Biz Çeçenistanda öz oýümizi, awtoulagymyzy satdyk" diýip, adynyň berilmezligini soran bir aýal aýdýar. "Galan zat ýok. Indi pulumyz tükenip gelýär, näme boljagyny bilýän ýok. Brestde galýan ýerimize her gün 25 ýewro töleýäris. Onsoň nahar-da gerek. Geljek üç-dört gün üçin ýeterlik pulumyz bar. Ondan soňra näme bolar, bilemok. Bu barada pikir etmäge-de gorkýaryn".

"Ozal bolmadyk täze zatlar bolýar. Özlerine adwokat diýýänler aýlanyşyp, Polşanyň serhedinden sizi aşyraly diýip, adamlardan pul alýarlar" diýp, Kadyrow aýdýar.

Ol soňra hem: "Olar biz serhet işgärleri bilen gepleşikler geçirýäris diýip, adamlary aldaýarlar. Pul alanlaryndan soň hem gürüm-jürüm bolýarlar" diýip, sözüniň üstüne goşýar.

Bosgunlaryň käbiri özleriniň Çeçenistanyň hökümdarynyň eliniň bu ýerlere-de ýetmeginden gorkýandyklaryny aýdýarlar.

Brestiň wakzalynda aýaly we iki çagasy bilen duran bir çeçen: "Dogrymy aýtsam, bu ýerde gorkýaryn. Kadyrowyň adamlarynyň Brestde we hatda ýurt daşynda hem bolmagy mümkin. Men özümi ne bu ýerde, ne-de Polşada howpsuzlykda duýýaryn" diýýär.

24 adam “ogurlandy”

Ol Çeçenistanda döwlet işgärleriniň "hepdede üç gezek gelip", özünden "paç" sorandyklaryny aýdýar.

Kakasy, ýagny Çeçenistanyň öňki prezidenti Ahmet Kadyrow öldürileninden az wagt soň, 2004-nji ýylda häkimiýet başyna gelen Ramzan Kadyrow şondan bäri ýurtda höküm sürüp gelýär. Ol halkara, şeýle hem Orsýetiň adam hukuklaryny gorap çykyş edýän guramalary tarapyndan bu hukuklary gödek bozmakda birsyhly tankytlanyp gelýär. Hökümet işgärleriniň Kadyrowyň syýasy garşydaşlarynyň we tankydy žurnalistleriň öldürilmeginde elleriniň bardygy aýdylýar.

Orsýetiň adam hukuklary guramasy "Memorial" üstümizdäki ýylyň birinji kwartalynda Çeçenistanda 24 adamynyň ogurlanandygyny aýdýar. Olaryň köpüsi gorkuzylanyndan ýa urlup-ýenjilenlerinden soňra boşadylypdyr.

Serhetden geçmek

Aprel aýynda taryh alymlary Rizwan Ibragimow bilen Abubakar Dediýow ogurlanyp, birnäçe günlap saklandylar. Boşadylanlaryndan soňra olar döwlet telekanalynda çykyş edip, 1944-nji ýylda çeçenleriň Sowet diktatory Iosef Stalin tarapyndan sürgün edilendigi barada barlag işlerini alyp barandyklary üçin ötünç soradylar.

Şol wagtlarda çeçenistanly şahyr hem bagşy Huseýn Betelgeriýew-de ýaragly adamlar tarapyndan ogurlandy. Kimlikleri näbelli adamlar ony iki hepde saklap, rehimsizlik bilen urup-ýenjipdirler. Ol özüniň sosial mediada eden tankydy beýanatlary we Çeçenistanyň konstitusiýanyň kabul edilen güni mynasybetli hökümet tarapyndan gurnalan üýşmeleňe gatnaşmagy ret edendigi üçin jezalandyrylandygyna ynanýar.

28-nji iýunda Magomed Kadyrowa öz maşgala agzalary bilen birlikde serhetden Polşa geçmek başartdy. Degişli resmiler olaryň başpena sorap beren arzasyna garaýança - aýdylyşyna görä, takmynan bir ýyllap - olara ýurta galmaga "çydamlylyk statusy" berildi.

Olar Polşanyň bosgunlar üçin ýörite döredilen kabul ediş merkezine iberildiler. Ýöne arzalary kabul ediler diýen umyt ýokary däl. Kadyrowyň ýagdaýyndaky bosgunlaryň arzalary köplenç ret edilip, ýurtdan çykarylýar.

XS
SM
MD
LG