Şu günler Aşgabadyň awiabilet satylýan edarasynda adamlaryň uly nobatlarynyň emele gelendigi, olaryň azyndan dört sagatlap öz nobatynyň ýetmegine garaşmaly bolýandygy habar berilýär.
Bu ýagdaýyň sebäpleri barada resmi taýdan düşündiriş berilmese-de, ýaşaýjylar munuň sebäbini tomusky dynç alyşlarynda syýahat ýa-da okuw üçin daşary ýurtlara gidýän raýatlaryň sanynyň köpelmegi bilen düşündirýärler.
Azatlyk Radiosy bu barada jikme-jik maglumat almak üçin Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeş boldy.
Diysen yerlikli bellap geçilen sozler. Sagbolun.